Jelaleddin Meňguberdiniň watansöýüjiligi
Beýik Seljuk Türkmen döwleti darganyndan soňra, Köneürgenç türkmenleriniň döwleti doly özbaşdaklyk gazanyp, dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň birine öwrülýär. Käbir taryhy çeşmelerde horezmşalaryň-anuşteginleriň döwleti şeklinde geçen bu döwlet Il Arslanyň (1156-1172), Tekeşiň (1172-1200) we Alaeddin Muhammediň (1200-1220) hökümdarlyk eden döwründe ösüşde has-da ýokary sepgitlere ýetýär.XIII asyryň birinji ýarymy diňe bir Merkezi Aziýanyň halklary üçin däl, eýsem, tutuş dünýä halklary üçin hem kyn döwür bolupdyr. Bu döwürde mongol basybalyjylary dünýäniň ösen medeniýetleriniň arabaglanyşygy bolan kerwen ýollaryna böwet bolup, ylmyň we söwda gatnaşyklarynyň ösmegine päsgelçilik döredipdir. Köneürgenç türkmen döwletiniň hökümdary Alaeddin Muhammediň (1200-1220) Aýçeçek atly aýalyndan bolan ogly Jelaleddin Meňguberdiniň hökümdarlygy şeýle kynçylykly ýyllara gabat gelipdir. 1220-nji ýylda Köneürgenç tü