"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Halypa mugallym hem alym

Hormatly Prezidentimiz her bir işde halypa-şägirt ýoluny dikeldip, örän sogaply iş etdi. Munuň şeýledigine biz öz işimizde, durmuşymyzda göz ýetirýäris. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Gurbanmyrat Gurbanmyradow hem şeýle halypalaryň biridi. Ol daşyndan göräýmäge diýseň özerkli, özgeleriň pikirine känbir gulak gabartmaýan adamdyr diýdirse-de, hakykatda, örän ýumşak häsiýetlidi. Birine gatyrganyp, bir gezegem sesini gataldan ýeri ýokdy. Gurbanmyrat aga zähmet ýoluna 1977-nji ýylda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlandan soň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-tehniki institutynyň astrofizika laboratoriýasynda uly tejribeçi wezipesinde başlap, 1996-njy ýyla çenli bu institutyň şol wagt täze döredilen “Asman ýagtylanmasy» laboratoriýasynda ylmyň dürli basgançaklarynda işleýär. Inžener, uly inžener, kiçi ylmy işgär, uly ylmy işgär, 1994 — 1996-njy ýyllarda “Asman” atly ylmy-önümçilik merkezinde direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary wezipesinde işlemegi Gurbanmyrat aganyň ylym bilen dowamly meşgullanandygyny, bu ýyllarda-da kämilleşendigini, uly tejribe toplandygyny subut edýär.

Döwletliligiň edebi kökleri

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkyny dünýä tanatmakda, ýurdumyzyň at-abraýyny dabaralandyrmakda uly işleri bitiren taryhy şahsyýetlerimiz hatyralanylyp, olaryň atlaryny ebedileşdirmek asylly däbe öwrüldi. Taryhda uly yz galdyran şeýle şahsyýetlerimiziň biri-de asly baharly türkmenlerden bolan Muhammet Baýram han Türkmendir. XVI asyrda Mogol imperiýasynyň dörän döwründe türkmenler ýurdumyzyň çäklerinde we onuň sebitlerinden daşarda döwlet gurupdyrlar. Baýram han bolsa ata Watanymyzdan uzakda ýaşan we halkyny meşhur eden türkmenleriň biri hökmünde tanalypdyr. Bu barada taryhy çeşmelerde gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. Hindistanyň Deli şäherindäki uniwersitetiň professory Ram Kişori Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol türkmendi» diýip belläpdir.

Han­la­r ha­ny

Türk­menleriň Re­su­lo­gul­la­ry begligi

Adamzat özüniň taryhy ösüşinde uzak ýoly geçipdir. Taryh ylmy Ýeriň ýüzünde ozal ýaşan we häzir ýaşaýan halklaryň ýaşaýyş durmuşlaryny, olaryň ýaşaýşynda deňsizligiň ýüze çykyşynyň sebäplerini, döreden jemgyýetlerini, döwletlerini, döwlet dolandyryş edaralaryny, syýasy we ykdysady gurluşlaryny öwrenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredi. Türkmen halky müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhyna saldamly goşant goşup geldi. Geçmişde türkmenler dürli sebäplere görä, dünýäniň köp ýerlerine göç edipdirler. Olar baran ýerlerinde döwlet gurup, öz başarnyklaryny görkezipdirler. Türkmenler taryhyň sahnasyna çykan gününden başlap, birnäçe döwletler bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarda bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde beýleki halklar bilen mäkäm jebisleşip, agzybirligiň we parahatçylygyň saklanmagyna uly goşant goşupdyrlar. Bu bolsa olaryň guran döwletleriniň syýasy ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, söwda-ykdysady taýdan ösmegine we kämilleşmegine itergi beripdir.

