Görer gözüň gymmaty
Gözüň nuruny, göreçleriniň ýitiligini goramagyň düzgünleri barada bilmek, bu ugurda lukmanyň maslahatlaryny diňlemek ähli ýaşdaky we kärdäki adamlar üçin peýdalydyr. Göz — bedeniň iň näzik synasy. Oňa çendenaşa agram bermekden gaça durmak gerek. Beýle bir mümkinçilik ýok bolsa, onda adam görüş ulgamynyň işini kadalaşdyryjy serişdelerden peýdalanmaly bolýar. Şu maksat bilen äýnek ýa-da galtaşykly linza ulanýan adamlar wagtyň geçmegi bilen, has güýçli optiki serişdeleri saýlamaly bolýarlar. Bu ýagdaý gözüň äýnege ýa-da linza öwrenişip, özbaşdak işlemegi gowşadýandygy bilen şertlendirilýär. Şu jähetden, gözüň öz güýjünde işläp, myşsalaryny berkidip durmagy üçin, biraz pes belgili äýneklerden peýdalanmak maslahat berilýär. Äýnekdir linzadan seýrek peýdalanyp, ýörite maşklary yzygiderli ýerine ýetirmek görşi gowulandyrmagyň has ygtybarly ýoludyr. Ellerimizden telefon düşmeýär, kompýuterde işleýäris, elektron serişdelerde aýdym diňleýäris, kinofilmleri görýäris, maglumatlary öwrenýäris. Munuň bilen baglylykda, gerekli talaplary berjaý etmedik ýagdaýymyzda, gözümize aşa agram düşýär. Eýsem, kompýuter bilen işleýänler nähili düzgünleri berjaý etmeli?! Kompýuterde uzak wagtlap işlenende, ýüze çykýan görüş ýadawlygy lukmançylyk tejr