"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Tomus paslynda peýdaly maslahatlar

— Howanyň aşa gyzan wagtynda Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. — Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Jöwzaly tomsuň ýiti gün şöhlesinden goranyň!

Her bir paslyň özüne mahsus howasy bar. Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň kesellere garşy göreş ulgamyny pugtalandyrýar. Emma Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durulmagy, gezilmegi, işlenilmegi bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Howanyň gyzmagy bedeniň öte gyzmagyna getirýär we merkezi nerw ulgamyna zyýanly täsir edýär. Şol sebäpli hem, her bir raýata gündiz sagat 12:00-dan 15:00 aralygynda Günüň aşagynda gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Gezelenç etýän adamlara bolsa Gün şöhlesinden goranmak üçin açyk reňkli egin-eşik, kelläňe başgap geýmeli ýa-da ýaglyk atynmaly we saýawan götermek maslahat berilýär, şeýle-de Günden goraýjy äýnekleri dakynmaly. «Saglygym-baş baýlygym» diýlişi ýaly, her bir adam özüni Gün urma howpundan goramalydyr!

Suw, howa we saglyk

Tomus pasly dowam edýär. Zähmet rugsadyna çykan ildeşlerimiz ýurdumyzyň şypahanalarydyr dynç alyş merkezleri bilen bir hatarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köpçülikleýin dynç alýarlar. Şoňa görä-de, deňziň kenarynda dynç almagyň aýratynlyklary we adam bedenine edýän täsiri dogrusynda söz açmagy makul bildik. Deňiz suwy adam bedeninde bolup geçýän alyş-çalyş hadysalarynyň işjeňleşmeginde, deri öýjükleriniň we buýnuz gatlaklarynyň täzelenmeginde, öýjükleriň ýagdaýynyň gowulanmagynda peýdalydyr. Deňiz suwuna düşen adam özüni rahat, ýeňil, sagdyn duýýar, onuň keýpi ýokarlanýar, şähdi açylýar. Minerallara we mikroelementlere baý deňiz suwy bogun agyryly näsaglar üçin peýdalydyr.

Siz ýüzmegi öwrendiňizmi?

Çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlaryň biri-de tomusky dynç alyş döwrüdir. Häzir olaryň ençemesi Gökderäniň salkyn jülgelerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, gözel «Awazanyň» goýnunda, bagy-bossanly oba-kentlerimizde dynç alýarlar. Kitap okamak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak olaryň esasy güýmenjeleriniň biridir. Gün, suw, çäge — bular tomsuň aýrylmaz bölegidir. Suwa düşmegiň ilkinji şertleriniň biri ýüzüp bilmeklikdir. Çagalary özbaşdak suwa düşmäge goýberip bolmaz, emma öz gözegçiligiňizde ol ýere alyp gitseňiz, olara ýatdan çykmajak dynç alşy sowgat etdigiňiz bolar.

Ýiti gün şöhlesinden goranyň!

Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň kesellere garşy göreş ulgamyny pugtalandyrýar. Emma Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durulmagy, gezilmegi, işlenilmegi bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Halk arasynda: «Meni Gün uraýypdyr öýdýän, kelläm gaty agyrýar» diýýän adamlara duşmak bolýar. Gün urmak — bu aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsiri netijesinde, beýnä zeper ýetmegidir. Howanyň gyzmagy bedeniň öte gyzmagyna getirýär we merkezi nerw ulgamyna zyýanly täsir edýär. Günüň gyzmagy netijesinde, adamlaryň deri örtügi gyzaryp guraklaşýar we ýadawlyk, kellagyry, başaýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmasy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlamasy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Wagtynda kömek berilmese, näsagyň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkin.

Paýtagtymyzda Halkara ýoga güni geçirildi

Düýn, 21-nji iýunda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Halkara ýoga güni mynasybetli çäre geçirildi. Hindistanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guralan çäräniň başynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri hem-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bütin halky halkara ýoga güni bilen gutladylar. Geçirilen çäräniň çäginde oňa gatnaşanlar ir säher bilen tälimçiniň ussat sapaklary esasynda Olimpiýa stadionynda açyk asmanyň astynda ýoga maşklary ýerine ýetirildi.

Gün şöhlesinden goranyň!

Gün şöhlesi bedeniň immunitetini pugtalandyrýar, ganaýlanyşy gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Şeýle-de bolsa howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda durmagyň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Sebäbi Günüň ultramelewşe şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda deriniň howply täze döremeleriniň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek maslahat berilýär. ● Irden sagat 09-dan soň, öýlän sagat 18-e çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.

Yssy howada

Howanyň çendenaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirip biler. Elbetde, Gün şöhlesi ynsan saglygy üçin juda derwaýys D witamine baýdyr. Gün şöhlesi çagalar üçin hem, uly adamlar üçin hem zerurdyr. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizligiň, ukynyň bozulmagynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldir. Bedene gerek bolan D witaminiň mukdaryny almak üçin ýaş çaga her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, şeýle-de gözleriňe Gün şöhlesinden goraýjy äýnekleri dakynmak we bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen suwuklygyň der üsti bilen köp mukdarda bölünip çykmagy netijesinde, bedendäki deňagramlyk bozulyp, gan goýulaşyp bilýär. Munuň özi insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukyby ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Lukmanlar adama günüň dowamynda 2-3

Lukmançylyk klasteri — «akylly» şäheriň önümçilik mümkinçilikleriniň nusgasy

Arkadag şäheri — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny görkezýän şäher. Ol öz tebigy gözelligi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhratyny dabaralandyrýar. Bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň, her bir raýatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky beýik işleriniň dowamat-dowam bolýan mekanydyr. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda binalardyr desgalaryň 336-sy, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlarydyr beýleki möhüm ähmiýetli desgalar ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda bolsa, esasan, önümçilik desgalaryny gurmak, lukmançylyk klasterini döretmek meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz Arkadag şäherine ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanyşýar. Şu ýylyň 8-nji iýunyndaky iş saparynyň dowamynda-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ähmiýetli şäheriň ikinji tapgyry

Saglygyň gadryny bilgil...

- Tomus paslynda şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri ürç edip iýmeklikden saklanyň. - Kakadylan miweleri maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp kabul ediň, olaryň mikroelementlere baý önümlerdigini unutmaň.

Saglygymyzy goramak öz elimizde

♦Tomus paslynda Günüň ýiti şöhlesinden goranyň. ♦Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin ondan ýerlikli peýdalanyň.

Saglyk — gymmatly baýlyk

Kadalary berjaý edeliň!

Tomus. Dynç alyş. Şypahana

Şu günler tomus, dynç alyş, şypahana sözleri biri-biriniň yzyndan tirkeşip gelýär. Tomus paslynda zähmet rugsadyna çykmak ählimize hoş ýakýar. Rugsada çykandan soň bolsa, göwnüň şypahanada dynç almakdadyr. Şeýle bolansoň, şu günler «Farap» şypahanasynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen ildeşlerimizi görmek tötänlik däl. Çünki bu şypahana olaryň göwnejaý we sagdyn dynç almak üçin ilkinji saýlaýan ýerleriniň biri. Şypahanada şu günlerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, newropotolog lukman Nursoltan Akmyradowa ýüz tutduk: — Tomus möwsüminde şypahanamyz, hakykatdan hem, has köp adamly. Çünki bu möwsümde medeniýetli dynç almak bilen bir hatarda saglygy dikeltmek ugrundaky bejergiler hem has ýerine düşýär. Ýagny, jana şypa, bejeriji mineral suwy bilen meşhur şypahanamyzyň tomus günlerindäki esasy aýratynlygy açyk asmanyň astyndaky bejeriş we dynç alyş çäreleridir. Şypahanamyzda üsti ýapyk howuzlar bilen bilelikde daşarky howuzlar, basketbol we woleýbol meýdançalary hem hereket edýär. Myhmanlarymyz trenažýorlaryň, amfiteatryň hyzmatyndan hem giňden peýdalanyp bilýärler.

Gün şöhlesiniň täsiri

Tomsuň çogly günlerinde — özümizi Günüň ýiti şöhlesinden goramalydyrys. Günüň şöhlesi belli bir derejede D ýokumynyň esasy çeşmesidir. Şuňa görä, Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak üçin irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli. Şol wagtlarda Gün şöhlesi bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyryp, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Günüň ultramelewşe şöhlesi çaganyň dogry ösmegine ýardam berýär. D ýokumy çagalarda igleme (rahit), ulularda bolsa osteoparoz keselleriniň döremeginiň, bedende alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň öňüni alýar. Tomus günleri açyk howada işleýän ildeşlerimize kellelerini ýaglyk, başgaplary bilen örtmeklerini, açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýmeklerini, ýeňleriniň uzyn bolmaklaryny, gözlerine Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynmaklaryny, saýawan ulanmaklaryny maslahat berýäris. Günüň dowamynda 2 — 2,5 litre çenli arassalanylan agyz suwlaryny, gaýnadylyp sowadylan suwlary içmek hem peýdalydyr.

Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşlere eýe boldy. Soňky onýyllyklarda ykdysadyýetde we oba hojalygynda, bilimde we ylymda, medeniýetde we saglygy goraýyş ulgamlarynda il-ýurt bähbitli ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyz gysga wagtyň içinde halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etjek belent özgertmelere eýe boldy. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny täzeçil usullar bilen halkyň saglygyny berkitmäge, keselçiligiň öňüni almaga, şeýle hem raýatlarymyzyň ömrüň dowamlylygyny uzaltmaga giň şert döretdi. Bu maksatnama laýyklykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň wajyp Kararlaryna we görkezmelerine esaslanýan saglygy goraýyş ulgamy ýokary netijelere eýe bolýar. Gysga döwrüň içinde, köp sanly döwrebap, ýokary tehnologiýaly häzirki zaman anyklaýyş merkezleri we hassahanalar gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda raýatlarymyzyň kadaly dynç almaklary üçin şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär we olarda halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin amatly şertler döredilýär. Şeýle şypahanalaryň biri tebigy melhemligi bilen dertlere şypa bolýan «Arçman» şypahan

Baş maksat — halkyň saglygy

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan asylly, sahawatly işler hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, dünýäni

Saglygymyz üçin peýdaly maslahatlar

Adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Sebäbi Gün şöhlesi diş we süňk dokumalaryna zerur bolan D witaminiň işlenip çykmagyna täsir edýär. Gezelençler ir säher, sagat 6-dan 9-a çenli, agşamlyk bolsa 18-den soň bolmaly. Gündiz daşaryk çykylanda kelläňe başgap geýmeli, ýaglyk daňmaly ýa-da saýawanly gezmeli.

Gün şöhlesinden goranyň!

Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň! Tomus aýlarynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýiň!

Gün şöhlesiniň täsirinden goranyň!

Günüň ýagty şöhlesi tebigatyň bize eçilen eşretleriniň biridir. Gün şöhlesi janly-jandar üçin egsilmez güýç we bereket çeşmesidir. Tebigatyň kanuny bizi gurşaýan zatlaryň ählisine deň täsir edýär. Şonuň üçin paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Gün şöhlesinden dogry peýdalanmagymyz hem-de goranmagymyz zerurdyr. Munuň üçin islendik adam arassa howada gezelenç etjek mahaly irden sagat 09:00-dan — 11:00 aralygynda, öýlän 18:00-dan soň, özi-de pasla görä geýnip daşaryk çykmalydyr. Şeýle ýagdaýda kabul edilen şöhle bedenimiziň goraglylygyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyryp, oňaýly täsir edýär.

Jan sag­ly­gyň bol­maz hiç de­ňi-ta­ýy

— Be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny ga­zan­mak üçin sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­me­li. Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn iý­mit­len­me­li. Irden we ag­şa­ma­ra aras­sa ho­wa­da ýa­rym sa­gat py­ýa­da ýö­re­me­li. — As­kor­bin tur­şu­sy­na baý önüm­le­ri (mi­we şi­re­le­ri­ni, bal­ly we li­mon­ly gök ça­ýy, it­bu­run dem­le­me­sini, al­ma, pyr­ty­kal mi­we şi­re­le­ri­ni, ke­lem, kä­şir we beý­le­ki bak­ja önüm­le­ri) ka­bul et­me­li.