"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ýiti respirator wirus kesellerinden goranyň!

Gyşyň sowuk howasy, Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi netijesinde adam bedeniniň immun ulgamy gowşap, bedeniň goranyş işiniň peselmegi netijesinde, ýiti respirator wirus keselleri we dem alyş ýollarynyň sowuklamasy, dem alyş ýollarynyň wirus ýokanç keselleri has ýygy duş gelýär. Ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin, şu aşakdaky düzgünler berk berjaý edilmelidir:

Körpeleriň ösüşinde iýmitiň ähmiýeti

Sagdyn iýmitlenmek adamyň ömründe möhüm zatdyr. Ýetginjekleriň bedeni uly adamyňka seredeniňde, beden synalarynyň çalt ösmegi bilen tapawutlanýar. Çagalaryň akyl we fiziki taýdan kadaly ösmegi üçin sagdyn iýmitlenmek gerekdir. Sagdyn iýmitlenmek — bu adamyň kadaly ösmegine keselleriň öňüni almaga ýardam berýän önümler bilen iýmitlenmekdir. Çaganyň iýmit önümlerinde belogyň, ýagyň, uglewodlaryň, witaminleriň we mikroelementleriň gündelik ýeterlik mukdarda bolmagy hökmandyr. Çaga iýmit taýýarlananda et, süýt, balyk we deňiz önümleri, gök we bakja, däneli we kösükli önümler ýeterlik bolmalydyr.

Örtük dakynyň, hem özüňizi, hem töweregiňizdäkileri gorarsyňyz!

Gyşda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasla görä gün tertibini dogry alyp barmak, howanyň derejesine laýyklykda geýinmek zerur bolup durýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howa-tozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly we sowuk howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy hem-de howanyň derejesiniň peselmegi netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär. Agyz-burun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir.

Saglyga peýdaly önümler

Ýurdumyzda bitýän ter gök önümler ýokumlylygy, melhemlik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Olar ynsan saglygyny berkitmekde peýdalydyr. Kädi. Ýylyň ähli paslynda-da saglygymyza peýdaly ekinleriň biri-de kädidir. Ol «tebigy dermanhana» diýlip hem atlandyrylýar. Kädiniň eti, çigidi dertleriň dermany bolmak bilen, halk tebipçiliginde giňden peýdalanylýar. Melhemlik häsiýetiniň ýokary bolşy ýaly, şiresiniň hem mineral düzümi köptaraply bolup, A, B, E, K we C witaminlerini özünde saklaýar. Onda kaliý, sink, demir, kalsiý we magniý, şeýle-de, şiresinde ýaglar, beloklar we mineral duzlar bar.

Ylgamagyň peýdasy

Adamlar asyrlarboýy sagdyn bolmagyň, uzak ýaşamagyň syrlaryny bilmäge çalşypdyrlar. Olaryň bu babatda üstüni açan syrlarynyň ilkinjileriniň biri hem sport bilen meşgullanmak bolupdyr. Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanýan adam özüni mydama ruhubelent duýýar. Hut şonuň üçin hem ylgamagyň peýdasy hakyndaky gyzykly maglumatlary size ýetirýäris. 1. Bedeni taplaýar.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Müň bir derdiň dermany

Sanjymlaryň peýdasy

Il saglygyny nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde saglygy goraýyş ulgamy batly depginler bilen ösdürilýär. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda döwrebap halkara saglyk merkezleri, hassahanalar we saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berildi. Olar döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýär, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary, işine ussat saglygy goraýyş işgärleri bilen doly üpjün edilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerine hem uly üns berilýär. Olara ýaşamak, dynç almak üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary berilýär. Saglygy goraýyş işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň işlemek, ýaşamak we dynç almak üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigine jogap edip, halkymyzyň saglygyny goramakda uly depgin bilen, netijeli zähmet çekýärler. Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen giň gerimli işler döwlet derejesinde alnyp barylýar. Ýokanç däl keselleriň düzümine howply täze döremeler keselleri girýär. Bu keselleriň garşysyna toplumlaýyn, meýilnamalaýyn pudagara işler utgaşykly alnyp barylýar. Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi ilata onkologiýa kömegini bermekde baş edara bolmak bilen öz ugry boýunça ýurdumyzyň umumybejergi ulgamynyň sag

Arassaçylygy berjaý edeliň!

■ Keseliň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň. ■ Ulanylan elýaglyklary ýuwup, gaýnadyň we ütükläň.

Sagdyn iýmitlenmek — sagdyn ýaşaýyş

Sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň iň gowy serişdesidir. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda ýokanç däl keseller, şol sanda semizlik, onuň bilen bagly ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we howply täze döremeler ýokumlaryň, gerekli maddalaryň ýetmezçiligi, iýmitlenmegiň kadalarynyň bozulmagy bilen baglydyr. Soňky ýyllarda dürli keselçilikleriň garşysyna göreşmek boýunça ýurdumyzda köp işler amala aşyryldy. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen duzuň ýodlaşdyrylmagy gazanyldy. Düzümi demir hem-de foliý turşusy bilen baýlaşdyrylan unuň önümçiligi ýola goýuldy we degişlilikde ýod ýetmezçiligi we ganazlyk keselleriniň durnukly öňi alyndy.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Sagdynlyk ruhubelentlikdir

Ýakynda Ahal welaýat Tohumçylyk we sort synag döwlet gullugynyň işçi hünärmenleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden ybarat bolan wagyz-nesihat topary tarapyndan guralan duşuşyk täsirli boldy. Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak maksadyndan ugur alnan duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler eziz Diýarymyzda ildeşlerimiziň saglygyny goramak, dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olaryň bellemegine görä, keselleriň öňüni almakda lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýermegiň, sahşy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sagdyn we kadaly iýmitlenmegiň, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti uludyr.

