"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Hurmanyň peýdasy

Musulmanlaryň mukaddes aýy bolan oraz aýynda agyz bekleýänler hurmany gündelik iýmite goşmaga aýratyn ähmiýet berýärler. Hurma bedeni kuwwatlandyryjy iýmitdir. Bu diňe bir süýji miwe bolman, eýsem witaminleriň we peýdaly maddalaryň hem çeşmesidir. Miwe mis, demir, magniý, sink, marganes, kaliý, kalsiý we A, C, B1, B2, B6 ýaly witaminlere baýdyr.

Hindistanda banandan ýarany bitiriji sargy hasasy ýasaldy

Hindi alymlarynyň täzeçil gözlegleri oba hojalyk galyndylaryny gaýtadan işläp, ynsan saglygy üçin peýdaly önümleri tapmaklaryna getirýär. Hindistanyň Ylym we tehnologiýa ulgamyndaky geljegi uly gözlegler boýunça institutynyň (IASST) alymlary banan süýüminden ýaralary sargy etmek üçin ekologiýa taýdan arassa lukmançylyk sargy hasasyny döretmegiň hötdesinden geldiler.Banany senagat taýdan gaýtadan işlemek bilen hindistanly alymlar täze çözgütleriň üstünden barýarlar.

Saglygyň gadyryny bilgil…

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edip, zyýanly endiklerden daş duruň! — Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!

Milli mirasy öwrenmek — şu günüň we geljegiň derwaýys wezipesi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny ähli ugurlarda mynasyp dowam etdirýär. «Biz milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyny, taryhy şahsyýetlerimiziň geçen şöhratly ýollaryny ýaş nesle öwretmegi ündeýär. Häzirki döwürde baý mirasymyzy çuňňur öwrenmäge, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga giň ýol açyldy. Taryhy maglumatlara görä, türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň ojagy hökmünde mälim bolupdyr. Bäş müň ýyl taryhy bolan türkmen halkynyň geçmişinde ruhy hem maddy gymmatlyklary miras galdyran ägirt şahsyýetler sanardan köp.

Saglyk — baş baýlyk

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý ediň! * * *

Agyz bek­le­mek ar­ka­ly sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 2024-nji ýy­lyň 11-nji mar­tyn­da mu­kad­des Re­me­zan aýy baş­lan­ýar. Bu aý­da agyz bek­le­ýän­ler­de luk­man­lar sag­lyk bi­len peý­da­ly mas­la­hat­la­ry­ny ber­ýär­ler. Mu­kad­des Re­me­zan aýyn­da si­ziň iý­mi­ti­ňiz adat­da­ky­syn­dan ga­ty ta­pa­wut­lan­ma­ly däl­dir. Agyz bek­le­mek wag­ty­nyň köp wagt do­wam ed­ýän­di­gi se­bäp­li, ha­ýal öz­leş­ýän, ýag­ny siň­me­gi üçin 8 sa­gat tö­we­re­gi wagt ge­rek bo­lan iý­mit­le­ri ka­bul et­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le iý­mit­le­re bug­daý dä­ne­si­ni sak­la­ýan iý­mit­ler, gök önüm­ler, noý­ba, no­hut, mek­ge­jö­wen, ka­ba­çok, ys­ma­nak we beý­le­ki gök önüm­ler, mi­we­ler, gu­ra­dy­lan mi­we­ler, kiş­de, in­jir, ga­ra­ly, min­dal we beý­le­ki­ler gir­ýär.

On iki aýyň soltany

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Agyz bek­le­me­giň sag­ly­ga peý­da­sy

100 ýaşly amerikaly uzak ýaşamagyň syryny paýlaşýar

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 ABŞ-nyň ýa­şaý­jy­sy Çarlz Osing 100 ýa­şy­nyň do­lan­ly­gy my­na­sy­bet­li uzak ýa­şa­ma­gyň syr­la­ry­ny di­le ge­ti­rip­dir. Ol he­mi­şe he­re­ket­de bo­lan­dy­gy­ny, sagdyn iýmitlenendigini we yzy­gi­der­li maşk ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp­dyr.

Saglygyň gadryny bilgil...

– Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. – Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Zyýanly endikler diňe bir saglyga zyýan ýetirmän, eýsem, ol ösen döwletiň medeniýetine gabat gelmeýän närseleriň biridir. Ýaramaz endiklerden daşda durmak dünýä inýän ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý bolmaklygyny gazanmaga mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden goralmagyny kesgitleýän, şeýle önümleriň  Türkmenistana getirilen, ýerlenilen hem-de ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi Watanymyzda adam saglygynyň goralmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

Arkadag şäherindäki dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalarda ilatyň saglygy üçin ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Şolaryň biri-de Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezidir. Kliniki bölümleriň 12-sinden we kömekçi bölümleriň 8-sinden ybarat bolan bu merkezde eneleriň hem-de çagalaryň saglygyna gözegçilik etmek, gorap saklamak we dikeltmek üçin ähli şertler bar. Merkeziň operasion, maslahat beriş, funksional anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, barlaghana, fizioterapiýa, nesil saglygy ýaly bölümleri dünýäniň iň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Käbir lukmançylyk enjamlarynyň ýurdumyzda ilkinji gezek bu merkezde ornaşdyrylandygyny we häzirki wagtda olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ilata hyzmat edilýändigini aýratyn nygtamak gerek.

Sagdyn bolmagyň kadalary

Her paslyň özüne mahsus aýratynlygynyň bolşy ýaly, saglygy berkitmek bilen bagly düzgünleri hem bar. Aýratyn-da pasyl çalşygynda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeklik zerur bolup durýar. Gyňyr gyş paslynyň bahara gezegini geçirmegi bilen, biziň her birimiziň möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmagymyz üçin şu aşakdaky düzgünleri berjaý etmegimiz gerek: Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, paslyň talaplaryna laýyklykda geýniň! * * *

Lukman Hekimiň pentleri

Eşigiňi we bedeniňi arassa tut! * * *

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Il saglygy — ýurt baýlygy

Saglygyň gadryny bilgil … Pasyl çalşygynda keselleriň öňüni almak üçin maslahatlar

Durmuşymyzyň baş ýörelgesi

«Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny ähli zatdan ilerde goýup, beýik işleri amala aşyrýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge we ornaşdyrmaga, adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ajaýyp zamanada ösýän we özgerýän ýurdumyzyň islendik welaýatyny, şäherini, etrabyny, obasyny alanyňda, hormatly Prezidentimiziň halkynyň bagtyýar şu güni, eşretli ertiri üçin amala aşyrýan beýik işleriniň netijesini görmek bolýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgertmelere eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Saglygymyz — baş baýlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän şertlerdir mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Şolaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda il saglygy baradaky aladanyň öňdäki orunda durýandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.

Kadalary berk berjaý ediň!

♦Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. ♦Öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly.

Saglyk ― bahasyz baýlyk

Ýakynda Saýat etrabyndaky Syýadagsakar geňeşliginde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti bilen beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Durmuşyň saglyk serpaýy» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ýol ýörelgelerimize esaslanyp terbiýelemek, olaryň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak maksady bilen, geçirilen duşuşyga geňeşligiň işgärleri, oba ýaşaýjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy. Duşuşykda ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek barada hem-de ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň arasynda şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajyp meseledigi bellenildi. Bu ýere ýygnananlar halkymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.