"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sagdyn jemgyýetiň daýanjy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanyşa girizilen gününde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Şunda döwrebap lukmançylyk edarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly iki sany emeli böwrek enjamynyň sowgat berilmegi has guwandyryjy ýagdaýdyr. Ol dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly, olaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde welaýat çagalar hassahanasyna haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamyny sowgat hökmünde gowşurandygyny hem nygtamak gerek. Bu enjam hassahananyň reanimasiýa bölümin

Immunizasiýa barada maslahat

Aprel aýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem her ýyl bellenilýän, adamlaryň saglygy we abadançylygy babatda öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat etmäge gönükdirilen immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokok, rotawirus ýokançlaryna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär. Şeýle hem raýatlaryň isleglerine görä möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.

Sagdyn nesil — röwşen geljek

Saglyk, sagdyn durmuş — tutuş jemgyýetimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk, abadan, bagtyýar durmuşyň gözbaşy. Eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Her ýylda hemişelik Bitarap ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi we bu möhüm çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özüniň hem gatnaşyp, watandaşlarymyza görelde bolmagy her birimiz üçin buýsançly pursatlara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirilip, «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga alan bu sport çäresine ildeşlerimiz agzybirlik bilen gatnaşdylar. Munuň özi halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsine öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişleriň Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirilmegi «Tegelek stol» maslahatlarynyň, duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň we görkezme çykyşlarynyň, wagyz-nesihat, bedent

Baş maksat — halkymyzyň saglygy

Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi dowam edýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, peder ýoluny paýhasly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamy halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Maşgala lukmançylygy Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen häzirki wagtda has kämil derejä ýetirildi. Çagalaryň we uly ýaşly adamlaryň arasynda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ýaşyna görä guramaçylykly ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurdumyzda birnäçe ýokanç keseller (drakunkulýez, ýabany poliomiýelit keseli, gyzamyk, gyzylja we gyzdyrma keselleri) düýbünden ýok edildi.

Saglygy goraýşyň kämil eseri

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Bu günki gün her bir raýatyň saglygyny berkitmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan her bir jildi dünýä okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylanan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan — melhemler mekany. Bu mukaddes mekanyň topragy dermanlyk ösümlikleriniň ençemesini özünde jemleýär. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, milli gymmatlyk derejesine ýetiren halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri ylmy esasda öwrenmek, şeýle melhemlik ösümlikleri bolan tebigaty goramak we geljekki nesillere ýetirmek — bu mukaddes toprakda dünýä inen her bir ynsanyň perzentlik borjudyr. Şeýle gaýragoýulmasyz borjy amal etmekde bolsa, ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri dogrusynda gymmatly maglumatlary beýan edýän ajaýyp eser ýazyp, häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlaryna ähmiýetli goşant goşan Gahryman Arkadagymyz her bir türkmen nesline nusgalyk görelde.

Görer gözüň gymmaty

Dünýäniň ýagşy zatlaryny görmek gowulykdan nyşan. Olary biziň kalbymyza ýetirjek zadymyz bolsa, nurly didelerimizdir. Ynha, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi täze döwrüň lukmançylyk ojagy bolup, esasan, durmuş taýdan goraga mätäçlere, ýagny çagalara, hereketi çäklenen raýatlara, uruş weterany bolanlara we olaryň yzynda galanlaryň göz kesellerine uçranlaryna hyzmat edýär. Hususan-da, näsaglara gije-gündiz gaýragoýulmasyz oftalmologik kömek berilýär. Ylmy-kliniki merkeziň lukmanlarynyň guramaklarynda mekdep ýaşly çagalaryň arasynda göz keselleriniň öňüni almak we ýaýraýjylygyny peseltmek maksady bilen, Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde görüş ýitiliginiň peselmesi barlagynyň — skrining maksatnamasy boýunça her okuw ýylynyň ilkinji günlerinde amaly maslahatlar geçirilýär. Merkeziň lukmanlary göz keselleriniň öňüni alyş işleri boýunça meýilnamanyň çäginde okuwçylarda görüş ýitiliginiň barlagyny geçirýärler. Çagalarda pes görüjiligiň öňüni almak maksady bilen, keselçilige getirip biljek başlangyç gaýra üzülmeler seljerilýär. Mekdeplerde pes görüjiligiň öňüni almak babatda wagyz-nesihat duşuşyklary, şeýle-de tomusky dynç alyş möwsüminde

Immunizasiýa hepdeligine

Baş baýlygyň goragynda Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde her ýyl immunizasiýa hepdeligini geçirmek yzygiderli ýola goýulýar. Öňüni alyş sanjymlary iň zerur we howpsuz saglygy goraýyş çäreleriniň biridir. Bu jemgyýetçilik çäresi her ýyl «Keseliň öňüni alyň! Saglygyňyzy goraň!» diýen şygar bilen geçirilýär.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň! Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň!

Saglygyň gadyry

Ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmakda, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda ýetilen belent sepgitler, alnyp barylýan giň gerimli işler berkarar Watanymyzda döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny doly tassyklaýan subutnamalardyr. Halkymyzyň saglygyny goramakda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýä hil ülňülerine laýyk getirmekde gazanylan üstünliklerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy eýýamda bu maksatnamada kesgitlenilen möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek üstünlikli dowam etdirilýär. Alnyp barylýan bu işler saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde ýetilen sepgitleri has-da pugtalandyrýar. Ynsan saglygyny goramak, ilki bilen, keselleriň öňüni almak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, keselleriň öňüni almaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirilen işler, ilatymyzyň dürli gatlaklarynyň arasynda ýola goýlan saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary, bejeriş çäreleri nusgalykdyr. Munuň özi ilatyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Berjaý edilmeli kadalar

♦Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerden, smartfonlardan we planşetlerden belli bir wagtlyk peýdalanyň. ♦Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan saklanyň, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň. Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içiň. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Zyýanly endik — jana zulum Hakykatdanam, alymlaryň we lukmanlaryň seljermeleri çilimkeşligiň jana zulumdygyny, onuň ynsanyň saglygyna uly zyýan ýetirýändigini subut edýär. Şonuň üçinem temmäki önümleriniň ulanylmagyna, çilimkeşlige garşy göreşmek hemişe derwaýyslygyna galýar. Çilim çekilende ol adamyny ýuwaş-ýuwaşdan zäherleýär. Iň ýaman ýerem, çilim çekýäniň ýanyndakylar ýa-da maşgala agzalary hem temmäkidäki nikotinden dem alyp zäherlenýärler.

Limon suwunyň peýdasy

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, limon suwy adamyň göreşijilik ukybyny güýçlendirýär we keýpini göterýär. Çünki, limonyň düzüminde adamyň göreşijilik ukybyny berkitmäge mümkinçilik berýän «C» witamini bar. Şeýle hem limon suwy dürli ýokançlyklara, bokurdak agyrylaryna garşy göreşmäge hem kömek edýär. Umuman, limon suwy bedeni arassalaýar, içegäniň işine agramyň azalmagyna ýardam edýär. Her gün irden ajöze limonly suw içmek maslahat berilýär. Bir bulgur ýyly suwa ýarty limonyň suwuny sykyp içseň, özüňi örän sagdyn duýarsyň. Sebäbi, limonly suw alyş-çalyş hadysasyny we iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrýar. Ol adama berhiz tutmakda hem ýaramlydyr.

Immunizasiýa hepdeligi dowam edýär

Häzirki döwürde ýiti ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy usullarynyň biri immunizasiýa çäreleri, ýagny ilat arasynda sanjymlama işleriniň geçirilmegidir. Ýokanç kesellere garşy gorag immunitetini gazanmak üçin her bir çaganyň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almagy wajypdyr. Bu ugurdaky işler degişli tertip boýunça geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlary epidemiologik abadançylygy saklamagyň esasy şerti bolup durýar. Bu abadançylyk birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalara we uly ýaşlylara sanjymlama işleriniň 95 — 99 göterim derejede geçirilendigi bilen baglydyr. Öňüni alyş çäresiniň durnukly ýokary derejede saklanmagy keselleriň düýbünden ýitip gitmegine getirýär. Muňa Ýewropa sebitiniň 2002-nji ýylda poliomielit keselinden azat bolandygyny mysal getirmek mümkin. 2005-nji ýylyň aprelinden başlap, köp ýurtlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça her ýyl immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň esasy maksady ene-atalaryň, hossarlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ýolbaşçylaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri arkaly öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Saglyk üçin peýdaly maslahatlar:

– Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmeli. – Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.– Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. – Arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.– Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmaly. – Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda howanyň aşa gyzan döwründe Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. – Gök önümleri kabul edeniňizde, gigiýeniki talaplary berjaý etmegi unutmaň!

Sagdynlygyň gözbaşy

Döwletimiz tarapyndan halkyň, şol sanda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin belent maksatlar we wezipeler goýulýar. Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylan günündäki taryhy wakalar munuň aýdyň subutnamasy boldy. Degişli merkeziň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden çagalaryň gatnaşmaklary we olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň çuň mazmunlydygyny ýene bir gezek subut etdi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky işler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň badalga almagy bilen uly ösüşleriň ýoluna düşdi. Şoňa laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler dur

Zeýtun

Zeýtun ösümligi dünýäde asudalygyň, parahatçylygyň, ýagşylygyň nyşany hasaplanýar. Maglumatlara görä, dünýäde 800 milliona golaý zeýtun agajy bolup, olar ortaça 300 ýyldan artyk ýaşamaga ukyply hasaplanýar. Ösümlik ýylaşa bol hasyl berýär. Zeýtun miwelerini iýmitlik hökmünde ulanmak üçin ol ýörite gaýtadan işlenilýär. Bu ösümlikden alynýan ýag adam saglygy üçin iň peýdaly önüm hasaplanýar. Onuň miwelerinden hem-de ýagyndan dürli tagamlar taýýarlanýar. Zeýtunyň ýagy kosmetologiýada hem-de derman senagatynda gymmatly goşundy hökmünde ulanylýar. Zeýtunyň saglyga peýdasy-da adamlara gadymy döwürlerden bäri belli bolupdyr. Ösümligiň miwesi dürli witaminlere we mineral maddalara baýdygy bilen tapawutlanýar. Miwe A, B, С, Е, K witaminlerine, beloga, pektine, demir, fosfor, selen, magniý hem-de kaliý ýaly mikro we makroelementlere, antioksidantlara baýdyr. Şol sebäpden zeýtun adam bedeniniň kesellerden goranyjylyk ukybyny güýçlendirýär, bedeniň witaminler, peýdaly serişdeler bilen üpjünçiliginiň üstüni ýetirýär. Zeýtun miwesi iki öwüşginde, ýagny açyk ýaşyl ýa-da gara reňkde bolýar.

Sagat ýaşaň!

*Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. *Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Ynsan ömrüniň goraglylygy ugrunda

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy dünýä standartlarynyň derejesine çykaryldy. Halka hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ep-esli ýokarlandyryldy. Munuň özi ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda mümkin boldy. Olaryň üsti häzirki zaman, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Soňky ýyllarda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň», «2021 — 2025-nji ý

Baş baýlygyň goragynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda ynsan saglygynyň hem-de raýatlaryň bähbitleriniň goralmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde, ýurtda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi düýpli ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ÝUNISEF-iň dünýäde öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri, öňdebaryjy hassahanalary, tejribeli professorlary we lukmanlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Baýramaly — güneşi melhemli mekan

Raýatlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde belent sepgitlere ýetirmekde halkymyza gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş we dynç alyş merkezleri, döwrebap şypahanalar uly ähmiýete eýedir. Mary welaýatynda ýerleşýän Baýramaly şypahanasy hem ýurdumyzyň raýatlarynyň iň bir gelim-gidimli döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň biridir. Halkymyza giňden hyzmat edýän Baýramaly şypahanasy öz saglygyny bejertmäge gelýän raýatlaryň her biri üçin gapysyny giňden açýar. Ýylyň ähli paslynda hem şypahananyň eli ýeňil lukmanlary we şepagat uýalary bu ýere gelýänleri güler ýüz, hoş söz bilen garşy alýarlar. Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde hem bu şypahana ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan, dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlaryň ençemesi öz saglyklaryny bejertmäge we dynç almaga gelýärler.