"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Dikeldiş bejergisinde ippoterapiýanyň orny

Nurmyrat KAKABAÝEWGaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi Maýyp näsaglaryň saglygyny hemmetaraplaýyn dikeltmekde we olaryň sosial integrasiýasynda fiziki reabilitasiýanyň ähmiýeti uludyr, serebral ysmazly çagalar bolsa bu meselede aýratyn orna eýedir [2, 4, 7]. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, maýyplaryň sany ýokarlanmaklyga ýykgyn edýär. Bu meseläniň täsirli çözgüdi şeýle näsaglaryň saglygynyň dikeldilmegidir we dikeldiş çäreleri üçin lukmançylykda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagydyr.

Ulgamlaýyn gyzylgurt keseliniň patogenezine we geçişine jyns gormonlaryň täsiri

Tylla TAŇRYBERDIÝEWA, Wladimir GURBANOW, Şemşat AMANDURDYÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasy Ulgamlaýyn gyzylgurt (UGG) – esasan, aýallarda ýüze çykýan we böwrekleriň, deriniň, öýkenleriň, kelle beýniniň we ýüregiň zeperlenmegi bilen häsiýetlenýän dowamly autoimmun keseldir [1, 18].

Gan merkeziniň işiniň kämilleşmegi

Gülnara AHMEDOWAÝokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkezi Berkarar dowletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetildi we uly üstünlikler gazanyldy.

Saglygymyzy goralyň!

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Durmuşda bagtly bolmagyň esasy şerti beden saglygy bilen baglydyr. Sagdyn durmuş aýdyň geljekdir. Halal zähmet çekip, halallyga uýýan halkymyz zyýanly endikleri mydama ýazgaryp gelipdir, adamzada tebigatyň eçilen saglygyny goramagy ündäpdir. Çilimkeşlik zyýanly endikleriň howplusydyr. Çilim adamlarda öýken keselleriniň, bronhitiň, ýürek keselleriniň döremegine sebäp bolýar. Çilim adam bedeniniň güýjüni peseldýär. Temmäki tüssesindäki himiki maddalaryň bedene iň güýçli täsir edýäni nikotin turşusydyr.

Görer gözüň gymmaty

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Bellidir» atly goşgusyndaky: «Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir» diýen setirleriniň gymmaty sanly eýýamyň mümkinçilikleriniň ösýän we adamlary aşa özüne çekýän zamanasynda has artýar. Sebäbi telewizoryň, kompýuteriň, telefonyň başynda güýmenip, hereketsiz oturmak ynsan synalarynyň beýleki agzalary bilen birlikde, gözüň görüjiliginiň peselmegine täsirini ýetirýär. Ylmy barlaglaryň tassyklamagyna görä, adamlar maglumatlaryň 80—90%-ni gözüň üsti bilen kabul edýärler. Lukmanlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, kompýuterleri ulanmakda wagt dowamlylygyny berjaý etmek wajypdyr. Çagalara 3 ýaşa çenli telefon, planşet berilmese gowy. Kompýuteriň başynda köp wagtyny sarp edýän uly adamlar bolsa her 20 minutdan göze dynç bermeli. 5 minudyň dowamynda gözüňi ýummaly, göz maşklaryny ýerine ýetirmeli we gözi nemlendirýän damjalary damdyrmaly. Kompýuteriň başynda köp oturýan adamlar ulanyş kadalary dogry berjaý etmese, onda olarda ýüze çykýan gözüň gyzarmagy, ýaşarmagy, içine gum sepilen ýaly, gözüň öňi tutulan ýaly alamatlar gözüň «gury sindromynyň» döremegine getirýär. Bu alamatlar kompýuteriň zyýanly täsiri bolman, eýsem, onuň ulanyş kadalarynyň dogry berjaý edilmezliginden ýüze çykýan ýagdaýdyr.

Suwuň bedene täsiri

Adamzat ýaşaýşyny suwsuz göz öňüne getirip bolmaýar. Suw teşneligi gandyrmak bilen bir hatarda, arassaçylygyň hem sagdynlygyň girewidir. Adam suwa çümeninde oňa suwuň mehaniki basyşy täsir edýär. Bu basyş suwuň gatlagy näçe uly bolsa, ýagny adam näçe aşak düşdügiçe uly bolýar. Mälim bolşy ýaly, her bir 10 metr çuňlukda suwuň basyşy 1 atmosfera ýokarlanýar. Suwa çümülende äýnekler dakylanda, ýarymmaskalar we gidrokostýumlar geýlende iki tarapdan basyşlar deňeşdirilmese, olar dokumalary gysýar. Şonuň üçin äýnekler suwa çümülende dakylman, diňe suwda ýüzülende dakylýar. Suwuň aşagynda adam dik duranynda, onuň ýokarky we aşaky bölegine basyş deň täsir etmeýär.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak

Ganazlyk, gipertoniýa, ýüregiň işemiýa keseli, infarkt, süýjüli diabet, öýkeniň dowamly obstruktiw keselleri, howply täze döremeler we beýleki ýokanç däl keseller adamyň saglygyna we ömrüne uly howp salýar. Zyýanly endikler, nädogry iýmitleniş, az hereketlilik, stres döredýän ýagdaýlar arterial gan basyşynyň hem-de gandaky glýukozanyň we holesteriniň derejesiniň ýokarlanmagyna, maddalaryň alyş-çalşynyň, ýüregiň işiniň bozulmagyna, gormonal bozulmalaryň ýüze çykmagyna itergi berip, bu keselleriň döremegine getirýär. Şoňa görä, ähli dünýä ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem giňden ýaýbaňlandyrylýan ýokanç däl kesellere garşy göreşiň netijeli bolmagynda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk ornaşdyrylmagyny gazanmak uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin raýatlaryň arasynda tapgyrlaýyn keseliň öňüni alyş barlaglary geçirilip durulýar. Edara-kärhanalarda, mekdep okuwçylarynyň, harby gullukçylaryň we saglyk öýlerine ýüz tutan sagdyn raýatlaryň arasynda keseliň öňüni alyş barlagynyň geçirilmegi keselleri ilkinji döwürlerinde ýüze çykaryp, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge we ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Gülaby suwunyň peýdasy

Gülaby suwy ýa-da «gidrolat» diýlip atlandyrylýan serişde kosmetiki önümleriň täze görnüşi. Bu önüm soňky döwürlerde kosmetologiýa dünýäsinde ýokary islegden peýdalanýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüzlerçe ýyl bäri saglyga peýdasy üçin ulanylýan gülaby suwunyň antibakterial, antiseptik we rahatlandyryjy ýaly, bejerijilik häsiýetleri anyklanyldy. Gülaby suwy ösümlikleriň gülleridir ýapraklarynyň buga tutulmagy bilen ýasalýar. Bu suw kosmetologiýada we iýmit önümlerinde ulanylýan meşhur maddadyr. Bilermenler tarapyndan geçirilen ylmy-barlaglarda gülüň ýapragyndan bug bilen alnan ekstraktyň düzümindäki polifenollaryň we flawonoidleriň deridäki ýaralaryň iriňlemeginiň öňüni almakda hem peýdalydygy mälim edildi. Gülaby suwy deriniň ähli görnüşleri üçin amatly bolup, hususan-da, gury, duýgur ýa-da wagtyndan öň garraýan deriler üçin ajaýyp serişdedir. Bu serişdäni islendik ösümlikden diýen ýaly, taýýarlap bolýar. Emma kosmetiki serişdäniň dermanlyk we bejerijilik ähmiýeti bolany üçin, adatça, bejeriş häsiýetli ösümlikler ulanylýar. Gülaby suwunyň kosmetiki we bejerijilik häsiýetli ulanylýan ýerleri:

DAURIÝA ERKEKGYÝAGY / Пырейник даурский

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Dauriýa erkekgyýagy — däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 50-90 sm köpýyllyk otjumak wekili. Başjagazynyň teňňejigi dürli şekilde, ýöne garsasyz ýa-da garsaly, soňra diňe ýokarky bölegi teňňejikli. Aşaky gül teňňejigi garsasyz. Başy başjagazlaryň bognunda ýekeden ýerleşýär, eger 2-3-den bolsa, onda ýaprak plastinkasy birneme ýumşak, ýaşyl reňkli, inçe, tas çykyp durmadyk damarlyja.

Balyk ýagynyň peýdalary

Balyk kalsiý, fosfor, demir, sink, ýod, magniý we kaliý ýaly minerallaryň ajaýyp çeşmesidir. Balyk adam organizmi üçin örän peýdalydyr. Yzygiderli balyk iýmek ýürek we damar keselleriniň döremek howpuny peseldýär, alsgeýmer (ýatkeşligiň peselmegi) keselinden we wagtyndan öň garramakdan goraýar, horlanmaga we görüş ýitiligini saklamaga kömek edýär. Çagalar üçin balyk ýagy örän peýdaly bolup, görüşiň ýiti bolmagy üçin esas döredýär, üns ýetmezçiliginiň bozulmagynyň, rahit keseliniň öňüni alýar, immuniteti ýokarlandyrýar, dişleri we süňk dokumalaryny güýçlendirýär.

Ýaş nesliň saglygy we halkyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Daşoguz, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Bu waka halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşajyk raýatlarymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ugurdaş öňdebaryjy merkezler bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Gor

Ýaş nesliň saglygy we halkyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Daşoguz, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Bu waka halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşajyk raýatlarymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ugurdaş öňdebaryjy merkezler bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Gor

Gün urmadan ägä boluň!

Gün urma — bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde kelle beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý daşarda açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz uzak wagtlap gezilende bolup biler. Kähalatlarda gyzgyn howada beden aşa suwuklygy bedenden çykarmak arkaly derlemek bilen goranýar. Ýöne derlemek bilen gerekli maddalar we suwuklyk hem bedenden çykýar. Bu bolsa, öz gezeginde, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şol sebäpden pasla görä, açyk reňkli nah matalardan tikilen egin-eşikleri we başgaplary geýmek we ýanyň bilen arassa agyz suwuny götermeklik maslahat berilýär.

