"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

«Saglykdan özge dem bolmaz»

Düýn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda «Ýaşaýyş dem alyşdan başlanýar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Her ýylyň noýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenýän Öýkeniň dowamly kesellerine garşy bütindünýä göreş güni mynasybetli guralan maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglygy goraýyş, lukmançylyk merkezleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri, endokrinolog lukmanlar, professor-mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ömür dowamlylygyny artdyrmak, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň etdiler. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olary gözegçilikde saklamak boýunça toplumlaýyn we uzak möhletleýin işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda bu keselleriň öňüni almagyň, olara garşy göreşmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän «Ýokanç däl keselleriň

Akyldarlar saglyk barada

Biziň üçimiz: sen, men we kesel. Sen kimiň tarapyny tutsaň, şol hem üstün çykar. Ibn Sina.

Çaýyň saglyga peýdasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly eseriniň her bir setiri, her bir jümlesi çuň many-mazmuna ýugrulandyr. Bu kitapda türkmen halkynyň çaý içmek dessuryny asyrlarboýy sungat derejesine çenli ýetirilendigi barada aýdylýar. Şeýle hem dürli taryhy maglumatlara salgylanyp, çaýyň ylmy taýdan esaslandyrylan melhemlik täsiri barada gürrüň berilýär. Çaý saglyk üçin peýdaly içgidir. Mysal üçin, bal garylan çaýdaky dürli himiki birleşmeler agyryny aýryp, immun ulgamyny gowulandyrýar. Sowuklama kesellerinde, ganazlykda bally çaýyň peýdasy diýseň uludyr. Balda witaminleriň, minerallaryň we aminokislotalaryň köpdügi onuň ýokary dermanlyk häsiýetini şertlendirýär. Süýtli çaýyň adamyň bedeninde gan aýlanyşyny işjeňleşdirmek bilen, bedende ýylylygy saklamaga kömek edýändigi lukmançylykda subut edilendir. Süýtdäki witaminler we kaliý, kalsiý, fosfor ynsan bedeni üçin zerur bolup durýar. Süýtli çaýdaky antioksidantlar ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar. Şeýle-de, artykmaç agramly adamlara süýt garylan gök çaý içmek örän peýdalydyr. Sebäbi ol belli bir derejede artykmaç agramdan saplanmaga kömek edýär.

Melhem suwly «Arçman»

Altyn güýzüň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň iş sapary bilen Bäherden etrabynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasyna baryp görmegi bütin halkymyzda ýakymly duýgulary oýardy. Çünki «Arçman» diýilse, jana melhem tebigy suwly şypaly mesgen göz öňüňde janlanýar. Bu şypaly mesgende bir gezek bolup gören adam bu ýere ýene gelmegiň, dynç almagyň, saglygyny berkitmegiň arzuwynda. Çünki bu şypahananyň ýerleşýän ýeriniň howasy jana ýakymly, gözel hem özüne çekiji. Bu günki gün ýurdumyzda birnäçe şypahanalar bolup, olarda halkyň saglygyny dikeltmek we medeniýetli dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Farap», «Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Awaza» we «Bagabat» ýaly şypahanalaryň tebigy çeşmeli suwy, dermanlyk palçygydyr ýiti Gün şöhlesiniň düşüş aýratynlygy düýpli öwrenilip, ol şypahanalar halkyň hyzmatynda. Şeýle şypahanalaryň her biriniň näsaglary we saglygyny berkitmek isleýän raýatlarymyzy kabul etmäge, olara talabalaýyk hyzmatlary hödürlemäge doly mümkinçiligi bardyr. Şeýle şypahanalaryň biri bolan «Arçmanda» alnyp barylýan işler-de guwandyryjydyr.

Möwsümleýin kesellerden goranyň!