Pas­la gö­rä geý­niň, sag­dyn bo­luň!

Häzirki wagtda howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň peselmegi arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşary çykylanda, agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen bir hatarda, geýilýän egin-eşiklere hem aýratyn üns bermegi talap edýär. Sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak, ýa bolmasa, aşa galyň geýinmek saglyk üçin howpludyr. Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, köpçülikleýin awtoulaglara münülende, derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň iliklerini ýazdyrmaly we başgaplary çykarmaly. Wagtlaýyn ýyly ýere girip derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.

Saglyk — gymmatly baýlyk

Saglyk hem-de uzak ýaş köp babatda ynsanyň kadaly iýmitlenmegine hem-de işjeňligine baglydyr. Käte bedende ýaşaýyş üçin derwaýys maddalaryň diňe biriniň ýetmezçiligi hem adamyň özüni erbet duýmagyna, gurbatynyň gaçmagyna, işe ukyplylygynyň pese düşmegine ýa-da ýersiz-ýere gaharlanmagyna getirip biler. Şonuň üçin her bir adam bedeninde haýsy maddalaryň ýetmezçilik edýändigini hökmany suratda anyklamalydyr. Mysal üçin, sink ýetmezçiligi ýüze çyksa, ilki bilen, bedeniň keselden goraýjylyk ukyby pese düşýär. Kähalatlarda ýaşy deň adamlaryň biri öz ýaşyndan uly görünýär. Munuň esasy sebäbi bedende sink ýetmezçiligidir. Sink ýetmezçilik etse, bedendäki zeperlenen öýjükler dikelmeýär, täzesi döremeýär, netijede, garrama hadysasy çaltlaşýar. Bedene düşen ýaralar haýal bitýär. Selen, kaliý we ýod ýetmezçiliginde çagalaryň we ýetginjekleriň bedeni kadaly ösmeýär. Adam güýçli dartgynlylyga düşende ýa-da lukmandan maslahatsyz berhiz tutanda, peýdaly maddalar deňagramlylygyny ýitirýär we sink ýeňillik bilen bedenden çykýar. Munuň öňüni almak üçin et, bagyr-öýken, kädi çigidi, nohut, noýba, ýumurtga ýaly önümleri gündelik iýmite goşmak gerek. Selen we kaliý bedende ýeterlik mukdarda bolanda, insult, infarkt, artrit ýaly kesellere hem-de dartgynly

Başymyzda göwher täje deňelen

Serdar etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de Serdar şäheriniň we etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramaklarynda «Başymyzda göwher täje deňelen» ady bilen wagyz-ündew çäresi geçirildi. Oňa medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, okyjylar gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynda halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny hemmetaraplaýyn goramak aýratyn üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň raýatlaryň saglygyny goramakdaky tutumlarynyň köptaraplaýyn häsiýete eýedigi guwandyryjydyr. Bu ugurda amala aşyrylýan işler dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. Il saglygyny goramakdaky döwletli tutumlar ýurdumyzda sporty, bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, ýaramaz endiklere garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlary öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berlen sport desgalary sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň, aýratynam, ýaşlaryň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Saglygymyz öz elimizde

Köpçülik ýerlerinde daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly. Agyz-burun örtüklerini dakynmaly.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukman maslahat berýär

Ýaşaýyş we iş otaglaryny wagtal-wagtal ýelejiretmeli, otagy ýörite niýetlenen zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen, çygly arassaçylyk işlerini yzygiderli amala aşyrmaly. Saglygyň sakasynda arassaçylygyň durýandygy hemmelere mälimdir. Hut, şonuň üçin, şahsy tämizligi doly hem dogry berjaý etmeli. Ertirki maşklar, ylgaw, pyýada ýöremek ýaly sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Gowy ukyňy almaly hem-de bedenterbiýe we sport bilen taplanmaly. Her bir adam pasyla görä geýinmelidir.

Immuniteti pugtalandyrmagyň ygtybarly usuly

Bedeniň kesellere garşy durujylyk ukyby «immunitet» diýlip atlandyrylýar. Adam bedenine daşky gurşawdan howa, iýmit, durmuş galtaşyklary arkaly mikroblar, wiruslar, bakteriýalar we beýleki kesel dörediji mikroorganizmler aralaşyp bilýär. Immun ulgamy gije-gündiziň dowamynda hereketde bolup, bu ýagdaýlara garşy berk durup, işjeň göreşmäge ýardam edýär. Immuniteti pugtalandyrmagyň iň ygtybarly usuly sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmekden ybaratdyr. Dogry iýmitlenmeli, zyýanly endiklerden we nerw dartgynlygyny döredýän ýagdaýlardan gaça durmaly, işjeň hereket etmeli, pasyllara görä geýinmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.