"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

Düýn Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda bu saglyk merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ady agzalan gaznanyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de gündogar sebitiň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, täze gelip gowşan enjamlar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynda öndürildi. Meşhur german kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamlary dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu enjamlar dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär.

Sahawat — şepagat

Allanur SARYÝEW,Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň umumy II hirurgiýa bölüminiň hirurg lukmany: — Ýurdumyzda çagalaryň sagdynlygy we sazlaşykly ösmegi, saglyklaryny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmaklary bilen bagly meseleler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, howandarlyga mätäç çagalara hem yzygiderli üns berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer işleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.

Geljegiň şäherinde bagtyýar geljegimiz

Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bütin dünýä äşgärdir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmekde ähli mümkinçilikler we şertler bar. Mümkinçiligi çäkli çagalara ilki kabul ediş işleri ýola goýlup, inçe hünärli hünärmenleriň barlaglaryndan geçirilýär. Şol barlag işleriniň netijeleri alnandan soň, çaga degişli bejergi bellenilýär.

Döwrebap merkez

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda ähli lukmanlara uly gollanma boldy. Munuň özi berkarar ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň, belent tutumlaryň buýsanjymyz bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Diýarymyzda bu ugurda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, çagalarda köp duş gelýän keselleri irki döwürde anyklamagyň, bejermegiň täze usullary esaslandyryldy.

Sagdyn beden — sagdyn ruh

Ýaş nesillerimizi zyýanly endiklerden goramakda we sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirmekde, olaryň zyýanly endiklerden daşda durup, watansöýüji ýaş nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda Arkadag şäherinde ýerleşýän saglygy goraýyş edaralarynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we onuň hyzmatdaş döwletleri Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününi belläp geçýärler. Maý aýynda her ýylda geçirilýän temmäkä garşy göreşmek boýunça biraýlyga badalga berildi. Biraýlygyň çäklerinde Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti, zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri dogrusynda wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar, sport ýaryşlary geçirilýär. Olarda temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirýän dürli şygarlar, wideorolikler, suratlar görkezilýär. Geçirilýän biraýlygyň esasy maksady adama çilimiň beden, ruhy, durmuş taýdan ýetirýän zyýanyny düşündirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmekden ybaratdyr.

Saglyk sahawaty

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna welaýat köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamlarynyň ikisi sowgat berildi. Bu şatlykly waka mynasybetli düýn welaýat köpugurly hassahanasynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri, welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de köpsanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabara haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alyp, saglygyny dikelden çagalaryň we olaryň hossarlarynyň gatnaşmaklary has-da guwandyryjy boldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenilen bu kämil lukmançylyk enjamlary dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygynyň artmagyna ýardam berýär.

Ruhubelentligiň gözbaşy

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Saglyk, sport, ekologiýa abadançylygy hem-de durnukly ösüş biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler. Ýurdumyzda sagdyn durmuş, daşky gurşawa aýawly garamak ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen, bütindünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlaryň birnäçesi, şol sanda watandaşlarymyzyň müňlerçesini birleşdirýän welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek däbi ýola goýuldy.

Jana zulumdyr çilim

Adamyň sagdyn we uzak ýaşamagy köp derejede onuň özüne bagly. Munuň üçin ýaramaz pişelerden daşda durmaly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Ýöne, nebsimiz agyrsa-da, öz saglygyna biperwaý seredýänlerem, çilim çekýänlerem ýok däl. Çilim bolsa adamyň saglygynyň ganym duşmany, janyna zulumdyr. Onuň düzüminde zyýanly maddalaryň müňlerçesi bolup, olar adamyň saglygyna ýykgynçylykly täsir edýär. Çilimi yzygiderli çekýän adamlaryň degna ulgamy gowşak, ukusy ýaramaz bolýar. Olaryň tiz gahary gelýär, pikirlenmesi pes bolýar. Şeýle-de olar özlerini biperwaý alyp barýarlar, häsiýetleri bolsa durnuksyzdyr. Çilimkeşler degna keselleri bilen köp keselleýärler. Çilimiň zyýany diňe ýokarda beýan edilenler bilen tamamlanmaýar. Ol adamyň dem alyş ulgamyna zeper ýetirip, bronhit, öýken çişmesi ýaly howply keselleriň döremegine sebäp bolýar. Şonuň üçin bu howply we bet pişeden daşda duruň! Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanyň! Şonda ömrüňiz manyly, bedeniňiz sagdyn bolar.

Saglyk ulgamynyň kanunçylyk binýady

Hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynda halkymyzyň saglygy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitlenendir. Sebäbi jemgyýet sagdyn bolanda, döwlet hem gülläp ösýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, adam saglygyna zyýanly endiklere garşy göreşmek babatda kabul edilýän kanunlar adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Döwrebap kanunlar alkogolyň, çilimiň we beýleki ýaramaz närseleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek bilen, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlaryň saglygyny goramaga, nesillerimiziň sagdyn ösüp ulalmagyna gönükdirilendir. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň subutnamasydyr.

Saglygymyz öz elimizde!

