"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ynsan saglygynyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine ýetýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan içeri syýasatyň esasy ugurlary demokratiýanyň, kanunyň, adalatlylygyň hökmürowanlygy bilen bagly bolup durýar. Şuňa laýyklykda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Konwensiýasyndan gelip çykýan öz üstüne alan ähli halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Döwlet derejesinde ilatyň saglygyny goramagyň işjeň syýasaty we strategiýasy «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýedir. Kabul edilenine 28 ýyl dolan bu maksatnama ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda wajyp ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Häzirki günlerde howanyň üýtgäp durmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň ýüze çykmak ähtimallygy artýar. — Şuňa görä saglygymyzy berkitmek we ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli.

Saglygy goraýyş ulgamynyň belent sepgitleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýe bolýar. Golaýda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar bolsa, bu ulgamda alnyp barylýan işleriň has hem öňe ilerleýändigini subut edýär. Ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň ýurdumyza gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini tassyklaýar. Bu güwänama Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendiginiň subutnamasydyr. Resminamada tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatitleri aradan aýyrmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmekde bu üstünligiň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş döwlet maksatnamalary bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen

Il saglygy — ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyl, öňdengörüjilikli syýasatynyň esasyny düzýän, türkmen jemgyýetini batly depginler bilen netijeli ösdürmäge, pugtalandyrmaga, kämilleşdirmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hem halkymyzyň saglygyny goramakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bu beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygynyň goralmagy babatda giň gerimli işler bilen durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamyndaky işleri üstünlikli çözmek üçin, ýurdumyzda halkyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek meselesine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda edilýän işler halkyň bähbidinden ugur alýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreler halkyň saglygyny goramakda, berkitmekde, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almaly. Pasla görä geýinmeli.

Garpyz

Garpyz ganazlyk, ateroskleroz, gipertoniýa, bagyr kesellerinde, aşa semizlikde, artrit, peşew we öt ýollarynyň daş keselleriniň bejergisinde, onkologiki keselleriň öňüni almakda peýdalanylýar. Hünärmenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça garpyzy, esasan hem, günorta nahardan soň ýa-da öýlänlik hökmünde ulanmak has amatly. Çünki garpyzyň düzüminiň köp böleginiň suwdan ybaratdygy sebäpli ol peşew çykaryjy häsiýete eýedir. Şeýle hem garpyz aşgazanda iýmitiň siňmegine oňyn täsirini ýetirýär. Garpyzy aşa köp mukdarda ulanmak maslahat berilmeýär, çünki ol bedenden gerekli mikroelementleriň, aminokislotalaryň köp mukdarda çykmagyna we bedende bu elementleriň ýetmezçiligine getirip biler.

Pasyl çalşygynda peýdaly maslahatlar

Çilimkeşlik sebäpli döreýän kesel

Welaýat onkologiýa hassahanamyza ýüz tutýan raýatlar flurografiýa we rentgenografiýa barlaglaryndan geçirilýär. Şonda öýkende ýekeje düwün tapylsa, onuň howpsuz düwün bolmagy hem mümkin, ýa-da öýkeniň howply täze döremesi bolmagy hem mümkin. Şeýle ýagdaýda birinji bilen aýtjak zadymyz gorkmaly däl, öýkeniň täze döremesiniň 90 göterimi çilimkeşleriň keselidir. Çilim çekýän adamlarda öýkeniň we gyzylödegiň täze döremesi, bronhit, aşgazanyň ýara-baş keseli, miokardyň infarkty, stenokardiýa ýaly keseller köp ýüze çykýar. Çilim çekmeýän bolsaňyz, öýkeniň täze döremesiniň töwekgelçiligi sizde azdyr. Öýkeniň düwünleriniň 90 göterimi howpsuzdyr. Ýöne öýkeniň täze döremesi bilen oýun eder ýaly däldir. Öýkeniň täze döremesine getirýän esasy sebäpleriň biri bolsa çilimkeşlikdir.

Il saglygy — ýurt baýlygy

IRDEN IÝENIŇ ÖZÜŇKI... Lukmanlaryň aýtmagyna görä, ertirlik naharynyň ynsan saglygy üçin ähmiýeti örän uludyr. Ertirlik naharynda süýt we süýt önümleri, gaýnadylan ýumurtga, greçkadan, tüwüden taýýarlanan şüleler bedene köp mukdarda energiýa berýär. Şol sebäpli ertirlik naharyny edinmän işe gitmek ýa-da çagalarymyzy okuwa ugratmak maslahat berilmeýär.

Saglyk — beglik

•Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende, howa-damja ýollary bilen geçýär. •Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin B toparyna hem-de D, C witaminlerine baý bolan önümleri iýmek örän peýdalydyr.

Ýörelgämiz — sagdyn durmuş

Baş baýlygymyz

Ata Watanymyzda halkymyzyň abadan hem bolelin ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, jemgyýetde, aýratynam ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, berk bedenli we sagdyn ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Ynsan saglygy ähli zatdan belentde tutulýan döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgesi barha rowaçlanýar. Bu barada amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sporta we bedenterbiýä bolan höwes barha artýar. Şöhrata beslenýän döwrümizde biziň — ýaşlaryň sagdyn hem ruhubelent, maksada okgunly, kämil adamlar bolup ýetişmegimizde geçirilýän sport çäreleriniň ähmiýeti örän ýokarydyr. Çünki, saglyk bagtyýar durmuşyň kepilidir. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ynsan saglygyny goramakda lukmançylyk ylmyna esaslanyp, dünýä lukmançylygynda gazanan tejribelere laýyk wezipeleri özünde jemleýär.

Pyrtykal

Möwsümleriň sepgidinde sagdyn bolmak üçin witaminlere baý önümleri iýmek juda peýdalydyr. Şu günler, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirmekde, esasan hem, C witaminine baý bolan sitrus miweleriniň ähmiýeti uludyr. Pyrtykal adamlar tarapyndan dünýäde iň kän sarp edilýän sitrus miweleriniň biridir. Ol dürli witaminlere baýdyr. Onuň düzüminde A, C, H, PP ýaly witaminler hem-de B witaminler toplumy bar. Şeýle-de pyrtykalyň düzümi beta-karotine, foliý turşusyna, kaliý, sink, demir, kalsiý, magniý, fosfor ýaly mineral maddalara baýdyr. Pyrtykaldaky flawonoidler hem-de kaliý ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar, şol sanda arterial gan basyşynyň durnukly bolmagyny üpjün edýär.

Alkyşlarynyň çägi ýok

Ýylyň-ýylyna galladan, gowaçadan, gant şugundyryndan, miweli baglardan mahlasy, hemme oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, bu pudakda gazanylýan ösüş-özgerişliklere mynasyp goşant goşup gelýän Baýramaly etrabynyň kärendeçilerdir mülkdarlary, ýer eýeleri, ýaşaýjylary ýurdumyzda uludan toýlanan Hasyl toýunyň öňýanynda şatlykly wakanyň şaýady bolmak bilen, toý keýpiçaglyklaryny goşalandyrdylar. Diňe bir Baýramaly şäheriniň çäginde däl, eýsem, tutuş sebitiň ýaşaýjylaryna-da hyzmat edýän, durky täzelenen we täzeden enjamlaşdyrylan hassahananyň açylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar adamlarynyň saglygy barada edilýän aladalaryň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdygyny ýene bir ýola subut etdi. Çünki ildeşlerimiziň her biriniň jan saglygyny goramak, berkitmek, bejermek ýaly derwaýys işlere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz taýsyz tagallalary edýärler. Durky täzelenen we täzeden enjamlaşdyrylan, 4 gatly, 301 orunlyk, döwrebap, köpugurly hassahananyň dünýäniň ösen döwletleriniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy bolsa, bu ýerde höwes bilen zähmet çekýän ak ýektaýly lukmanlaryň lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilli boljakdygyndan habar berýär. Saglygyny berkitmek isleýän adamlaryň uzak ülke

Halkyň bagtyýarlygy — jemgyýetiň sagdynlygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda ösüşleriň, öňegidişlikleriň her bir ugry hakynda beýik pikirlerini beýan etdi. Şol taryhy çykyşda saglyk ulgamy bilen bagly aýdylan sözler lukmançylyk ugrundan bilim alýan ýaşlar, lukmanlar, mugallymlar üçinem örän gymmatly pikirlerdir. Alym Arkadagymyzyň: «Adam üçin iň möhüm zat — onuň saglygy. Saglyk ruhubelentlikdir. Saglyk dünýäde iň uly baýlykdyr, tükeniksiz hazynadyr» diýip, aýratyn nygtamagynda çuňňur many bardyr. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde, welaýatlarda döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň, kliniki we ylmy-kliniki merkezleriň bina edilmegi, lukmançylyk, sagaldyş-şypahana ugurly edaralaryň durkunyň täzelenilmegi aýdylanlara aýdyň mysaldyr.

Möw­süm­le­ýin ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak

Ýi­ti res­pi­ra­tor ke­sel­le­ri ho­wadam­ja ýol­la­ry ar­ka­ly ge­çip, wi­rus­lar ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýär we esa­san ýo­ka­ry dem alyş ag­za­la­ry­nyň ze­per­len­me­gi­ne ge­tir­ýär. Ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kan­jy giň ýaý­ran ke­sel­le­riň bi­ri bo­lup, esa­san hem, ça­ga­lar­da duş gel­ýär. Ke­sel­li adam­lar­dan ýo­ku­şan bi­rin­ji hep­de­sin­de nä­sag has ýo­kanç­ly ha­sap­lan­ýar. Ho­wadam­ja ýo­ly ar­ka­ly daştö­we­re­ge ýaý­ra­ýar. Be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by pe­sel­ýär. Ke­sel dö­red­ýän wi­rus­la­ryň köp­lü­gi se­bäp­li, bu ýo­kan­ç pa­s­lyň do­wa­myn­da bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­la­nyp bi­ler.

Saglygymyzy goralyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Pasla görä geýinmegi unutmaň!

Saglygymyza jogapkärli çemeleşeliň!

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak we olaryň öňüni almak üçin, keselleriň geçip biläýjek ýollary barada habarly bolmak zerurdyr. Möwsümleýin ýokançlaryň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli näsag adamdan sagdyn adama asgyranda, üsgürende we gepleşende howa damja ýollary bilen geçýär.

Sagdynlygyň gözbaşy

Güýzde ýylylygy saklamak üçin köp kaloriýa gerek bolýar. Şoňa görä-de, gündelik durmuşda kadaly iýmitlenmek, naharlary ýylylygyna iýmek zerur bolup durýar. Güýzde ýygnalan miweleri, gök önümleri iýmeli. Ýeralma, käşir, şugundyr köp wagtlap zaýalanmaýar. Ýöne olaryň düzümindäki peýdaly maddalaryň kem-kemden ýitýändigini göz öňünde tutmaly.

Sagdyn durmuş

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 «Sag­dyn jem­gy­ýet döw­le­tiň berk bin­ýa­dy­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz yn­san sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak ha­kyn­da yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär.