"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Güýz paslynda sagdynlygyň kadalary

Möwsüm çalyşýan döwründe, ýagny güýzde, il içinde aýdylyşy ýaly pasyldan-pasla geçilýän döwründe, bedeniň kesellere garşy durup bilijilik ukyby peselýär. Bu bolsa adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine hem-de adamlaryň arasynda möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ýiti respirator ýokanç keseli ýokary dem alyş ýollarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ýiti respirator ýokanç keseli köplenç birden duýdansyz başlanyp, bedeniň gyzgyny ýokarlanýar, myşsalarda, kellede, el-aýaklarda we onuň bogunlarynda agyry peýda bolýar, umumy gowşaklyk bolup, burun dykylyp suw akýar, kä halatlarda göz ýaşarýar, işdä peselýär. Ony bejermekde esasy wajyp zat keseli çalt we dogry anyklamakdyr. Şeýle ýagdaýda näsag hassahana ýerleşdirilmelidir ýa-da öý şertinde bejergi alyp, lukmanyň gözegçiliginde bolmalydyr.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Welaýat köpugurly hassahanasynda hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň uly üstünliklere beslenmegi mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde öňe süren teklipleri saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň arasynda hem gyzgyn goldawa eýe boldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen bilelikde ynsan saglygyny goramak babatynda sazlaşykly işleri alyp barýar. Ýurdumyz bu ugurda baý tejribe toplap, ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we ýok etmekde ýokary netijeleri gazanýar.

Oňyn özgertmeler — ösüşe binýat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalary taryhyň gatlaryndan mynasyp orun alyp, ýurdumyzyň ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän il bähbitli beýik özgertmeler, gazanylýan uly zähmet üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň özboluşly dowamy bolmak bilen, Arkadagly Serdarymyzyň öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarynyň adamlaryň abadan we bolelin ýaşaýşynda öz aýdyň beýanyny tapýandygyny görkezýär. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwletimiz il saglygyny ýurt baýlygyna deňäp, bu ugurda adam hakdaky hakyky aladanyň belent nusgasyny görkezýär. Her ýyl ýurduň baş maliýe m

Sagdynlygyň gözbaşy

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli; — Lukmanyň bellän bejergisini we berhiz kadalaryny dogry berjaý etmeli;

Ja­nyň sag­ly­gy — keý­piň çag­ly­gy

«7/24 tm» № 40 (175) 02.10.2023 Ýaş nes­liň be­den we ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ös­me­gi, döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, ter­bi­ýe­len­me­gi, boş wagt­la­ry­ny peý­da­ly ge­çir­me­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek, mil­li bi­lim ul­ga­my­ny hil taý­dan ösen döw­let­le­riň de­re­je­si­ne çy­kar­ma­gyň esa­sy şert­le­ri­dir.

Ça­ga­nyň ösü­şin­de küşt oý­nu­nyň peý­da­sy

«7/24 tm» № 40 (175) 02.10.2023 Küşt mal­la­ryň hem-de küşt tag­ta­sy­nyň ak-ga­ra reňk­li öý­jük­le­ri­niň kö­me­gi bi­len beý­ni­niň stra­te­gi­ki pi­kir­len­me­si­ni we to­par­la­ýyn işi öw­red­ilýän akyl-paý­has oý­nu­dyr.

Gök otlaryň peýdasy

Ýylyň ähli paslynda bolşy ýaly, güýz günlerinde hem miwedir gök önümleri, naharyň ýany bilen gök otlary iýmek saglyga örän peýdalydyr. Gök otlar işdäňi açýar, süňňüňi gurplandyrýar. Olaryň düzüminde ynsan saglygyna zerur maddalar saklanýar. Allergik täsiriniň ýoklugy sebäpli, ter gök otlar çagalar üçin hem peýdalydyr. Olaryň bary-ýogy 3 — 5 gramy çaganyň süňňüni mikroelementleriň gündelik zerur mukdary bilen doly üpjün edip biler. Aşpezler reýhany naharlaryň we işdäaçarlaryň tagamyny artdyrýan hoşboý ysly, ter gök otlaryň hatarynda goýýarlar. Onuň bejeriji we deriniň ýagdaýyny gowulandyryjy häsiýeti gadymy eýýamlardan bäri mälimdir. Reýhan B1 we B2 görnüşli ýokumlaryň, rutiniň, efir ýagynyň, saponinleriň çeşmesidir. Reýhan ganaýlanyşynyň işjeňligini gowulandyrýar. Bu hoşboý ysly otda köp mukdarda saklanýan efir ýagy dişagyryny köşeşdirýär. Reýhanyň düzüminde merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýan kamfora köpdür. A ýokumynyň deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrýandygy bellidir. Reýhanda bu ýokumyň sintezlenmegine gatnaşýan karotin bar. Reýhanyň düzümindäki efir ýagy we saponinler dem alşy gowulaşdyrýar, üsgülewügi aýyrýar. Reýhan işdäňi açýar, naharyň siňmegine ýardam edýär, immuniteti berkidýär

Ynsan saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Hojambaz etrap bilim bölümi bilen bilelikde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly usuly-amaly maslahatyny geçirdik. Etrabyň 10-njy çagalar bagynda geçirilen çärä çagalar baglarynyň terbiýeçileri we saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Çagalar bagynyň körpeleriniň sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen baglanyşykly üç dilde ýerine ýetiren sahnalary, aýdym-sazly çykyşlary, okan goşgulary maslahata gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Terbiýeçileriň interaktiw tagtada guran oýunlaryna çagalar işjeň gatnaşdylar. Olar ynsan saglygy, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, keselleriň öňüni almak bilen baglanyşykly sowallara jogap bermekde öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. Körpeleriň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby esasynda guralan oýunlarda saglygy gorap saklamak bilen baglanyşykly milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz beýan edildi.

Sagdynlyga uzaýan ýol

Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgesi islendik adam üçin uly ähmiýete eýedir. Adamzadyň barha kämilleşýän zamanasynda ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn iýmitlenmegi we sporty saýlaýanlaryň sany barha artýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. «Sagdyn bedende sagdyn ruh» diýlişi ýaly, sporty ömürlik hemrasy edinen adamlar tutanýerli we maksada okgunly bolup, hemişe üstünlige ymtylýar. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak bedeniň ähli agzalarynyň kadaly işlemegini üpjün edýär. Maşklary ýerine ýetirmek we dogry iýmitlenmek arkaly süňkleriň hem-de bogunlaryň berkidilmegi şikeslenmeleriň öňüni almaga ýardam edýär.

Ýöremek — saglyk

Gyş paslynyň öň ýanynda saglygyňy berkitmekde altyn güýzüň her bir pursaty gymmatly. Munuň üçin güýzüň döredýän şertleri-de örän göwnejaý. Güýz bize dürli iýmişler bilen birlikde işdämiziň hemişe açyk bolmagy üçin ýakymly, salkyn howasyny-da hödürleýär. Şeýlelikde, bize gowy iýmitlenip, hemişe hereketde bolmak arkaly, saglygymyzyň aladasyny edäýmek galýar. Ynsan bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýeterlik hereket wajyp bolup durýar. Şonuň üçin-de lukmanlar günüň dowamynda mümkin boldugyndan köpräk ýöremegi maslahat berýärler. Özi-de birsydyrgyn ýöremegiň peýdasynyň örän uludygyny, günüň dowamynda 5 kilometr töweregi ýöräp geçmegiň adamyň ömrüni uzaldýandygyny bu ugurdan ýörite tejribeleri geçirýän lukmanlar belleýärler. Sebäbi ýöremek bedendäki holesteriniň derejesini, gan basyşyny sazlaýar.

Saglyk — başymyzyň täji

•Pasla görä geýniň, bu babatda çagalaryňyza hem gözegçilik ediň! Aşa ýyly, galyň geýinmek sebäpli gyzmak immunitetiň peselmegine getirip biler. •Her gün ýaşaýyş jaýynyň otaglaryny ýelejiredip, yzygiderli çygly arassalaýyş işlerini geçiriň!

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy öz göz­ba­şy­ny Gahryman Arkadagymyzyň dur­mu­şa or­naş­dy­ran adyl sy­ýa­sa­tyn­dan alyp gaý­dyp, onuň çäk­le­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler ila­tyň ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi­ni, oňa äh­lu­mu­my el­ýe­ter­li­li­gi şert­len­dir­ýär. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, ömür do­wam­ly­ly­gy­ny has-da art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si

Mer­da­na türk­men hal­ky­my­zyň sag­ly­gy hem-de ola­ryň bag­ty­ýar dur­muş­da er­ka­na ýa­şa­ma­gy bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak esa­sy öňe sü­ren sy­ýa­sat­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz — Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň my­na­syp ta­rap­da­ry bo­lan türk­me­niň da­na akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­sa bol­maz­dan bu­run» di­ýen pa­ra­sat­ly se­tir­le­ri ýa-da:

Güýz paslynda haýsy sport görnüşleri bilen meşgullanmak bolar?

Jöwzaly tomus paslynyň yssysy sowlup, jana ýakymly arassa howasy bilen güýz pasly geldi. Sport bilen meşgullanýanlar üçin bolsa güýz paslynyň birnäçe artykmaçlyklary bar. Geliň, bu pasylda haýsy sport görnüşleri bilen meşgullanyp bolýandygyna ser salalyň. 1. Pyýada gezelenç

Ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň sag­ly­ga tä­si­ri

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Ýe­ňil at­le­ti­ka spor­tuň iň meş­hur we iň köp­ta­rap­ly gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Şol se­bäp­li oňa «spor­tuň şa­sy» diý­lip at be­ril­me­gi esas­ly­dyr di­ýip aýt­mak bo­lar.

Saglygyň gadryny bilgil

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. — Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Saglygyň gadyryny bilgil...…

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny we düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly.

Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler

Adam hakyndaky alada Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar hem-de jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlaryny netijeli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiz okgunly öňe barýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, keseli öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly derejede üpjün etmek, saglygy goraýyş edaralary üçin ýörite bilimli, öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan

Güýzde sagdyn bolalyň!

Her bir paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda, dogry iýmitlenmeli we dogry geýinmeli. Güýzüň salkyn günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň şirelerini içmek, kädi, şugundyr, käşir, kelem, noýba, badat ýaly ýokumly önümleri iýmek örän peýdalydyr. Güýz paslynda möwsüme görä ýyly egin-eşikleri geýmeli. Ylaýta-da, bedeniň çyga has duýgur agzasy bolan aýaklary ýyly saklamaly. Güýz aýakgaplaryny hem dogry saýlamaly.

Peýdaly maslahatlar

1. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. 2. Witamin C — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli.