"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Abu Ali Ibn Sina

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Luk­man­çy­lyk yl­my­ny düýp­li öz­ger­den, dün­ýä yl­myn­da Awi­sen­na ady bi­len ta­na­lan pel­se­pe­çi alym, ta­ny­mal luk­man Ibn Si­na, döw­rü­niň «Il­kin­ji Gip­pok­ra­ty» ha­sap­la­nan Se­ýit Ys­ma­ýyl Gür­gen­li, Mu­ham­met Gaý­maz Türk­men ýa­ly gör­nük­li ýüz­ler­çe türk­men alym­la­ry dün­ýä yl­my­nyň ýi­ti şug­la­ly ýyl­dyz­la­ry­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Şol alym­la­ryň ara­syn­da Abu Aly Ibn Si­na­nyň ady hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de-de giň­den meş­hur­dyr. 

Sag­dyn­lyk — bag­ty­ýar­lyk

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň: «Hal­kyň sag­ly­gy, aba­dan bag­ty­ýar dur­muşy bi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir» di­ýip, aý­ra­tyn nyg­taý­şy ýa­ly, eziz Di­ýa­ry­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da her ýyl giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän äh­li adam­la­ryň baý­ra­my­dyr. Ol her ýy­lyň 7- nji ap­re­lin­de bel­le­nil­ýär.

Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil...

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň şy­pa­ha­na­la­ry ýy­lyň do­wa­myn­da hal­kyň hyz­ma­tyn­da. Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry sag­lyk äti­ýaç­lan­dyr­ma şertnamasyny bag­la­şyp, ýy­lyň do­wa­myn­da şy­pa­ha­na­lar­da sag­lyk­la­ry­ny ber­ki­dip bi­ler­ler. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni alyp ba­ryň, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da du­ruň we bu ba­bat­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­re we ýet­gin­jek­le­re gö­rel­de bo­luň, gü­nüň do­wa­myn­da komp­ýu­ter­ler, smart­fon­lar we plan­şet­ler bi­len az wagt­lyk meş­gul­la­nyň.

Sag­lyk bag­ta ba­ra­bar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sag­lyk adam­za­dyň baş baý­ly­gy­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz ony baş­la­ry­nyň tä­ji­ne de­ňäp­dir­ler. Şu dü­şün­je ne­sil­den-nes­le ge­çip, bi­ziň şu gü­nü­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. Sag­lyk — esa­sy ha­zy­na. Emma Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň aý­dy­şy ýa­ly, onuň gym­ma­ty­na di­ňe syr­kaw­la­nyň­da dü­şün­ýär­siň:

100 ýaşly amerikaly uzak ýaşamagyň syryny paýlaşýar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 ABŞ-nyň ýa­şaý­jy­sy Çarlz Osing 100 ýa­şy­nyň do­lan­ly­gy my­na­sy­bet­li uzak ýa­şa­ma­gyň syr­la­ry­ny di­le ge­ti­rip­dir. Ol he­mi­şe he­re­ket­de bo­lan­dy­gy­ny, sagdyn iýmitlenendigini we yzy­gi­der­li maşk ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp­dyr.

Uky we saglyk

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ho­wa, suw, iý­mit ýa­ly ada­myň ýa­şaý­şy üçin wa­jyp zat­la­ryň bi­ri-de uku­dyr. Ka­da­ly uky ada­ma di­ňe bir dynç ber­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, gü­nüň do­wa­myn­da ka­bul edi­len mag­lu­mat­la­ry, wa­ka­la­ry, şeý­le hem ýat­la­ma­la­ry sel­jer­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ka­da­ly uk­la­mak üçin kä­bir düz­gün­le­ri ber­jaý et­mek sag­ly­gy­my­zy go­ra­mak üçin örän äh­mi­ýet­li­dir.

Bagtyýar çagalygyň mekanynda

Ertirimiziň ýagty geljegi bolan ýaş nesil baradaky alada ýurdumyzda halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalary mähir, alada bilen gurşap alýan beýik ynsanperwerlik ýörelgeleri, taýsyz tagallalary hem aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi birnäçe maşgalalary bagtyýarlyga, röwşen geljegini bagtly, sagdyn günlere besledi. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň, esasan hem kömege mätäç çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermegi bilen pederlerimiziň öňden gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamat dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Saglyk size ýaran bolsun!

Bahar paslynda keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: Bahar aýlary möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin her bir adam öz saglygyny goramaga örän jogapkärli çemeleşip, bellenilen kadalary gyşarnyksyz berjaý etmeli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýermeli.

Ynsan saglygy iň gymmatly hazynadyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda mähriban Watanymyzda häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna daýanýan tehnologiýalar, enjamlar saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Adam saglygy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Halk lukmançylygynyň tejribeleri, bu ugurda yz galdyran şahsyýetleriň ömri, olaryň bize galdyran gymmatly mirasy çuňňur öwrenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede belleniljek akyldar şahyrymyz hem goşgularynda saglyk temasyna aýratyn üns beripdir. Onuň halkyň aňyna müdimilik siňen dürdäne setirlerinde beýan eden saglyk hakyndaky pikirleri häzirki günlerde hem öz gymmatyny ýitirenok. Ol: «Dürdür bu janyň lezzeti, //Saglyk anyň soltanydyr» diýip belleýär. Pyragynyň şahyrana döredijiliginde sagdynlyk we ruhubelentlik, sagdyn durmuş ýörelgesi giňden şöhlelenýär. «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun» diýmek bilen, şahyr saglygyňy kesellemezden ozal gorap saklamagy nesihat edipdir. Dana şahyryň «Çilimkeş», «Nas atan» ýaly goşgulary ýaramaz endikleri ýazgaryp, olara ýigrenç döredýär. Beýik söz ussadynyň ruhubelent we sagdyn ýaşamak, az iýip, az ýatmak, köpräk hereketde bolmak barad

Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni has-da giň gerime eýe etmek, sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratynam, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky işlere aýratyn üns berilýändigi guwandyrýan hakykatdyr. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde ata Watanymyz sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Häzirki döwrümiz sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň zamanasy bolup dabaralanýar. Ýaşlaryň arasynda sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwesi, söýgini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda wagyz-ündew çärelerine hem uly orun degişlidir. Şeýle çärelerde sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, zyýanly endiklerden daşda bolup, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga, sagdyn bedenli bolmaga çagyryşlar belentden ýaňlanýar. Bu çagyryşlardan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty hemişelik hemra edinmegi öz borj

Iýmit zäherlenmesinden ägä boluň!

Howanyň ýylamagy bilen gök-bakja, miwe önümleri ýetişýär. Önümler öý şertlerinde gaplananda, gaplanyş usulynyň düzgünleri doly we dogry berjaý edilmelidir. Bu düzgünler bozulan ýagdaýynda agyr iýmit zäherlenmesine — botulizm keseline sezewar bolunmagy mümkindir. Botulizmi döredýän mikroblar kislorodsyz ýerde köpelýärler.  Öý şertlerinde arassalanmadyk, nädogry gaplanan iýmit önümleri botulizm mikroblarynyň döremegine we köpelmegine sebäp bolýar. Öý şertlerinde nädogry gaplanan hyýar, badamjan garyndysy, burç, marinada ýatyrylan badamjan, duzlanan, kakadylan balyk önümleri has hem howply bolup durýar. Botulizm dürli agyrlykda geçip bilýär. Adam bedeninde näsazlyk, gowşaklyk, agyz boşlugynyň guramagy, sesiň gyrylmagy ýaly ýagdaýlar iýmit zäherlenmesiniň ilkinji gije-gündizlikde ýüze çykýan alamatlarydyr. Köp näsaglarda ýüze çykýan ilkinji alamatlaryň biri görşüň ýaramazlaşmagydyr. Daş-töwerekdäki zatlar dumanyň içinde iki we şondan köp bolup görünýär. Bu alamatlaryň ählisi botulizm keselinde adam bedeninde köpelen zäherleriň merkezi nerw ulgamyna edýän täsiriniň netijesidir. Şunuň ýaly alamatlar ýüze çykan halatynda haýal etmän, lukmana ýüz tutmaly. Eger-de bejergi wagtynda we dogry geçirilmese, agyr netijeler bilen gutaryp biler. Öý şertlerinde gök ö

Saglygyň gadryny bilgil...

