"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ynsan hakyndaky alada Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşde kanser-registriň ähmiýeti dogrusynda aýtsak, bu göreş dünýä ylmynyň we amalynyň iň wajyp meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Howply täze döremelerden keselleýjilik dünýäniň ähli döwletlerinde ösmeklige ýykgyn edýär. Bu ýagdaý Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň köpelmegi we olaryň ortaça ýaşynyň uzalmagy bilen düşündirilýär. Saglygy goraýşyň kömeginiň ýokary derejede guralmagy näsaglaryň bejergiden soňky ýaşaýjylygynyň ýokary bolmagyna gös-göni täsirini ýetirýär.

Saglyk — başymyzyň täji

•Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende, howa-damja ýollary bilen geçýär. •Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek

1-nji dekabr Bütindünýä AIDS-e garşy göreş günüdir Ýurdumyzda ynsan saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmegi, ýaş nesilleri sagdyn ruhda terbiýelemek boýunça çäreleriň giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylmagy, ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen wagyz-nesihat işleriniň güýçlendirilmegi ýokary netije berýär.  Beden we ruhy taýdan sagdyn nesil kemala gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkyň saglygyny goramak, dikeltmek we berkitmek, oňat dynç alşyny üpjün etmek maksady bilen gurlup ulanylmaga berilýän hassahanalar, merkezler, şypahanalar bagtyýar raýatlarymyzyň hyzmatynda.

Ynsanperwer işleriň ilerleýän ýurdunda

Möwsümleýin döreýän ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleri

Möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriniň ählisi näsagdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar. Ilki bilen, kesel başlananda ysgynsyzlyk, başaýlanma, ýürek bulanma ýaly alamatlar ýüze çykýar. Eger wagtynda lukmanyň maslahaty bilen dogry we doly bejergi alynsa, bu kesel hiç bir gaýraüzülmelere getirmeýär. Syrkaw doly gutulýança köpçülik ýerlerinden saklanmalydyr. Öýde beýleki maşgala agzalarynyň bolýan jaýyndan aýry otagda ýerleşdirilmeli we zerur bolmasa onuň düşekden turmazlygyna gözegçilik etmeli. Otagyň içinde günde 3-4 gezek çygly arassalaýyş işlerini ýerine ýetirmeli. Hatda beden gyzgyny ýokarlananda oňa özbaşdak antibiotikleri bermekden saklanmaly. Oňa köp mukdarda suwuklyk (arassa agyz suwuny, gök önümleri we miweli şireleri, almanyň, kakadylan erigiň, garalynyň, kişmişiň şerbedini) içirmeli. Ary baly ynsan saglygy üçin ýokumly azyk önümi bolup, ol dermanlyk maksatlary üçin ulanylýar. Ary baly limon bilen garylyp içilende has-da peýdalydyr. Özüni bal bilen bejerýän adam 3-4 günläp düşekde ýatsa ýa-da öýden çykmasa gowy. Ary baly ýüregiň işleýşine örän oňaýly täsir edýär, sebäbi onuň düzüminde ýeňil siňýän glýukoza köp saklanýar. Glýukoza bolsa, damarlary giňeldýär, gan aýlanyşygy gowulandyrýar. Bala hozuň maňzy goş

Süýji buýanyň peýdasy

Halk lukmançylygynda dermanlyk ösümlikleri hemişe giňden peýdalanylypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda süýji buýanyň biologik häsiýetleri, geografik ýaýraýşy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Gündogar Aziýa ýurtlarynda ulanylyp gelinýän iň gadymy dermanlyk ösümlikleriniň biri bolan süýji buýany (Glycyrrhiza glabra) Günorta Mesopotamiýanyň (häzirki Yrak) gadymy ilaty «janlandyryjy ösümlik» diýip atlandyrypdyrlar. Alymlar Dioskorid we Teofrast buýan köküni üsgülewükde we ýokary dem alyş ýollaryny bejermekde ulanypdyrlar. Ibn Sina bolsa buýan köküni köpsanly keselleri bejermekde maslahat beripdir. Hytaý lukmançylygynda ol ähli derman serişdeleriniň 70 göteriminiň düzümine girýär.

Saglygyň sakasy

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Iýmitiňiziň arassa bolmagyny gazanyň! Munuň üçin azyk önümlerini saklamagyň kadalaryny berjaý ediň!

Saglygym — baş baýlygym

Dänew etrabynyň Seýdi şäher çörek kärhanasynda «Saglygym — baş baýlygym» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň agzalary, şäheriň saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmanlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ilatyň ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilişi, önümçilik kärhanalarynyň iş depgininiň ýylsaýyn ýokarlanýandygy dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi. Lukmanlar ynsan saglygyny goramakda ýokumlara baý, tebigy önümleriň ähmiýetine, önümçilik kärhanalarynda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginiň möhümdigine aýratyn üns çekdiler.

Saglygymyz öz elimizde!

