"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Saçakda ak aşym — müň dertden sagdyr başym

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Çig gaýmak — adyndan belli bolşy ýaly, çig süýdi ýaýmak arkaly alynýan önüm bolup, bu önüm öz düzüminde köp mukdarda süýt ýaglaryny saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Çig gaýmak çalt zaýalanýan önüm, şonuň üçin hem ol özüniň saklanyşynda aýratyn ünsi talap edýär. Süýt ýaglaryny agyr fiziki iş bilen meşgullanýan adamlara, türgenlere iýmeklik maslahat berilýär. Şeýle hem ol ösüp gelýän ýaş çagalar üçin örän ähmiýetlidir. Ýöne, datly nygmat bolansoň, kä halatlarda onuň köp iýleni hem duýulmaýar. Emma ony aşa köp mukdarda iýmegiň semizlige, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerine sebäp bolup biläýmeginiň mümkindigini unutmaly däl. Çig gaýmagy naharyň gapdaly bilen äbermek ýa-da işdäaçarlary bezemekde ulanmak has peýdalydyr. Çig gaýmakdan taýýarlanan tagamlary diňe günüň birinji ýarymynda, ýagny ertirlik ýa-da günortanlyk naharlarynyň ýany bilen saçaga äbermeklik ähmiýetlidir.

Döwrebap lukmançylyk enjamlary üçin halkymyzyň hoşallygy çäksiz

Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi halkymyzyň saglygy baradaky atalyk aladanyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Saglyk başymyzyň täjidir

Türkmen halky «Abraý isleseň — köp diýme, saglyk isleseň — köp iýme», «Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok» diýen ýaly ençeme pähimleri döredipdir. Munuň özi halkymyzyň saglyga, bedeniň we ruhuň kämilligine aýratyn ähmiýet berendigini görkezýär. Häzirki wagtda howanyň üýtgäp durýan şertlerinde, pasyl çalşygynda, umuman, gündelik durmuşda saglygyňy goramaga gönükdirilen tertip-düzgünleri berjaý etmek örän wajypdyr. Kadaly we sagdyn iýmitlenmek dürli keselleriň öňüni almak üçin bedeniň immunitetini berkitmekde esasy orunda durýar. Şunda witaminlere baý bolan önümleri iýmek, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek örän möhümdir. Tomus paslynda Günüň işjeňligi has-da ýokarlanýar. Elbetde, Gün şöhlesinden bedende D witamini emele gelýär, ýöne jöwzaly günlerde Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranmagy unutmaly däldir. Şeýle günlerde ýagly, duzlanan, gurak iýmitlerden saklanmak maslahat berilýär.

Sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Be­den­ter­bi­ýe we sport sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy­dyr. Be­de­ni ber­kit­mek adam sag­ly­gy üçin örän mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Be­de­ni ber­kit­mek üçin bol­sa be­den­ter­bi­ýe, sport we zäh­met bi­len meş­gul­lan­mak wa­jyp­dyr. Sport bi­len meş­gul­lan­mak ada­myň daş­ky tä­sir­le­re gar­şy da­ýanç ul­ga­myny tap­la­ýar. Mun­dan baş­ga­-da, spor­tuň ada­myň nerw ul­ga­my­ny we beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy yl­my taý­dan su­but edi­lendir. Ha­ky­kat­dan hem, sag­ly­gy sak­la­mak­da, sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek­de spor­tuň we be­den­ter­bi­ýä­niň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Be­den sag­dyn­ly­gy, ru­hy sag­dyn­lyk yn­sa­nyň esa­sy baý­ly­gy, ýagny baş ha­zy­na­sy­dyr. Be­ýik akyl­da­r Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­sa bol­mas­dan bu­run…» diý­mek bi­len, jan sag­ly­gyň äh­li zat­dan ile­ri­di­gi­ni ün­de­ýär.

Saglyk ulgamy kämilleşýär

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baştutanly­gyn­da köp­çü­lik­leýin be­den­ter­bi­ýä­ni, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, spor­ty ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet beril­ýär. Bu ugur­da mil­li mak­sat­na­ma­lar, top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li dur­muşa ge­çi­ril­ýär. Be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ýa­ly hal­ky­my­zyň ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip gel­ýän ýö­rel­ge­le­ri my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Gys­ga döw­rüň için­de eziz Di­ýa­ry­myz­da dün­ýä öl­çegle­ri­ne la­ýyk gel­ýän iri sport hem-de at­çy­lyk sport top­lum­la­ry, sta­di­on­lar, sport mek­dep­le­ri, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si gur­lup, döw­re­bap sport dü­züm­le­ri dö­re­dil­di. Bu ugur­da hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň we bag­ty­ýar­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne paý­tag­tymyz Aş­ga­bat­da, Ar­ka­dag şä­he­rin­de, we­la­ýat mer­kez­le­rin­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­giýa­lar or­naş­dy­ry­lan sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri­ni, ýö­ri­te­leş­di­ri­len has­sa­ha­na­la­ry, şy­pa­ha­na­la­ry gur­mak­da, öň­de­ba­ry­

Ýaş nesliň saglygy ugrunda

Ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şu günler «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynyň 1—31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilýän bu çärelere lukmanlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Çärelerde edilýän çykyşlarda bellenilişi ýaly, zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri örän uludyr. Olar ýürek gan-damar, dem alyş, degna, iýmit siňdiriş ulgamlaryna uly zyýan ýetirýärler.

Saglyk sahawaty

Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudagyň infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, amaly lukmançylyk boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly wezipeler Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan hem ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler al

Sagdyn durmuş – uzak ömür

Gahryman Arkadagymyzyň alymlyk paýhasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynda ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini we hilini halkara derejelere laýyklykda ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi  ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek bilen adam ömrüniň uzalmagyny gazanmaga bolan mümkinçilikleri artdyrýar.

Hossarlyk aladalarynyň gurşawynda

Il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek babatda alnyp barylýan işler uly rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň iň çetki şäherlerinde we obalarynda hem lukmançylyk we sport düzümlerini şu günüň talabyna laýyk getirmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş we anyklaýyş edaralarynyň gurulmagy, etrap hassahanalarynyň durkunyň täzelenilmegi, olara daşary ýurtlaryň iň meşhur kompaniýalarynyň häzirkizaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, hünärmenleriň iş tejribeleriniň yzygiderli baýlaşdyrylmagy netijesinde ilatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimizde poliomiýelit, drakunkulýoz, gyzdyrma keselleriniň doly ýok edilendigi, ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin duzy ýod bilen hem-de unuň düzümini demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy bardaky Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we beýleki guramalar tarapyndan berlen halkara güwänamalary ýetilen belent sepgitle

Saglygyň gadryny bilgil...

Ýaz paslydygyna garamazdan, howa gyzanda, Gün şöhlesinden goranyň. Günüň dowamynda dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary, miwe şirelerini içiň.

Sagdynlyk — baky bagtyýarlyk

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesi ösüşiň täze belentliklerine ýetmegiň ilkinji şerti hasaplanylýar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, bedeni taplamaga çagalyk döwründen başlamak gerek. Onuň ýönekeý görnüşi sowuk suw bilen bedeniňi taplamakdyr. Sowuk suw bilen bedeni taplamak nerw ulgamynyň, ýürek-gan damarlarynyň işini we bedende madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Sowuk suw bilen bedeni taplamak üçin, ilki bilen, bedeni 35-360 С dereje ýylylykdaky suwa ezilen süpürgiç bilen süpürmeli. Şular doly we dogry berjaý edileninden soň, az-azdan üstüňden sowuk suwy guýmak arkaly ýuwunmak maslahat berilýär. Tomus aýlary sowuk suw wannasyny mümkin boldugyndan açyk howada kabul etmek gerek. Arassaçylyk iň ýönekeý kadalary berjaý etmekden başlanýar. Ynsan saglygynyň girewi bolan arassaçylyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi, köplenç ýüze çykýan ýiti sowuklama keselleri bilen kesellemekden gorap saklaýar. Munuň üçin üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy bir gezek ulanylýan elýaglyk bilen ýapmaly. Elleriňizi ýygy-ýygydan

Gün şöhlesiniň täsiri

Gün şöhlesiniň täsiri esasynda adamyň bedeninde alyş-çalyş hadysalary bolup geçýär. Olaryň netijesinde D witamini emele gelip, daýanç-hereket ulgamyna peýdaly täsirini ýetirýär. Ýöne paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Günüň aşa gyzýan döwri onuň şöhlesinden goranmaly. Onuň üçin çagalar we gartaşan adamlar ýa-da ýokary gan basyş keseli bar bolanlar ir säher bilen daşaryk çykanlarynda hökman arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda alyp gitmelidirler. Beýleki adamlar ýiti Günüň şöhlesinden hökman ak başgaplar ýa-da ýaglyklar bilen goranmalydyrlar we öz ýanlarynda agyz suwunyň bolmagyny üpjün etmelidirler. Ýylyň ähli pasly hem adamyň saglygy üçin öz peýdasyny ýetirýär. Şonuň üçin adam öz saglygyna has paýhasly çemeleşmelidir. Onuň üçin çagalar bilen gezelenç edilende, ir säher bilen 6-dan — 9-a çenli, agşam bolsa 18-den soň, gezelenç edilse has ýerlikli bolar. Gün şöhlesinden goranmak üçin kelläňizi hökman başgap, ýaglyk ýa-da tahýa bilen örtmeli. Çagalaryň egin-eşikleri nah matadan, açyk reňkde bolmaly, Günden goraýan saýawanlary ýanyňyzda götermeli. Şonuň bilen bilelikde çagalaryňyz üçin ýeterlik mukdarda agyz suwunyň bolmagyny öz üns merkeziňizde saklamaly.

Saglygymyz öz elimizde!

Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende D witamini emele gelýär. Şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň! Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!

Saglyk — iň gymmatly baýlyk

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň ynsan saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly başyny başlan beýik işleri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny ygtybarly goramak we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça asylly başlangyçlara badalga berýär. Bu ugurda soňky ýyllarda has-da uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýtmak aýratyn ýakymlydyr. Halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak babatda tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Kadalary berk berjaý ediň!

♦Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher hem-de agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. ♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.

Guwandyran hemaýata alkyşlaryň çägi ýok

Bäherden etrap hassahanasynda bolup geçen şatlykly waka berkarar Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramak ugrundaky tagallalaryň giň möçberlidigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda halkymyzyň bagtyýarlygy, saglygy we rowaçlygy hemme zatdan ileri tutulýar. Şu jähetden, milli saglygy goraýyş ulgamyndaky ýokary hilli ösüşler we sepgitler ýylsaýyn ilerleýär. Şeýle tagallalaryň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky mysaly welaýatymyzyň we Bäherden etrabynyň ýaşaýjylaryny we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini tüýs ýürekden guwandyrdy. Şol gün etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi mynasybetli etrap hassahanasynyň degresi baýramçylyk şatlygy bilen gurşaldy. Oňa ady agzalan Gaznanyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri we başga-da birnäçe myhmanlar gatnaşdy.

Buýsanjymyzy goşalandyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň esasydyr» diýen ýörelgeden ugur alnyp, ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almaga, olary wagtynda we netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy lukmançylyk tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzdaky okgunly ösüşleriň nyşany bolan şeýle özgertmeler ähli etrap-şäherleri, şol sanda, iň çetki künjekleri-de öz içine alýar. Etrabymyzyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi şeýle guwandyryjy görkezijileriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda berlen bu sowgat welaýatymyzyň we etrabymyzyň ähli saglygy goraýyş işgärlerini begendirdi. Bu waka bagyşlanyp, hassahanamyzda geçirilen aýdym-sazly dabara türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş bolup ýaňlandy.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini wasp eden

Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan beýik akyldar, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkyň ruhunyň kuwwatly sütünidir. Bu gün akyldar şahyryň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi onuň parasatly pikirleriniň, ynsanperwer garaýyşlarynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny äşgär edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, türkmen nusgawy edebiýatynyň özeninde durýar. Şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklaryndan söz açýar. Magtymgulynyň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulyp, ol döwrüň ähli meselelerini öz içine alýar. Onuň şygyrlarynyň tematik örüsi köptaraplydyr, çuňňur mazmunlydyr.

Ene süýdüniň ähmiýeti

Perzent — maşgalanyň arzuwy, göz guwanjy. Çaganyň sagdyn dünýä inmegi üçin, ilki bilen, enäniň saglygyny goramaly. Hamyla zenan lukmanyň gözegçiliginde bolup, lukman maslahatlaryny doly ýerine ýetirmeli. Ýaş eneleriň arasynda çaga dogry gözegçilik etmek, dogry iýmitlendirmek, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada lukmanlar tarapyndan yzygiderli düşündiriş işleri geçirilýär. Çaganyň dünýä inmegi, sagdyn ösüp ulalmagy, dogry terbiýe almagy ene-atalaryň öňünde duran borçdur. Ilki bilen, çaganyň ene süýdi bilen iýmitlenmegi zerurdyr. Sebäbi ene süýdüniň çaga üçin uly ähmiýeti bar. Ene süýdi çaga bedeninde ýeňil özleşýär, ýokanç kesellerden goraýar we immun ulgamyny berkidýär. Ene süýdi çaganyň ilkinji alty aýynda hiç zat bilen ornuny tutup bolmajak iýmitdir. Onuň düzüminde körpäniň kadaly ösmegi üçin zerur maddalaryň ählisi ýeterlik mukdarda saklanýar. Alty aýdan bäbegiň hereketi artýar. Oňa witaminler we minerallar köp gerek bolýar. Şol döwürden başlap, körpä goşmaça iýmit berip başlamak maslahat berilýär. Ol çaganyň kadaly ösmegi üçin zerurdyr. Şol bir wagtda ony ene süýdi bilen iýmitlendirmegi hem dowam etmeli.

Woleýbolçy lukmanlar bäsleşdiler

Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebinde hassahanamyzyň lukman gelin-gyzlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Lukmanlarymyz «Bagtyýarlyk» hem-de «Galkynyş» atly toparlara bölünip, özara güýç synanyşdylar. Gyzgalaňly geçen bäsleşikde lukmanlarymyz özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede «Bagtyýarlyk» topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere hem-de ähli gatnaşyjylara hassahanamyzyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz şäherimiziň beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda hem ýaryş geçirmekligi meýilleşdirýäris. Sport bilen meşgullanmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!