Çomuç toşaby

Häzirki wagtda baý türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsiniň dermanlyk häsiýetini öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri bu ugurda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşan pederlerimiz irki döwürlerden bäri çomujy ynsan saglygyny berkitmekde peýdalanypdyrlar. Halk lukmançylygynda çomujyň şiresi, köki, palajy gaýnadylyp toşap alnypdyr. Ol diňe bir derman serişdesi däl, eýsem, iýmit hökmünde hem ulanylypdyr.

Saglyk — gymmatly baýlyk

Kämilligiň basgançagy

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, ylmyň çuňluklaryna aralaşmaklary üçin taýsyz tagallalar edilýär. Munuň özi ýaşlaryň ylym dünýäsindäki uly-uly açyşlaryna sebäp bolýar. Bu açyşlar, ylmy işler ynsan saglygyny goramak ýaly arzyly kärde zähmet çekýän lukmanlar tarapyndan hem alnyp barlyp, olar adam ömrüniň uzalmagynda, sagdyn jemgyýetimizi berkarar etmekde uly ähmiýete eýedir. Işini ylmy gözlegler bilen baglanyşdyryp alyp barýan lukmanlaryň biri welaýat köpugurly hassahanasynyň neýrohirurg lukmany Merdan Nazarowdyr. Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Merdanyň alyp baran ylmy gözlegleri bilen tanyşdyk. Has dogrusy, ýaňy-ýakynda ýaş lukmanyň talyplyk döwründe alyp baran ylmy işi iş ýüzünde üstünlikli amala aşyryldy. Munuň üçin lukmanyň we ondan bejergi alan ildeşimiziň begenjiniň çägi ýok.

Öňüni alan ýagşy

Tomus aýlarynyň gelmegi bilen meýdanlarda, suw howdanlarynda çybynlar köpelýärler. Gün ýaşandan soň olaryň adama hüjüm etmegi adaty endikdir. Ýöne bu ýagdaýda olaryň dürli keselleri ýokuşdyrmak häsiýetiniň bardygyny welin hemmämiziň bilmegimiz zerurdyr. Esasan hem anofeles urkaçy çybynlary gyzzyrma keseliniň ýaýramagyna sebäp bolýarlar. Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde ýurdumyzda gyzzyrma keseliniň ýok edilen keselleriň hataryndadygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýöne muňa garamazdan, keseliň öňüni almak maksady bilen çybynlardan goranmagymyz we keselden hüşgär bolmagymyz gerek.

«Ýyly suw» şypahanasynyň melhemli suwlary

Mähriban Watanymyzda döwrebap şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýyly suw» şypahanasydyr. Biziň häzirki gürrüňini edýän şypahanamyzda melhem suwlaryň birnäçe görnüşi bar. Şypahana gelýän raýatlarymyzyň hemmesini örän geň galdyrýan 20-nji guýynyň suwudyr. Ol gowşak minerallaşan termal (ýyly) suw. Suwuň esasy täsinligi oňa gireniňde şol wagtyň özünde täsir edip, köp keselleriň ilkinji alamatlarynyň biri bolan agyryny aýryp, ýeňillik berip bilýändigindedir. Bu guýynyň suwuny degna (newrit, newralgiýa), ýokanç däl deri kesellerini, süňk-bogun ulgamlarynyň, böwrek we peşew çykaryş, aşgazan, içege we öt çykaryş ulgamlarynyň, galkan görnüşli mäz sökellikleriniň ýeňil görnüşlerini, aýal jyns synalarynyň sowuklama kesellerini, neýrosirkulýator distoniýa keselini, aýal we erkek kişiniň önelgesizliginde, süýji keseliniň ýeňil görnüşini bejermekde giňden ulanylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda döredilen şypahana ulgamy has-da ösýär, özgerýär. «Ýyly suw» şypahanasy hem ýylyň ähli paslynda mähriban raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde halkyň hyzmatyndadyr. Şypahanamyzyň melhem suwlaryndan peýdalanyp, saglygyňyzy berkitmäge geliň!

Sahawat serpaýy

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli özgertmeleri, belent tutumlary köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalaryň bagtly geljegine gönükdirilendir. Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan iki sany «Dialog+» kysymly kämil lukmançylyk enjamynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hem munuň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän dünýä belli «B.Braun» kompaniýasynyň önümi bolan gemodializ enjamlary döwrebap tehnologiýalar esasynda taýýarlanyp, olar täze görnüşli emeli böwrek enjamy bolmak bilen, häzirki wagtda mälim bolan dializ bejergisiniň ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu lukmançylyk enjamlary dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglara edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Şunlukda, näsagyň saglygy gowulanyp, ömür dowamlylygy uzalýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-saha

Berjaý edilmeli maslahatlar

♦Tomus aýlarynda Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýiň. ♦Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň.