"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sagdyn iýmitlenmeli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryny, arassaçylyk we beýleki düzgünleri berk berjaý etmeli. 1. Witaminlere we mikroelementlere baý gök önümleri, ter we kakadylan miweleri, süýt we süýt önümlerini iýmeli. Limonly, itburunly, bally çaý, dürli miweleriň ter şireleri örän peýdalydyr. 

Möwsümleýin keselleriň öňüni almakda peýdaly maslahatlar;

Be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­nyň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny ga­zan­mak üçin sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­jaý et­me­li. Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn iý­mit­len­me­li. Ir sä­her we ag­şa­ma­ra aras­sa ho­wa­da ýa­rym sa­gat py­ýa­da ýö­re­me­li. Bur­nuň nem­li bar­da­sy­na ok­so­lin mel­he­mi­ni çal­ma­gy en­dik edin­me­li. Pa­syl­la­ra gö­rä ge­ýin­me­li we wi­ta­min С — as­kor­bin tur­şu­sy­na baý bo­lan önüm­le­ri ka­bul et­me­li (mi­we şi­re­le­ri, bal­ly we li­mon­ly çaý, it­bu­run dem­le­me­si, al­ma, pyr­ty­kal mi­we­le­ri, ke­lem, kä­şir we beý­le­ki bak­ja önüm­le­ri). Iş ýe­ri­ňiz­de we öýü­ňiz­de otag­la­ryň ho­wa­sy­nyň tä­miz bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly. Onuň üçin pen­ji­rä­ni ýa­-da ga­py­ny wag­tal-wag­tal açyp, ota­gy ýe­le­ji­re­dip dur­ma­ly. Mil­li ta­gam­la­ry­myz bo­lan gy­zyl burç go­şu­lan una­ş içmeli. Gy­zyl­bur­çuň dü­zü­min­dä­ki fi­ton­sid­ler, efir ýag­la­ry ýa­ly peý­da­ly mad­da­lar ada­myň be­de­ni­niň ke­se­le gar­şy gö­reş uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Saglyk baş baýlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokary derejede netijeli ulanmak, olaryň ösüşini innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary we saglyk abadançylygy bilen üpjün etmegi düýpli gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak wezipesi öňde durýar.

Täze “Bagabat” şypahanasy gije-gündiziň dowamynda hyzmatlary ýola goýýar

BAGABAT, 1-nji ýanwar (TDH). Şu gün, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap “Bagabat” şypahanasyna bardylar. Şypahana-dynç alyş ulgamy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Diýarymyzyň rowaçlygyna, mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmakda bu ulgama aýratyn orun degişlidir.

Balyň peýdasy

Gadymyýetiň akyldarlary we lukmanlary ynsan ömrüniň uzaldylmagynda balyň ähmiýetiniň biçak uludygyny belläp geçipdirler. Statistiki maglumatlara görä, bal tutýanlar beýleki hünärdäki adamlardan köp ýaşaýarlar, seýrek syrkawlaýarlar, iş ukybyny uzak wagtlap saklaýarlar. Şu ýerde ýene bir bellemeli möhüm zat — bal tutýanlar hiç haçan elhenç düwnük keseli bilen kesellemeýärler. Munuň sebäbini alymlar şeýle düşündirýärler: birinjiden, balary idedilýän ýeriň özboluşly mikroklimaty bar. Bu bolsa ynsan bedeniniň bekemegine ýaramly täsir edýär. Bu ýeriň howasy diňe bir arassa bolman, jana şypa berijidirem. Gülleriň, balyň, mumuň, ary ýeliminiň, gül tozgajygynyň ysyna eýlenen howadan ganyp işleýän balçy ne ýadawlyk duýýar, ne-de ysgynsyzlyk. Jana ýaramly howa adam bedenindäki ähli ýagdaýlary sazlaýjy wezipesini ýerine ýetirýän beýniniň bardasyna oňaýly täsir edýär. Geçmişde yzygiderli bal iýip, uzak ýaşa ýetenleriň sany ýüzlerçe, müňlerçe. Bal idedijiler Mejit Adtem we Wera Minkina 101, Ýurdal Akima 103, Maksim Medow 105, Ajy Amet 106, Fýodor Fionow 115, Artýom Lagnaşwili 150 ýaşap geçipdirler. 144 ýaşan Wasiliý Tişkin, 130 ýaşan Foma Wožnýak, 166 ýaşan Gunakbeý Gaziýew, 147 ýaşan Hansimurad Dadaýew, 150 ýaşan Mahmyt Eýwazow bal tutmak bilen meşgullan

Pasla görä geýniň, sagdyn boluň!