AIDS keseline garşy göreşmek boýunça bütindünýä güni Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji bütindünýä saglyk günüdir. AIW keseliniň öňüni almak üçin adamlaryň arasynda bu kesel barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek zerurdyr. Bu keseliň bardygyny bilmezlik, bu kesel barada sowatlylygyň bolmazlygy keseliň ýaýramagyna getirip biler. AIDS keselini ýüze çykarmak boýunça gan barlaglary geçirilýär. AIW — bu adamyň immunodifisit wirus ýokanç keseli bolup, ol kesel bilen kesellän adamyň immun ulgamynyň zeperlenmegine we adamyň kesele garşy göreşijilik ukybynyň peselmegine getirýär. Immun ulgamynyň zeperlenmegi kesellän adamyň dürli ýokançlyklara garşy göreşmek ukybynyň has peselmegine we dürli ýokançlyklar (inçekesel, meningit, pnewmaniýa, howply täze döreme keselleriň käbir görnüşleri) bilen kesellemegine we keseli agyr ýagdaýda geçirip, soňunyň bolsa heläkçilik bilen gutarmagyna eltýär. AIDS — keselli adamdan sag adama ganyň üsti bilen geçip biler.

Ýaş lukmanlaryň ylmy gözýetimini giňeldip

Paýtagtymyzdaky Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýaş alymlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa merkeziň ýaş hünärmenleri hem-de beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň onkologiýa bölümleriniň lukmanlary gatnaşdylar. Maslahatda tejribeli lukmanlaryň, ýaş hünärmenleriň mowzuklaýyn çykyşlaryna giň orun berlip, olarda degişli saglygy goraýyş edaralarynda onkologik keselleri anyklamak, öňüni almak, bejergisini geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada gürrüň edildi. Halypa lukmanlaryň hem-de ýaş alymlaryň kesel bilen baglanyşykly alyp baran ylmy gözlegleriniň netijeleri tanyşdyryldy.

Ynsan saglygy — bagtyýarlygyň gözbaşy

Saglygy goraýyş ulgamynda wirusly gepatit bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin geçirilýän öňüni alyş çäreleri toplumlaýyn häsiýete eýedir. Ýurdumyzda wirusly gepatitiň epidemiologiki gözegçiligi üstünlikli ýola goýuldy. Wirusly gepatitli näsaglary bejermek üçin kliniki beýanlara laýyklykda, häzirki zaman dermanlary satyn alynýar we paýlanylýar. Serologiki we molekulýar usullary ulanyp, wirusly gepatiti kesgitlemek boýunça barlaghana anyklaýyş ulgamy döredildi.

Sagdynlyk hereketde

Saglygy berkitmegiň, işjeňligi artdyrmagyň, ruhuňy galkyndyrmagyň iň gowy tebigy usullarynyň biri ýöremekdir. Az hereketlilik saglyk üçin zyýanly bolup, dürli keselleriň döremegine getirýär. Şonuň üçin maşk etmegi, ýöremegi endik edinmeli. Her gün on müň ädim ätmek ýa-da arassa howada 30 — 60 minut ýöremek zerurdyr. Zenanlar üçin her gün, ortaça, 2700 ädim ätmegiň hem peýdalydygyny bilermenler belleýärler. Her gün ýöremek myşsalaryň çeýeligini artdyrýar, bedeniň çydamlylygyny güýçlendirýär, ýürek bilen bagly howplaryň öňüni alýar, süýjüli diabetiň saglyk üçin zyýanlylygyny azaltmaga kömek edýär, şeýle hem ýatkeşligi berkidýär, beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar, dartgynlylygy we aladalary azaltmaga ýardam berýär.

Sagdyn iýmitlenmegiň kadalary

Adamyň, ylaýta-da, zenan maşgalanyň bedeninde dürli ýaşda dürli üýtgeşmeler bolup geçýär. Zyýanly täsirlerden bedeni goramak üçin, olar islendik ýaşda-da dogry iýmitlenmegi endik edinmeli. — 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli:

BUHARA FRANKENIÝASY / Франкения бухарская

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Buhara frankeniýasy — frankeniýalar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 30 — 50 sm köpýyllyk otjumak wekili. Baldagy göni, köp sanly, azda-kände şahalanan, umumy esasyndan 4 — 15 sany desseli çykyp duran, esasy sähelçe galyp duran, soňra tas göni, şahalanan, ortasyndan başlap ýa-da diňe ýokarsy silindrik, seýrek uzyn tüýlüje, käte tas tüýsüz, bogunly. Ýapraklary etlek, giň, süýri, esasy togalak, uzynlygy 7 — 12 mm, ini 4 — 7 mm. Bir damarly, gyralary abat, nokatly mäzlije, aşagy çal, ýokarsy dügürli ýaşyl reňkli, tüýsüz, büdür-südür ýa-da unjumak örtük bilen örtülen, dessine gysga sapaga öwrülýär, uzynlygy 1,5—2 mm.

Timar berseň saçlaryňa...

Şamar saçlar gyz-gelinlere aýratyn gelşik berýär. Bu tebigy gözellik her bir ynsany özüne bendi edýär. Toparlanyşyp gelýän talyp gyzlaryň arasyndan şar gara saçlary dyzyna ýetip duran gyzlary görenimizde, birsalym aýak çekenimizi duýman galýarys. Bugdaý sümmüli deý goşalanyp örülen saçlar islendik ynsanyň ünsüni özüne çekýär. Gyz perzendi edep-ekramy, asylly häsiýeti, mylaýymlygy bilen birlikde, şamar saçlar hem has-da göze gelüwli görkezýär. Ene hökmünde-de, mugallym hökmünde-de ýaş gyzlaryň saçlaryna timar berişlerine aýratyn üns berýärin. Saçlaryňa timar bermek babatda enemden, mamamdan öwrenenlerimi gyz agtyklaryma, talyp gyzlara öwredýärin. Ene-mamalarymyz: «Gyz gowusy säher turup saçyn darar, gyz gendesi öýleden soň darak sorar» diýerdiler. «Saçyň öňüni göni açmak ýoluň açylmagydyr», kybla garap üç gezek:

Saglyk — baş baýlyk

Saglyk ynsanyň iň uly baýlygydyr. Bu babatda il arasynda «Saglyk — baş baýlyk» diýen aýtgy bar. Juda jaýdar aýdylan bu jümle ähli döwürlerde-de öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy çuň manyly setirlerinde şeýle diýýär: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» ýa-da «Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, // Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy». Saglygy goraýyş ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze derejelere çykdy. Garaşsyz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar bolmagyny gazanmak maksady bilen giň göwrümli çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu ulgamy ösdürmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işjeň hereket edýär.

Nesil saglygy — bagtyýarlygyň gözbaşy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň guramagynda Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdepde ýurdumyzda «Enäniň we çaganyň hukuklarynyň goralyşy» diýen mowzukda maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, welaýat polisiýa müdirliginiň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, guramanyň Türkmenabat şäher, Saýat we Çärjew etrap geňeşleriniň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrundaky tagallalary esasynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, döredijilik işjeňligini artdyrmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da maslahatda sagdynlygyň wajyp şertlerine eýermek, bedenterbiýe we sagaldyş hereketlerini giňden wagyz etmek, jemgyýetiň asudalygyny saklamak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hem çykyşlar diňlenildi. Bagtyýar ýaşlar öz ýürek buýsançlarynda ýaş nesliň nurana şu gününi we röwşen geljegini berkarar etmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Lukman maslahaty

Ýiti respirator keseliniň ýokanjynyň irki ýüze çykmalary alamatsyz görnüşde başlap, dürli gaýraüzülmelere getirip biler. Adaty ýiti respirator keseliniň ýokanjy birden bedeniň gyzgynynyň galmagy bilen başlaýar. Bedeniň gyzmagyna üşütme, baş aýlanma, myşsalardaky agyry, kellagyry, umumy ysgynsyzlyk goşulýar. Çagalar üçin ýürek bulanma, gaýtarma, garyndaky agyry, içgeçme häsiýetli bolup biler. Ýiti respirator keselli näsag öz wagtynda lukmana ýüz tutup, oňa degişli bejeriş çäresi geçirilse, gaýraüzülmeleriň öňüni alyp bolar. Näsaglary wagtynda sagdyn adamlardan çäklendirmek örän wajypdyr.

Saglyk — rowaçlygyň binýady

Gojaman Köpetdagyň eteginde, ekologik taýdan arassa sebitde ýerleşýän gözel paýtagtymyz dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri hökmünde tanalýar. Dag eteginde ýaşamak, onuň arassa howasyndan dem almak ynsan saglygy üçin örän peýdaly. Saýaly we pürli baglar, ýylyň ähli paslynda açylyp duran al-elwan güller, owadan suw çüwdürimli dynç alyş seýilgähleri, tämiz köçeler, şaýollar sagdyn durmuşda, belent ruhda ýaşamaga mümkinçilik döredýär. Lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, paýtagt şäherimizde ösen döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilýän täze, döwrebap lukmançylyk merkezleri yzygiderli gurulýar. Ine, ýakynda, 14-nji noýabrda hem hormatly Prezidentimiz dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşmagynyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda täze gurulýan desgalaryň ýagdaýy bilen hem gyzyklandy.

Limonyň peýdasy

Güýz paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden we sowuklamadan goranmak üçin pasla görä geýinmeli, şeýle-de jemgyýetçilik we şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri köpräk iýmeli, miwe şirelerini içmeli. Limon sitrus miweleriniň arasynda iň peýdalylarynyň biridir. Ol witaminleriň, ýokumly maddalaryň uly möçberiniň çeşmesi hasaplanýar. Limonyň adam bedenine peýdasy örän köpdür. Ol bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir. Limon tiz garramagyň öňüni alýar. Limonly çaý bedene goşmaça güýç berýär, ýadawlygy aýyrýar. Şeýle-de ol düzüminde demir we kaliý saklaýar. Limon ýokary gan basyşyny sazlaýar. Böwrekde daşyň döremeginiň öňüni alýar. Limonyň şiresi bagryň işini güýçlendirýär. Içegäniň işini sazlaýar.