Pasyl çalşygynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar Pasyl çalşygynda özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

Sagdynlyk kadalary

Derman senagatynyň önümleri

Ýurdumyzyň çäginde 20-den gowrak bejeriş ähmiýetli çeşmeler bar. Şolaryň biri-de Berzeňňidäki çeşmedir. Onuň 1250 metr çuňlukdan özi akyp çykýan 1-nji guýusynyň düzüminde köpsanly peýdaly minerallary saklaýan suwy bardyr. «Berzeňňi» mineral suwunyň düzüminde azot, kükürtli wodorod gazy, sulfatlar, kalsiý, magniý, az mukdarda ýod, brom, sink, marganes ýaly mikrogoşundylar bar. Gidrogeohimiki nukdaýnazardan, bu mineral suw bejeriji-naharhana suwlar toparyna degişlidir. «Berzeňňi» mineral suwuny iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerinde, dowamly gastritiň beterleşmedik döwründe, reflýuksezofagit motor we ewakuasiýa funksiýalarynyň bozulmagynda, aşgazan we onkibarmak içegäniň baş keseliniň gaýtgynynda, ýokanç däl gelip çykyşly dowamly kolitlerde we enterokolitlerde, içegäniň disfunksiýasynyň beterleşmedik ýagdaýy ýaly kesellerde ulanmak maslahat berilýär. Şeýle-de bu suw endokrin kesellerinde, süýjüli diabetde ulanylýar. «Berzeňňi» mineral suwuny urologiýa kesellerinde, dowamly böwrek ýetmezçiligi we azotemiýanyň ýeňil derejelerinde, dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe ulanmak peýdalydyr. Önümçilikde hil we mikrobiologiýa barlaglary amala aşyrylyp, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, ulanylýan suwuň, çig mallaryň, gaplamalaryň hiline yzygiderli gözegçi

Saglyk — baş baýlyk

Saglyk ähli döwürlerde hem jemgyýetçilik gymmatlygy bolupdyr. Adamlaryň durmuş bagtyýarlygy, ilkinji nobatda, olaryň saglygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Şeýle hem halk aýtgylarynda bagtly bolmagyň on şertiniň dokuzysynyň beden saglygynyň berk bolmagy bilen baglydygy beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň ählisiniň özeninde halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän maşgalalary döretmek, ýaş nesliň bilimli, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky asylly ýörelgeler bar.

Saglyk — baş baýlyk

— Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. — Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Suw we onuň adam bedenine täsiri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ilaty we halk hojalygynyň pudaklaryny suw bilen bökdençsiz, ýeterlik mukdarda üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda suw babatda bitirilýän işler hut şu durmuş hakykatyndan gözbaş alýar. Netijede, halkymyzy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, ekerançylyk meýdanlarynda suwy tygşytly we netijeli ulanmak, suw üpjünçiligi ulgamynda täze döwrebap tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak barada alnyp barylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Suw gorlary ýurdumyzyň tebigy genji-hazynasynyň iň gymmatly bölegidir. Sebäbi suw halk hojalygynyň ähli pudaklary we ulgamlary üçin iňňän zerur serişdedir. Şeýle-de agyz suwy bilen üpjünçilik halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýan suwuň bisarpa tutulmazlygy üçin özboluşly desgalary gurupdyrlar. Halk tebipçiliginde hem suwuň dürli görnüşlerinden ýerlikli peýdalanylyp, dertlere em edilipdir.

Dişleriňi aýap saklamagyň ýollary

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ynsan saglygyny iň ileri tutulýan zerurlyk hökmünde görüp, saglyk hakynda wagyz-ündew çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagyna hem aýratyn üns berýär.

Buýan — dermanlyk ösümlik

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Halkymyzda «Dertliniň dermanyny öz topragyndan gözle» diýlen aýtgy bar. Dermanlyk ösümliklere baý bolan türkmen topragynda islendik derde derman tapmak bolýar. Dermanlyk häsiýeti ýokary bolan şeýle ösümlikleriň biri hem buýandyr. Bu ösümligiň ady grekçeden terjime edilende, «Süýji kök» diýmegi aňladýar. Irki döwürlerde bu ösümligi «Altyn kök» diýip hem atlandyrypdyrlar.

Be­den­ter­bi­ýe, he­re­ket we sport ba­ra­da

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Be­den­ter­bi­ýe ada­myň öz sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge we fi­zi­ki ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len işi­dir. He­re­ket öm­rüň ha­zy­na­sy­dyr.