Häzirki wagtda howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň peselmegi arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşary çykylanda, agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen bir hatarda, geýnilýän egin-eşiklere hem aýratyn üns bermekligi talap edýär. Sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak, ýa bolmasa aşa galyň geýinmek saglyk üçin howpludyr. Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, köpçülikleýin awtoulaglara münülende derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň iliklerini ýazdyrmaly we başgaplary çykarmaly. Wagtlaýyn ýyly ýere girip derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

1.Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlän ýagdaýda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2.Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaga endik etmeli.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Elmydama elleriňi arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Agyz-burun örtügini

Möwsümleýin näsaglykdan ägä boluň!

Ýylyň gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin, ilki bilen ýyly geýinmeli, şahsy arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmeli. Munuň üçin daşardan gelnende, nahardan öň we soň elleriňizi sabyn bilen ýuwmaly. Şahsy goranyş enjamy bolan agyz-burun örtüklerini öýden çykylanda hökman dakynmaly. Olary her 2 — 3 sagatdan çalşyp durmaly. Eger dokma senagatynda öndürilýän köp gezeklik örtükler ulanylýan bolsa, olary talabalaýyk arassalanandan soň, iki tarapyndan hem ütükläp dakynmaly. Örtük dakynylmazdan öň agyz boşlugyny duzly ergin bilen çaýkamak, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmak, howpsuz 2 metr araçägi saklamak maslahat berilýär. Öý we iş otaglarynyň temperaturasyna yzygiderli gözegçilik etmeli. Otaglary ýelejiredip, arassaçylyk işlerini geçirip, ýyly saklamaly. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ähmiýeti beýan edilýän üzärlik ösümliginiň guradylan otuny tüsseletmek düzgünlerini berjaý etmeli. Lukmanyň maslahaty bilen buýan kökünden taýýarlanýan melhemlerden peýdalanmaly. Penjireleri, gapylary ýapyp, otaglarda üzärligi mazaly tüsseledip, birsalym goýmaly. Soňra penjireleri açyp, otagyň içiniň tüsse ysyny çykarmak bolýar. Bu arassaçylyk i

Lukman maslahat berýär

Kadaly we dogry iýmitlenmek adama güýç, saglyk berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär, kesellerden goraýar we ýokanç kesellere garşy göreşmäge kömek edýär. Sagdyn bolmak üçin iýmit tertibiňize uly üns berip, dürli nygmatlardan her gün işdä bilen iýip durmaly, naharlananyňyzda sogan, sarymsak ýaly önümleri ulanmaly. Bugdaý unundan taýýarlanan içi ajy gyzyl burçly, sarymsak we süzme goşulan unaşy içmeklik möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseliniň öňüni almak üçin peýdalydyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Antibiotik derman serişdeleri Antibiotik derman serişdeleri XX asyrda alymlar tarapyndan açylyp, ulanylyp başlanylmagy dürli bakterial keselleriň bejergisinde täze basgançak boldy. Ylmyň öňe gitmegi bilen bu derman serişdeleriniň her dürli täze görnüşleri ýüze çykaryldy we dürli keselleriň bejergisinde giňden ulanylýar.

Lukmanyň maslahaty

Lukmanlaryň maslahat berşi ýaly, ak gardan don geýnen gyşyň şu günki günleri howanyň sowuklygy ýa-da howada döreýän dürli ýokançlaryň, tozan bölejikleriniň mukdarynyň artmagy sebäpli, dürli sökellikleriň köpelmek mümkinçiligi artýar. Şunda dürli ýokançlyklardan we zyýanly tozan bölejikleriniň ýetirýän täsirinden goranmak üçin:

Saçagyň bezegi – sagdyn iýmit

Biz Täze ýyly gülki-şatlyk, lezzetli tagamlar bilen garşylaýarys. Saçaga goýuljak tagamlary ýerlikli ulanmagyň, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň saglygy goramakda ähmiýeti uly. Munuň ýönekeýje düzgünleri bar. Geliň, olaryň käbirlerine nazar aýlalyň: Gök önümlerdir miweler saçaga äberilmänkä gowja edilip ýuwulmalydyr.