Zenan waspy siňen setirler

Halkymyzyň taryhynda zenanlar baradaky ilkinji žurnallar «Türkmenistan» gazeti bilen baglanyşyklydyr. Çünki 1928-nji ýylyň 8-nji martyndan «Türkmenistan» gazetinde aýda bir gezek aýallar durmuşyna bagyşlanan sahypa berlip ugrapdyr. Gazetiň 1928-nji ýylyň 8-nji mart güni çykan sany tutuşlygyna zenanlara bagyşlanypdyr. Şol döwürde «Türkmenistan» gazetiniň ady latyn elipbiýinde ýazylan bolsa-da, içindäki beýleki ýazgylaryň ählisi, esasan, arap elipbiýinde bolupdyr. «Türkmen sowet ensiklopediýasynyň» maglumatyna görä, «Türkmenistan» gazetinde çykarylan ýörite sahypa 1928-nji ýylyň 22-nji oktýabryndan «Aýallar durmuşy» atly žurnala öwrülipdir. Şol döwürde žurnalyň möçberi uly žurnal formatynyň sekiz sahypasyndan ybarat bolup, 2800 sany bolupdyr. Onuň iň soňky 10-njy sany 1929-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda çap edilipdir. 1931-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, «Aýallar sesi» žurnalynyň ilkinji sany latyn elipbiýinde çykypdyr. Bu žurnal aýda bir gezek özbaşdak žurnal bolup, dürli suratlar bilen bezegli çap edilipdir. «Türkmenistan» gazetiniň neşiri bolan «Aýallar sesi» žurnalynyň möçberi uly formatda bir çap listi möçberinde bolup, sany 3100 bolupdyr. 1931-nji ýylda «Aýallar sesi» žurnalynyň diňe bir sany çykypdyr. Onuň 1932-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň 2-3-

Sungatda zenan keşpleri

Paleolit (irki daş asyry) döwrüniň heýkeltaraşlarynda, aýratyn hem, aýallaryň heýkelleri uly orun tutupdyr. Arheologlaryň pikirine görä, adamlar aýallaryň durmuşdaky uly roluna gowy düşünipdirler. Olara adamzadyň neslini dowam etdiriji hökmünde seredip, uly sarpa goýupdyrlar. Olaryň şekillerini öz ýanlary bilen göteripdirler. Her bir maşgalada aýal heýkeljiklerini saklapdyrlar. Şeýlelikde, jemgyýetde enelik urugy başlanypdyr. Neolit (giçki ýa-da täze daş asyry) döwründe hem ýasalan käbir küýze gaplarynyň ýüzünde zenan barmaklarynyň yzlary saklanypdyr. Şol yzlar boýunça ilkinji küýzegärler zenanlar bolupdyr diýlip çak edilýär. Sebäbi olar özlerine amatly bolar ýaly küýzeleri ýasapdyrlar.

Ady äleme dolan

Owazasy düşüp Rum-u Ýemene,Müsür, Şam-u Hindistan-u Dekene,Çawy düşüp Hytaý bile Hotana,Bir emiri-sahypkyran ýaratdy.                           Magtymguly Pyragy. Daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülen, bir tarapy derýadyr deňiz, beýleki tarapy daglardyr sähralyklar bilen gurşalan, arassa säher şemalynyň öwüsýän ýeri bolan türkmen topragyna göz aýlanymyzda geçmişiň yzlary göz öňümizde janlanýar. Gün şöhlesiniň täsiri astynda gözümiziň öňünde janlanýan salgym bu bereketli topragyň üstünde alyn derini döken ata-babalarymyzyň ýörän ýollaryny we keşbini emele getirýär. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda mynasyp orun alan bu gadymy topragyň üstünden geçen kerwenlerdäki düýelerdir atlaryň hereketleri we olaryň aýak yzlary bada-bat gözümiziň öňünde peýda bolanda, şol bada dyzyňy epip, geçmiş barada oýlanmaga puryja gözleýärsiň. Dürli pikirlerdir oýlanmalar türkmeniň geçmişinden habar almaga itergi berýär. