"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Baş baýlygyň şanyna

Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sagdyn jemgyýeti gurýarys» ady bilen sport çäresi geçirildi. Oňa mekdebiň talyplary işjeň gatnaşdylar. Çäre baş baýlyk hasaplanylýan saglyk baradaky çykyşlardyr, ajaýyp goşgular bilen başlandy. Soňra bäsdeşler sportuň dürli ugurlary boýunça toparlaýyn ýaryşyp, öz ezberligini, çalasynlygyny görkezdiler.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Demir we aýna gaplara gaplanan iýmit önümlerini paslyň yssy günlerinde ürç edip kabul etmeklikden saklanmaly. Kabul etmekçi bolsaňyz, olary söwda merkezlerinden satyn almaly. Öý şertlerinde olary talabalaýyk we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamaly we ulanmaly! ***

Saglygy goraýyş ulgamyndaky ýetilen sepgitler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda halk bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerilip, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de olary ýok etmek boýunça saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda uly işler alnyp barylýar. Şeýle netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynyň hyzmatynyň hilini ýokarlandyrýar we onuň elýeterliligini üpjün edýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijesinde, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine çykaryldy. Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamyna halkara ölçeglerine we talabyna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylyp, türkmen lukmanlarynyň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar. Şeýle hem dünýä lukmançylygynyň gazananlaryndan ugur alnyp, täze bejeriş usullary kämilleşdirilýär. Şol esasda dünýäniň ençeme döwletiniň lukmançylyk merkezleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk saklanýar. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurtly hünärmenler bilen keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak boýunça tejribe alşylýar.

Bagtyýar geljegiň gaýym binýady

«Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr!» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýagty geljegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuş hakykatyna öwürýär. Howandarlyga mätäç çagalaryň arkasynda dag ýaly durýan, hossarlyk aladalary bilen olaryň maşgalasyny Gün ýaly çoýýan lukman Arkadagymyz körpe nesliň saglygy bilen ýygy-ýygydan gyzyklanyp, degişli işleri geljekde-de dowam etdirmek üçin Türkmenistanyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýeterlik serişdeleriniň bardygyny belleýär. Bu ynsanperwer ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryndan badalga alyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna hem özüniň nurly şöhlesini saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri we ruhy gymmatlyklary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimize haýyr-sahawat işini ösdürmekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, özara kömek bermek ýörelgelerini durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine berýän hemişe

Sagdyn jemgyýet — sagdyn döwlet

Adamyň baş baýlygy hasaplanylýan saglyga bagyşlanyp, bütin dünýäde uly çäreler, baýramçylyklar geçirilýär. 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu şanly sene ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Eziz Diýarymyzda-da bu şanly sene jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini özünde jemleýän baýram hökmünde giňden bellenilýär. Şu günler hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ähli ýerde sport-sagaldyş çäreleri, wagyz-ündew işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Ösüşleriň belent sepgidi

Bu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň şanyna tutulýan toý dabaralary, biz — saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň kalplaryny hem buýsançly duýgulara gaplaýar. Ýurt derejesinde amal edilýän şeýle işler barada söhbet edilende, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen datly miweleri, bitirilen işler, hususan-da, saglygy goraýyş ulgamyndaky möhüm wezipeleriň amal edilişi dogrusynda söhbet etmek has-da ýakymly. Sebäbi dürli pudaklardaky döredilen döwrebap şertleriň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hem gazanylan ägirt uly ösüşleriň aýdyň netijelerini halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine uýmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary we üns-aladalary netijesinde abadan durmuşda ýaşaýandygyndan hem görmek bolýar. Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berk goýlup, bu ugurdaky işler täze ylmy gözlegler bilen dowam etdirilýär. Ylmy-barlaglaryň, tejribeleriň derejesi ýokarlanýar we hünär kämilligi yzygiderli ösdürilýär. Şunuň esasynda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli saglygy goraýyş ulgamynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda möhüm işler bitirildi we öňde goýlan wezipeleriň hem-de mak

Ýaşaýşyň synmaz sütüni

Biri-birinden aýryp bolmaýan käbir düşünjeler bolýar. «Sport» we «saglyk» düşünjelerini hem şolaryň hatarynda görkezip bileris. Şonuň üçin hem ýene üç günden belleniljek Bütindünýä saglyk güni, şol bir wagtyň özünde, sportuň hem uly baýramydyr. Saglyk ― bejergiden ozal goralmaly gymmatlyk. Saglygy goramagyň esasy sütünleriniň biri bolsa sportdur. Sportuň ýaryş, ýeňiş ruhy hem gönüden-göni ynsan saglygyna oňyn täsir edýän aýratynlyklar. Hususan-da, ähli zadyň elimiziň aýasyna gelen sanly döwürde sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti has öňe çykýar. Döwletli Diýarymyzda sport bilen meşgullanmaga döredilen we döredilýän mümkinçilikler sporty ýaran edinýän ildeşlerimiziň sanyny hem yzygiderli artdyrýar. Olaryň agramly bölegi bolsa geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlardyr.