Ýiti respirator keselini köplenç wiruslar döredýär. Bu kesel, ululara garanyňda, çagalaryň arasynda köp duş gelýär. Bu çagalaryň 6 aýlykdan 3 ýaşa çenli kesel dörediji wiruslara durnuklylygynyň pesligi bilen düşündirilýär. Möwsümleýin kesellerden goranmak üçin kesele garşy durnuklylygyň ýokary bolmagy zerur. Şol sebäpden keselleriň öňüni almak maksady bilen, şu maslahatlary berjaý etmek hökmandyr:

Saglygymyza paýhasly çemeleşeliň!

Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa üstünlikli hereket edýär. Ýokanç däl keselleriň hatarynda öýkeniň dowamly kesellerine, ýagny pnewmoniýa garşy göreşmekde hem uly işler bitirildi we bitirilýär. Her ýylyň noýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde Öýkeniň dowamly kesellerine garşy bütindünýä göreş gününiň bellenilmegi bu ugurly keselleri we olaryň öňüni almagyň ýollaryny köpçülige düşündirmek işlerini ýaýbaňlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu sene mynasybetli milli we halkara lukmançylygyň soňky gazananlary boýunça saglygy goraýyş işgärleri bilen ylmy-amaly okuwlar, maslahatlar, raýatlaryň arasynda ugrukdyryjy, düşündiriş çäreleri yzygiderli geçirilýär.

«Ýyly suw» — melhemler mekany

Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Bu babatda Diýarymyzyň çar künjeginde gurlan we durky täzelenen şypahanalaryň orny uludyr. Şeýle melhemler ojaklarynyň biri-de «Ýyly suw» şypahanasydyr. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Ýyly suw» şypahanasynyň täsin gyzgyn suwunyň eşreti ençeme ýyl bäri halk arasynda meşhur bolup gelen hem bolsa, bu ýerdäki iň bir häzirki zaman şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşyklydyr. Onuň 80 orunlyk binasy 2009-njy ýylda, 200 orunlyk täze binasy bolsa 2011-nji ýylda ulanylmaga berildi.

Saglyk üçin peýdaly maslahatlar

* Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri bilip, olary berjaý etmäge çalyşmaly. * Ähli iýmitler kadaly ýagdaýda saklanmalydyr.  Gök we bakja önümlerini köpräk iýmeli.

Güýzde

◆ Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içiň! ◆ Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!

Saglyk — başymyzyň täji

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende, howa-damja ýollary bilen geçýär. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Lukmanyň maslahaty

Saglygym — baş baýlygym Sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alyp, zyýanly endiklerden daşda durýan her bir adam ýaşaýşyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygy gazanyp bilýär. Saglygy goramaga oýlanyşykly çemeleşmek her bir adamyň borjudyr.

Güýzde saglygymyza jogapkärli çemeleşeliň!

Göwünleri galkyndyrýan üstünlik

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde uly rowaçlyklara beslenýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy düzümleriniň — BSGG-niň, BMGÖM-niň, ÝUNISEF-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýan güwänamasy gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanylan üstünlikleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Güwänamada tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatit keselini aradan aýyrmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmekde bu üstünligiň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär.

Sagdynlygyň gözbaşy

«Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmasdan burun»

Süýji keseli aşgazanasty mäziň işläp çykarýan gormonynyň ― insuliniň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda bedeniň diňe uglewod çalşygy däl-de, eýsem, ýag we madda çalşygy hem bozulýar. Keseliň döremeginiň sebäbi ganda gandyň mukdarynyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär. Insuliniň ýetmezçiligi zerarly glýukozanyň myşsalara we bedene, ýag gatlagyna geçmegi kynlaşýar. Süýji keseli adamyň horlanmagyna sebäp bolýar. Ol nesil yzarlaýjy häsiýetlidir. Bu bolsa süýji keseli bilen kesellemek howpuny ýokarlandyrýar. Bu görnüşde insuline bolan talap aşgazanasty mäziň işine bagly däl ýagdaýlar bilen düşündirilýär.

Saglygymyza ünsli bolalyň!

Her ýylyň 14-nji noýabrynda Bütindünýä Diabet keseline garşy göreş güni dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden bellenip geçilýär. Bu bolsa süýjüli keseliniň öňüni almakda, oňa garşy göreşiň netijeli bolmagynda, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk ornaşdyrylmagyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Süýjüli keseliniň öňüni almak üçin kadaly iymitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak möhümdir. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň başlangyjy bilen 1993-nji ýylda Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň binýadynda süýjüli keselden ejir çekýän syrkawlar üçin ilkinji okuw mekdebi döredildi. 2000-nji ýylda Diabet merkezi açyldy. Häzirki wagtda ähli saglyk öýlerinde saglyk mekdepleri hereket edýär. Her bir saglyk öýüne gelen raýatlara sagdynlyk babatda wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ylaýta-da, süýjüli keseli iň irki döwürde ýüze çykarmak, onuň döremeginiň öňüni almak üçin bu döwrüň örän wajypdygyny göz öňünde tutup, maşgala lukmanlary nesil yzarlaýjylygy bolan adamlary (semizlikden ejir çekýänleri, uly agramly çaga dogran zenanlary we uly agramly doglan çagalary) gözegçilige alyp, bejergini wagtynda almagy guraýarlar. Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň ýene-de bir esasy ug

Tebigy dermanhana

Keýpiçaglyk, şähdaçyklyk sagdyn ýaşamagyň esasy açarlarynyň biri. Ýaşaýşynyň bagtyýarlygy adamyň saglyk ýagdaýyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Ýagdaýlaryň tersine bolmagy bolsa dartgynlylygyň ýüze çykmagyna getirýär. Dartgynly ýagdaýlarda, elbetde, ilkinji zeper degna ulgamyna ýetýär. Adatça, degna dartgynlylygynda relaksiýa, psihoterapiýa, fizioterapiýa ýaly bejeriş usullary we derman serişdeleri ulanylýar. Ýöne şeýle dermanlar köp mukdarda we dowamly kabul edilende, olara garaşlylyk döreýär. Bulardan başga-da degna dartgynlylygynyň öňüni almakda sintetiki dermanlara derek tebigy ösümliklerden taýýarlanylan melhemlikleri peýdalanmak has maksada laýykdyr. Çünki bu melhemlikleriň himiki usullar arkaly alynýan serişdelerden artykmaçlygynyň köpdügi, ýaramsyz täsiriniň ýokdugy olaryň aýratynlygydyr.

Sagdyn bolmagyň şertleri

Sagdyn bolmagyň esasy şertleriniň biri aşgazanyň işini sazlamakdyr. Munuň üçin dogry iýmitlenmeli we hereket etmeli. Iýmit kabul etmegiň arasy uzak wagta çekýän bolsa, bu madda alyş-çalşygyna ters täsir edýär. Günüň dowamynda 2 gezek iýip-içýän adamlaryň aglabasy agyr we köp mukdarda iýmit kabul edýär. Şeýle etmek bilen olar az iýýändirin diýip pikir edýärler. Emma muňa endik az däl-de, köp iýmäge getirýär. Netijede aşgazan dynç alyp ýetişmeýär. Şonda bedendäki ganyň belli bir bölegi aşgazana kömek etmeli bolýar. Şeýlelikde adam özünde ysgynsyzlyk duýýar. Bu endik wagt geçdigiçe, agramyň artmagyna getirýär. Ýygy-ýygydan ýeňiljek iýmitlenmek bolsa metabolizmiň hemişe hereketde bolmagyny üpjün edýär we aşgazanyň işini ýeňilleşdirýär. Naharyň arasynyň uzaga çekjekdigine göz ýetiren halatyňyzda, gurak iýmitleri, ýagny, hoz, alma, köke iýip bilersiňiz.

Balyk ýagy

Balygy we onuň ýagyny ata-babalarymyz gadymdan bäri halk lukmançylygynda giňden peýdalanypdyrlar. Onuň eti berhizlik önümlere, ýagy bolsa kän dertlere dowa melhemliklere degişlidir. Balyk ýagy çagalary igleme keselinden goramak bilen boýunyň ösmegine hem oňyn täsir edýär. Bu ýag bedenimizdäki öýjükleriň işini işjeňleşdirýär. Gandaky holestriniň derejesini peseldýär we olaryň emele gelmeginiň öňüni alýar.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.