Irki döwründe anyklananda...
Ýokanç däl kesellere degişli bolan süýjüli diabetiň 2-nji tipi dünýäde iň ýaýran keselleriň biridir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli aralykda tutuş dünýäde süýjüli diabet anyklanan syrkawlaryň sany 38 milliona çenli artyp, 463 milliona ýetdi. 2045-nji ýyla çenli olaryň sanynyň 700 milliona ýetmegine garaşylýar. Kontinentler boýunça alnanda bu görkeziji 2030-njy ýyla çenli Ýewropada 22%, Günorta Aziýada 69%, Afrikada 90%-e ýokarlanar diýlip, çak edilýär. Diabetiň halkara federasiýasynyň maglumatlary dünýäde 20-79 ýaş aralygyndaky süýjükeselli näsaglaryň sanynyň 2021-nji ýylda 537 milliondan geçendigini görkezýär. Bilermenleriň pikirine laýyklykda, ýylda täze ýüze çykarylan süýjükeselli näsaglar beýleki keseller anyklanan ähli syrkawlaryň 10%-ini emele getirýär. Olaryň sanynyň her 10-15 ýyldan takmynan 2 esse köpelýändigini hasabat maglumatlary habar berýär. Ösen ýurtlarda süýjüli diabet keseline duçar bolan adamlaryň ABŞ-da, Italiýada, Ysraýylda has köp bolup, Fransiýada, Gresiýada, Ýaponiýada azdygyny hasabat maglumatlary tassyklaýar. Ylmy barlaglaryň netijesi, şeýle hem, süýjükeselli näsaglaryň ömrüniň adatça 5-10 ýyla çenli gysgalýandygyny görkezýär. Bu görkezijiler s