Saglygyň we gözelligiň miwesi

Sitruslar maşgalasyna degişli bolan limon halk lukmançylygynda öňden bäri birnäçe keseli bejermekde giňden ulanylýar. Limonyň düzüminde pektin maddalary, kaliý, mis, fitonsidler, С, B we P toparlaryna degişli ýokumlar we kartin köpdür. Şol sebäpden limon sarygetirme keselinde, beden boşluklaryna suw ýygnananda, böwrekde daş emele gelende, inçekeselde, aşgazan, bogun, bil, guragyrylarda peýdalanylýar. Suw garylan limon şiresi agyz boşlugynyň, damagyň nemli bardalarynyň çişme kesellerinde çaýkamak arkaly peýdalanylýar. Şeýle-de limon we ondan taýýarlanylan demlemeler bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakda örän haýyrlydyr. Ol, esasan hem, sowuklama keselinde peýdalydyr. Limon kosmetiki serişdeleriň önümçiliginde hem peýdalanylýar. Ondan taýýarlanylan önümler ýüzde döreýän menekleri we tegmilleri aýyrmaga kömek edýär. Şu maksat bilen limondan ýörite melhemlikler, ýapgylar taýýarlanylýar.

Geliň, maşk edeliň!

Hereketjeňlik we işjeň dynç alyş sagdynlygyň gözbaşydyr. Yzygiderli ýerine ýetirilýän beden maşklary keseliň öňüni almaga ýardam edýär, ömrüňi uzaldýar. Irden ýerine ýetirilýän maşklar bejerijilik häsiýetine eýedir. Bedenterbiýe maşklary gan aýlanyşygyny güýçlendirýär, dem alşy çuňlaşdyrýar we madda alyş-çalşygyny ýokarlandyrýar. Netijede adam günüň dowamynda özüni şähdaçyk duýýar. Hereketjeňlik ganyň düzümindäki holesteriniň azalmagyna gan damarlarynyň giňelmegine we gan basyşynyň kadalaşmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle-de sagaldyş maşklary ýygy duş gelýän keselleriň — ýasydabanlygyň, içgatamanyň, bognagyrynyň, ukusyzlygyň, aşa ýadawlygyň, semizligiň, gan basyşynyň ýokarlanmagynyň öňüni alýar. Dem alyş ýollarynyň işleýşini kadalaşdyrýar, myşsalary pugtalandyrýar. Öýkende ýerleşýän howa haltajyklarynyň — alweolalaryň göwrümini artdyrýar. Alweolalar bolsa adam dem alanda, öýkeniň dem alyş ýollaryna düşýän kislorodyň özleşdirilmegini, gana siňdirilmegini üpjün edýärler.

Bagtyýarlygyň bagt bagynda

Adamlaryň saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge dünýä derejesinde örän uly üns berilýär. Bu biziň ýurdumyz babatda hem şeýledir. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň saglygyny goramak hem-de ilatymyzy ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Sagdyn bolmak üçin sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti örän uludyr. Ýurdumyzda sporty ösdürmegiň esasy maksady sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda sport desgalarynyň uly toplumy gurlup ulanylmaga berildi.

Gözler bedeniň aýnasydyr

«Göz — kalbyň aýnasy» diýilýär. Aslynda welin, göz ynsanyň tutuş bedeniniň saglyk ýagdaýyny äşgär edýär. Çünki görüş agzalarynyň ýagdaýyna görä, bedeniň içki agzalarynyň işleýşini anyklamak mümkindir. Gözler, ilkinji nobatda, bedendäki holesteriniň derejesini mälim edýär. Gözleriň saralmagy bilen bagyr näsazlyklarynyň, ýagny, gepatit keseliniň ilkinji alamatlaryny anyklamak mümkin. Gözleriň guramagy bolsa A ýokumynyň we arassa howanyň ýetmezçiliginden habar berýär. Şeýle-de dartgynlylyk ýagdaýy hem gözleriň bu hala düşmegine getirýär. Şu hili ýagdaýlar ýüze çykan dessine lukmana görünmek maslahat berilýär. Şeýle-de göz lukmany gündelik iýmitimiziň düzümine käşiri goşmagyň hökmanydygyny nygtaýar. Munuň ýaşaýşymyzyň diregi bolan görer gözümiziň sagdyn bolmagyna haýry degýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bereketli ýaz paslynda her ýyl Bütindünýä saglyk güni uly dabara bilen bellenilýär.

Tebigat bilen sazlaşyk

Gözel tebigatymyzyň bize eçilen jana şypaly dermanlyk ösümlikleri sanardan köpdür. Adamzat nesli ençeme asyrlap ilkinji «tebigy dermanhana» hökmünde dermanlyk ösümliklerden peýdalanypdyr. Ata-babalarymyz tebigatyň melhemlik güýjüne ynanyp, ot-çöplerdir miwelerden halk tebipçiliginde giňden peýdalanypdyrlar. Islendik janly-jandar ýaly adamzat hem ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde köp sanly dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýeti we mümkinçiligi lukmançylykda ylmy taýdan tassyklanandyr. Gündelik durmuşda her birimiziň giňden peýdalanýan bejeriji serişdelerimiziň aglaba bölegi dermanlyk ösümlikler esasynda taýýarlanandyr. Ol ösümlikleriň käbiri bolsa köp keselleri bejermekde ýeke-täk serişde hökmünde hyzmat edýär. Ylmy lukmançylygyň dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçesiniň bejerijilik häsiýetini ýüze çykarandygyna garamazdan, olaryň köp bölegi häzire çenli doly öwrenilen däldir.

Peýdaly maslahatlar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Mähriban ildeşler, bu babatdaky işlere mynasyp goşandymyzy goşmak maksady bilen käbir maslahatlary size ýetirmegi makul bildik. Türkmenistanyň şypahanalary ýylyň dowamynda halkyň hyzmatynda. Saglyk ätiýaçlandyrma baglaşyp, ýylyň dowamynda şypahanalarda Türkmenistanyň raýatlary saglyklaryny berkidip bilerler.

Baş baýlygyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiz aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Nurana geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşda ýaşamagy, bilimli-terbiýeli, ilhalar, ata-enesine, il-günümize, ata Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmegi, olaryň beden taýdan sagdyn bolmagy, sport bilen meşgullanmagy, dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ähli welaýatlarda gurlup ulanmaga berlen «Ene mähri» merkezleri, durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şonuň netijesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesi halkara ülňülere laýyk getirilýär.

Alma

Adam bedenine peýdaly iýmit önümleriniň biri hem almadyr. Almanyň düzüminde köp mukdarda iýmit süýümleriniň saklanýandygy sebäpli, ol iýmit siňdiriş ulgamyna, şol sanda içegeleriň kadaly işleýşine, iç gatamanyň we içegeleriň ýellenmeginiň öňüni almaga oňaýly täsir edýär. Ganyň düzüminde holesteriniň mukdarynyň peselmegine täsir edip, gan damarlarynyň dykylmagynyň öňüni alýar. Onuň düzüminde polifenollaryň, şol sanda flawonoid epakatehiniň bolmagy gan basyşynyň peselmegine kömek edýär. Almanyň düzüminde C witamininiň, kaliniň bolmagy immun ulgamynyň berkemegine täsir edip, bedeni ýokançlardan goraýar. Böwrekleriň kadaly işlemegine täsir edýär. Yzygiderli kabul edilende, alma düzüminde kwersetiniň saklanýandygy sebäpli degna ulgamynyň işjeňligine, degna öýjükleriniň zeperlenmeginiň öňüni almaga peýdalydyr. Almanyň düzümindäki C, E we A witaminler ýüzüň deri örtüginiň owadan öwüşginli we çeýe bolmagyna oňyn täsir edýär. Şol sebäpli alma şiresinden taýýarlanylan ýapgylar kosmetologiýada giňden ulanylýar.

Sagdynlyk kadalary

Hurma — miweleriň seresi

Hakykatdan hem, hurma ajaýyp tagamly iýmiş bolup, ol uly palma agajynyň miwesidir. Palma agajynyň boýy 25 metre, ýapraklarynyň uzynlygy 15 metre çenli ýetýär. Palma hurmasy adamlaryň ilkinji medenileşdiren ösümligidir. Bu miwäni araplar “Ýaşaýşyň miwesi”, “Çölüň çöregi”, “Tebigatyň ammary” diýip atlandyrypdyrlar. Hurmany iýmit önümleri bilen ýerini çalşyp ulanmak mümkindir. Araplar hurmany çörek deregine hem ulanýarlar. Palma hurmasy beloga, ýaga, uglewoda, mineral maddalara, organiki kislotalara baýdyr. Guradylan hurma özünde ähli peýdaly maddalary saklaýar. Palma hurmasynyň bedene täsirleri:

Saglygyň gadryny bilgil...

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň şypahanalary ýylyň dowamynda halkyň hyzmatynda. Türkmenistanyň raýatlary saglyk ätiýaçlandyrma baglaşyp, ýylyň dowamynda şypahanalarda saglyklaryny berkidip bilerler. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde belli bir az wagtlyk meşgullanyň.

Ýurdumyz — sagdynlygyň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap badalga alan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, maksada okgunly, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky işlere aýratyn üns berilýär. Şol işleriň üstünliklere beslenmeginiň netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Häzirki ajaýyp zamanamyz ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda bolup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň döwri bolup dabaralanýar. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň migrasiýa gullugynyň işgärleri hem sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize mäkäm ornaşdyrmak, raýatlaryň arasynda sporta bolan höwesi artdyrmak boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar. Geçirilýän wagyz-ündew çärelerinde edilýän çykyşlar ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, olary sagdyn bedenli, ruhubelent bolmaga çagyryş bolup ýaňlanýar.