Saglyga gönükdirilen asylly başlangyçlar

Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle işleriň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde has-da kämilleşýär. Munuň şeýledigini golaýda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi hem tassyklaýar. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýa

Sagdyn durmuşyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar, halkara gatnaşyklarynda möhüm ädimler ädilýär. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň ähli babatda iri halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolýandygyny äşgär edýär. Has takygy, 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri eziz Diýarymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçilýär. Ylaýta-da, bu günde ýurdumyzyň ähli künjeginde welosipedli ýörişler geçirilýär. Watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda guralýan welosipedli ýörişleriň ynsan saglygyna örän täsirlidigini, welosipedli gezelenç etmegiň ynsanyň şähdini açýandygyny, ruhuny göterýändigini aýratyn nygtamak gerek. Ýakynda, şeýle dabaraly senäniň şowhuny al-asmana göterilip, dürli ýerlerde welosipedli ýörişler, aýdym-sazly çäreler guralar. Biz hem bu senäniň ýokary guramaçylykly geçmeginde

31-nji maý — Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni

Saglyk — başymyzyň täji Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adam hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ynsan saglygyny goramak we dikeltmek hakynda yzygiderli alada edilýär. Bu aladalar bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryndan gözbaş alýar.

Saglygy goramakda peýdaly maslahatlar

♦Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ♦Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar

31-nji maý Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş günüdir Çilim çekmek adam saglygy üçin zyýanly endikleriň biridir. Alymlaryň tassyklamagyna görä, temmäkiniň tüssesiniň düzüminde dört müňe golaý himiki madda bolup, olar adam bedeni üçin örän zyýanlydyr. Yzygider çilim çekýän adamyň dem alşy ýygylaşýar, gan basyşy ýokarlanýar, gan damarlary gysylyp, içki agzalara we beýnä barýan ganyň mukdary azalýar, gan damarlary gatap, ateroskleroz emele gelýär, infarktyň, insultyň döremegine sebäp bolýar. Köp çilim çekýän adamlarda gaharjaňlyk, ukusyzlyk döreýär, ünsi we ýatkeşligi kütelýär, dişleri saralýar, süňkleri gowşaýar, osteoporoz ýüze çykýar. Çilim çekende, adam diňe bir özüni däl, eýsem, töweregindäkileri hem zäherleýär.

Sagdyn nesiller — sagdyn jemgyýetiň daýanjy

Sagdyn jemgyýetiň esasy

Öz nesillerini nurana geljege deňän pähimli pederlerimiz her bir maşgalada kemala gelýän çagalaryň uly aladalar bilen gurşalmagy, olaryň sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilmeginiň tarapdarlary bolupdyrlar. Munuň şeýledigine biziň şu günlerimizde hem çagalar bilen baglanyşykly dowam etdirilýän milli däp-dessurlar, ýörelgeler, durmuşa geçirilýän beýik işler aýdyň güwä geçýär. Çünki çaga — durmuşyň bezegi, adamzadyň dowamaty. Şoňa görä-de, «Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet» diýen gyzyldan gymmatly ýörelge her bir maşgalada giň mana eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden durmuşa ornaşdyrylýan eýýamydyr. Geljegimiz bolan çagalaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp kemala gelmekleri sagdyn jemgyýetiň esasydyr. Şundan ugur alyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralary, sport desgalary guruldy we bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Sagdynlyk — gözellik

Nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup kemala gelmegine aýratyn ähmiýet beren ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek giň gerime eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş gününi görkezmek bolar. Bu sene her ýylyň 31-nji maýynda dünýä ýüzünde giňden bellenilip geçilýär we şol gün Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan temmäkä garşy göreşmek boýunça birnäçe çäreler guralýar.

Zyýanly endiklerden daşda duruň!

Hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň ählisi öz halkynyň bolelin, eşretli, asuda durmuşda ýaşamagyna, ýaşlaryň ylymly, bilimli, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmegine gönükdirilendir.Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, zyýanly endiklere garşy göreşmekde giň gerimli wagyz-nesihat işleri amala aşyrylýar. Her ýylyň maý aýynda ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça giň möçberli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Temmäki we temmäki önümlerini ulanmak dünýäde giňden ýaýran zyýanly endikleriň biridir. Bu zyýanly endik howply kesellere eltýär. Nikotin aňsatlyk bilen gana geçýän, dürli agzalarda ýygnanyp, dowamly keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýan güýçli zäherdir. Ol gan basyşynyň ýokarlanmagyna, ýüregiň çalt urmagyna getirýär. Netijede, ýürekde kislorod ýetmezçiligi ýüze çykýar. Nikotin adamyň iýmit siňdiriş ulgamyna hem uly zyýan ýetirýär.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si jem­gy­ýet­de

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri ýur­du­myz­da sag­dyn jem­gy­ýe­ti bin­ýat et­me­giň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne uýup, ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş­da dur­ma­gyň her bir maş­ga­la­da, her bir öý­de ile­ri tu­tul­ýan mu­kad­des­lik­le­re öw­rül­me­gi­niň eý­ýa­my bo­lup dur­mu­şy­my­za or­naş­ýar. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan il-ýurt, döw­let bäh­bit­li iş­ler aja­ýyp ne­ti­je­le­ri­ni be­rip, ila­tyň dür­li ýaş­da­ky, dür­li hü­när­dä­ki gat­lak­la­ry­nyň spor­ty, be­den­ter­bi­ýä­ni özü­ne gün­de­lik hem­ra edin­me­gi aý­dyň gör­ke­zi­ji­ler bi­len dün­ýä aýan bol­ýar.