"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

«Walt Dis­ney» se­ýil­gäh­le­ri ýe­ne gir­de­ji­li

Güý­men­je mer­kez­le­ri­niň hyz­mat­la­ra gaý­dyp gel­me­gi ne­ti­je­sin­de, «Walt Dis­neý» üç aý bä­ri müş­de­ri­le­ri­ne hyz­mat edip, bu ul­gam­da tu­ruw­baş­dan gir­de­ji­si­ni art­dyr­dy. «Walt Dis­ney»-iň hü­när­men­le­ri ýa­kyn­da mow­zuk se­ýil­gäh­le­ri bö­lüm­le­rin­den ABŞ-nyň 22 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­za­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di­ler. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 158,43 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«Sea­ga­te Ral­ly»: ha­sa­bat we tä­ze am­mar teh­no­lo­gi­ýa­sy

«Sea­ga­te» kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen hep­de gir­de­ji­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ni çap edip, gib­rid sak­la­ýyş in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ula­ny­jy­la­ra hö­dür­le­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «Sea­ga­te»-iň her bir paý­na­ma­dan alan gir­de­ji­si ABŞ-nyň 2,28 dol­la­ry­na, nagt we şo­ňa meň­zeş paý­na­ma­lar­dan alan gir­de­ji­si bol­sa ABŞ-nyň 991 mil­lion dol­la­ry­na ýet­di. Öňü­miz­dä­ki çär­ýek­de kom­pa­ni­ýa, tak­my­nan, ABŞ-nyň 3,1 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­zan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 108,12 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«American Tower» «CoreSite»-i satyn alar

Ge­çen hep­de bag­la­şy­lan şer­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ame­ri­ka­nyň sim­siz ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň ope­ra­to­ry «Ame­rican To­wer» kom­pa­ni­ýa­sy goz­gal­ma­ýan em­lä­giň ma­ýa go­ýu­jy­sy­ «Core­Si­te Real­ty» kom­pa­ni­ýasy­ny ABŞ-nyň 10,1 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn alar. «Ame­rican To­wer» «Core­Si­te»-niň her paý­na­masy üçin ABŞ-nyň 170 dol­la­ry­ny nagt tö­lär. Yla­la­şy­gyň res­mi­na­ma iş­le­ri­niň şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa ABŞ-da, Mek­si­ka­da, Bra­zi­li­ýa­da we Hin­dis­tan­da, tak­my­nan, 30 000 öý­jük­li diň­le­re we beý­le­ki teh­ni­ki des­ga­la­ra eýe­çi­lik ed­ýär.

«Nvidia» üçün­ji çär­ýek­de re­kord gir­de­ji ga­zan­dy

«Nvidia» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýylyň üçün­ji çär­ýegin­de ABŞ-nyň 2,464 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de aras­sa gir­de­ji ga­zan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ösüş gör­ke­zi­ji­si 84% ýo­kar­lan­dy. Müşderileriň kompaniýanyň önümlerine bolan isleginiň barha artmagy bilen, girdejileriň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar.

«Lu­sid Air» ýy­lyň aw­tou­la­gy baý­ra­gy­ny al­dy

Ame­ri­ka­nyň meş­hur «Mo­torT­rend» aw­tou­lag žur­na­ly ge­çen hep­de ABŞ-nyň elektro­mo­bil­le­ri ön­dür­ýän «Lu­sid» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dö­re­den «Air» aw­tou­la­gy­nyň 2022-nji ýy­lyň «Mo­tor Trend Car of the Year» aw­tou­lag baý­ra­gy­na eýe bo­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. «Mo­tor Trend»-iň mag­lu­ma­ty­na la­ýyk­lyk­da, «Lu­sid Air»-iň gör­ke­zi­ji­le­riň esa­sy al­ty­sy­nyň her bi­rin­de ýo­ka­ry neti­ji­le­ri gazanandygy ba­ra­da aý­dyl­ýar. Bu pu­dak­da aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­çi­li­ge goý­be­ren il­kin­ji aw­tou­la­gy­nyň baý­rak al­ma­gy il­kin­ji ge­zek­dir. «Mo­torT­rend» öz ha­ba­ryn­da «Lu­sid Air»-i elektrik ulag­la­ry­nyň tä­ze eta­lo­ny di­ýip at­lan­dyr­dy.

«App­le» öz­baş­dak be­jer­mek mak­sat­ly äti­ýaç­lyk şaý­la­ry sa­tar

Ame­ri­kan «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy müş­de­ri­le­ri üçin «iP­ho­ne» we «Mac» elekt­ron en­jam­la­ry­nyň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ny sa­tyn al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­der. Bu ula­ny­jy­la­ra en­jam­la­ry­ny di­ňe bir ýö­ri­te­leş­di­ri­len hyz­mat mer­kez­le­rin­de däl, eý­sem, öz­baş­dak abat­la­ma­ga hem müm­kin­çi­lik be­rer. Mu­nuň üçin «App­le» tä­ze on­laýn-dü­ka­ny­ny açar, on­da 200-e go­laý äti­ýaç­lyk şaý­la­ry sa­ty­lar. Dü­kan­da il­kin­ji no­bat­da ek­ran­la­ry, ba­ta­re­ýa­la­ry we ka­me­ra­la­ry be­jer­mek üçin en­jam bö­lek­le­ri sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da öz­baş­dak be­jer­mek 2022-nji ýy­lyň ba­şyn­da, «App­le»-iň beý­le­ki ýurt­lar­da­ky müş­de­ri­le­ri­ne bol­sa şol ýy­lyň do­wa­myn­da el­ýe­ter bo­lar.

Abuna — 2022

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary! Size 2022-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin «Watan» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris.

Sanly ulgam — üstünligiň açary

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyz belent üstünliklere eýe bolýar. Halk hojalygyny sanly ykdysadyýete geçirmek üçin alnyp barylýan uly işler ýurdumyzda üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuş ulgamynyň ösüşinde ählumumy ykrarnama eýe bolýan bu işlerde, ozaly bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ylym, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sanlylaşdyrmagyň barşynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap ugur alynýandygy, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin ýokary bilimli, başarjaň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylýandygy uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen beýik işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär. Nebitgaz senagatynda, elektrik energetikasynda, himiýa we dokma senagatlarynda, agrosenagat toplumynda, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, durmuş infrastrukturasynda, hyzmatlar ulgamynda hem-de beýleki pudaklarda täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün

Döwrebap mümkinçilikler

Sanly ykdysadyýet — bu sanly tehnologiýalara esaslanan, elektron işewürlik, elektron söwda we olar bilen öndürilýän hem-de sarp edilýän elektron harytlaryň we hyzmatlaryň jemidir. Başgaça aýdylanda, sanly ykdysadyýet sanly kompýuter tehnologiýalaryň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşykly ulgamdyr. Bu gün Ýer ýüzüniň ýarysyndan gowragy internetden peýdalanýar. Barlaglaryň netijesi 100-den gowrak döwletlerde sanly ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny we ösüş potensialyny görkezdi. Türkmenistan döwletimiz hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi üçin ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.

Abuna — 2022

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary! Size 2022-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin «Watan» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda rowaçlanýan ykdysady, medeni ösüşler alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly bilim ulgamynyň durmuşymyza çuňňur ornaşmagy bilen ýaşlaryň bilim almagy, ylym öwrenmegi, hünär edinmegi, ylmy çeşmelerden peýdalanmagy ýeňilleşdi. Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesiniň döredilmegi we halkymyzyň ondan peýdalanmagy üçin ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Türkmenistanyň özüniň ilkinji «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny uçuryp, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy örän guwandyryjy wakadyr. Netijede, ol adaty hem-de ýokary mümkinçilikli teleýaýlymlaryň onlarçasyny alyp görkezmäge şert döredýär. Şeýle hem halkymyzyň ýurdumyzda gündelik çykýan gazet-žurnallar, täzelikler we wakalar bilen tanyşmaklaryna giň mümkinçilik

Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilik

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda innowasiýalara daýanýan sanly ulgama geçmek, şol sanda sanly bilim we ylym, sanly ykdysadyýet, sanly lukmançylyk, önümçiligi sanlylaşdyrmak, galyberse-de, dünýäniň sanly ulgamyna goşulmak babatda işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyna geçmäge, sanly tehnologiýalara erk edýän, ýokary başarnykly hünärmenleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Geljekde Watanymyzy ähli ugurlarda ösüşlere alyp gitjek ýaşlaryň dünýäniň tehnologik çözgütleri babatda iň täze gazananlaryndan baş çykarýan, döwrebap programma üpjünçiliklerini işläp düzýän we taýýarlaýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda birnäçe wezipeler öňde goýuldy. Bu wezipeler hem-de döwrüň talaby göz öňünde tutulyp, hünärmenlerimiziň we talyplarymyzyň zehinine, intellektual baýlygyna daýanylyp, birnäçe taslamalar, programma üpjünçilikleri işlenip düzülýär, tehnologik çözgütler taýýarlanylýar. Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», sanly ykdysadyýeti ösdürme

Milli ykdysadyýetiň kuwwatly ulgamy

Biziň ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamy hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly depginlerde ösýär. Muňa däp boýunça her ýyl ýurdumyzda geçirilýän Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň halkara maslahaty-da şaýatlyk edýär. Bu ýyl «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara maslahat onlaýn görnüşinde geçirilip, onuň ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, şol bir wagtyň özünde hem bu ulgamda hyzmatdaşlyk edýän kärhanalardyr ylmy edaralar bilen tejribe alyşmakda uly ähmiýeti bardyr. Maglumatlar zamany bolan häzirki döwürde milli we daşary ýurt hünärmenleriniň özara bähbitli gatnaşyklary, tejribe alyşmaklary bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine täsirini ýetirýär. Telekommunikasiýa we maglumatlar tehnologiýalary durmuşyň hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşýar. Olaryň ösmegine, kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerurdyr. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurd

Aýyň geo­lo­gi­ýa göz­leg iş­le­ri üçin en­jam dö­re­dil­di

Aýyň geo­lo­gi­ýa göz­leg­le­ri üçin gam­ma we neýt­ron spekt­ro­met­riň (LGNS) il­kin­ji nus­ga­la­ry Rus­si­ýa­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Älem göz­leg ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di. Hä­zir­ki wagt­da en­ja­myň do­ly göw­rüm­li we ter­mi­ki pro­to­tip­le­ri ins­ti­tu­tyň ama­ly-iş usul­la­ry kär­ha­na­sy­na ibe­ri­lip, sy­nag­dan ge­çi­ri­lip baş­lan­dy. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy il­kin­ji «Lu­na-25» Aý mis­si­ýa­sy­ny 2022-nji ýyl­da ama­la aşyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. On­dan soň­ky «Lu­na-26» 2024-nji ýyl­da äle­me uçu­ry­lar. Şeý­le-de «Lu­na-27» 2025-nji ýyl­da, «Lu­na-28» bol­sa 2027-nji ýa-da 2028-nji ýyl­da äle­me uçu­ry­lar.

Alym­lar dü­şün­je­li ro­bot­la­ry dö­ret­di­ler

ABŞ-nyň Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri ro­bot­la­ry öza­ra gat­na­şyk­la­ra en­dik et­me­gi öw­re­den­dik­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di­ler. Ha­bar­da hä­zir­ki za­man ro­bot­la­ry­nyň çyl­şy­rym­ly işe ukyp­ly­dy­gy, ýö­ne iň kä­mil­le­ri­niň hem so­sial gat­na­şyk­lar üçin dö­re­dil­män­di­gi aý­dyl­ýar. In­že­ner­ler ro­bot­la­ryň beý­le­ki akyl­ly en­jam­la­ry ka­bul edip, olar bi­len ara­gat­na­şyk gur­ma­ga sy­na­nyş­ýan al­go­ritm­le­ri dö­ret­me­gi ba­şar­dy­lar. Alym­lar ro­bot­la­ryň beý­le­ki akyl­ly en­jam­la­ryň mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne dü­şün­mek üçin, ola­ryň özü­ni alyp ba­ryş he­re­ket­le­ri­ni sel­jer­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar. Eger-de ro­bot­la­ryň bi­ri aga­ja suw ber­jek bol­sa, beý­le­ki­si oňa bu me­se­le­de kö­mek edip bi­ler — gap be­rer, suw ge­ti­rer. Alym­la­ryň söz­le­ri­ne gö­rä, so­sial he­re­ket­ler kä­bir me­se­le­le­riň has çalt çö­zül­me­gi üçin ro­bot­la­ryň öza­ra tä­sir­li ara­gat­na­şy­gy üçin ze­rur­dyr.

«Vis­ta Out­door» ýo­ka­ry ne­ti­je ga­zan­ýar

Açyk çä­re­le­ri üp­jün edi­ji «Vis­ta Out­door» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ma­li­ýe ýy­ly­nyň ikin­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «Vis­ta Out­door» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si «The Wall Street Jour­nal» ga­ze­ti­niň be­ren çak­la­ma­syn­dan has ýo­ka­ry bol­dy. Has dog­ru­sy, şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si ABŞ-nyň 2,9 mil­liard dol­la­ryn­dan ABŞ-nyň 2,95 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­dan alan gir­de­ji­si bol­sa, ABŞ-nyň 8 dol­la­ry­na deň bol­dy. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Vis­ta Out­door» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry ABŞ-nyň 46 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

Dün­ýä­de il­kin­ji sü­rü­ji­siz suw tak­si­si işe goý­be­ril­di

Ni­der­land­lar­da dün­ýä­de il­kin­ji sü­rü­ji­siz «Ro­boar» atly suw tak­si­si işe baş­la­dy. Hä­zir­lik­çe ol sy­nag gör­nü­şin­de iş­le­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de çy­kan ha­bar­la­ra gö­rä, tak­si­niň ady «Ro­boar» bo­lup, ol Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Ni­der­land­la­ryň uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­lar we mu­gal­lym­lar to­pa­ry ta­ra­pyn­dan iş­le­ni­lip dü­zü­lip­dir. Sü­rü­ji­siz ga­ýy­gyň bor­ty bäş ada­ma ni­ýet­le­ni­len­dir. Sü­rü­ji­siz ga­ýyk­da goş­ma­ça ýük da­şap, zir-zi­bil çy­ka­ryp bol­ýar. 

Aw­tou­lag­la­ra di­war­la­ryň aňyr­sy­ny «gör­me­gi» öw­ret­di­ler

Awst­ra­li­ýa­ly alym­lar sü­rü­ji­siz aw­tou­lag­la­ra beý­le­ki ulag­la­ryň aňyr­syn­da giz­le­nen päs­gel­çi­lik­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän teh­no­lo­gi­ýa dö­ret­di­ler. «Köp­çü­lik­le­ýin duý­gy» esa­syn­da iş­le­ni­lip dü­zü­len en­ja­ma oý­lap­ta­py­jy­lar «Rent­gen ar­ka­ly gö­rüş» di­ýip at ber­di­ler. «Rent­gen ar­ka­ly gö­rüş» tö­we­re­gi köp no­kat­dan ka­bul et­mä­ge esas­lan­ýar. Aw­tou­lag özün­de or­naş­dy­ry­lan dat­çik­ler­dir ka­me­ra­lar, şeý­le-de beý­le­ki aw­tou­lag­lar bi­len sim­siz ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gy ar­ka­ly mag­lu­mat­la­ry bir ýe­re jem­lär. Şeý­le­lik­de, aw­tou­lag giz­le­nen päs­gel­çi­lik­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik alar. Oý­lap­ta­py­jy­la­ryň söz­le­ri­ne gö­rä, bu en­ja­my sü­rü­ji­li aw­tou­lag­la­ra or­naş­dy­ryp hem şol bir ne­ti­jä­ni alyp bo­lar.

«Le­novo» önüm­çi­li­gi­ni gi­ňeld­ýär

«Le­novo» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy iki disp­leý­li nout­buk­la­ry dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär. Tä­ze en­jam «Think­Book Plus» diý­lip at­lan­dy­ry­lar. Tä­ze mo­de­liň 17 dýuým­lyk esa­sy ek­ra­ny we ki­çi goş­ma­ça ek­ra­ny bo­lar. Ikin­ji ek­ran kla­wia­tu­ra­nyň sag ta­ra­pyn­da­ky gi­ňiş­li­ge ýer­leş­di­ri­ler. Disp­leý sen­sor ar­ka­ly işe gi­ri­zi­ler. Ikin­ji ek­ran goş­ma­ça mag­lu­mat­la­ry gör­kez­mek üçin ula­ny­lar. Şeý­le hem disp­leý şe­kil­ler we çyz­gy­lar bi­len iş­le­mek üçin ula­ny­lyp bil­ner. «Think­Book Plus» nout­bu­ky­nyň 2022-nji ýyl­da ba­za­ra goý­be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Dün­ýä­niň iň ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ka­ry

Gre­si­ýa­nyň «Spy­ros Pa­no­pou­los Au­to­mo­tive» kom­pa­ni­ýa­sy «Cha­os» at­ly aw­to­mo­bil mo­de­li­ni gör­ke­zi­li­şe çy­kar­dy. Aw­tou­lag iki gör­nüş­de bo­lup, ola­ryň he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri 2049 hem-de 3065 at güý­jü­ne eýe­dir. «Cha­os» aw­tou­la­gy dört litr­lik V10 we go­şa tur­bo güýç­len­di­ri­ji­li he­re­ket­len­di­ri­ji bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. He­re­ket­len­di­ri­ji­niň äh­li şaý­la­ry 3D prin­ter­de çap edi­lip­dir. Tä­ze aw­to­ka­ra se­kiz tiz­lik­li aw­to­mat ge­çi­ri­ji or­naş­dy­ry­lyp­dyr. Aw­tou­la­gyň 2049 at güýç­li gör­nü­şi 100 ki­lo­metr tiz­li­ge 1,9 se­kunt­da, 300 ki­lo­metr tiz­li­ge 7,9 se­kunt­da ýet­ýär. Şeý­le-de onuň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 500 ki­lo­metr­den geç­ýär. Şo­nuň üçin iş­läp dü­zü­ji­ler «Cha­os» aw­to­ka­ry­ny dün­ýä­de iň ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag ha­sap ed­ýär­ler.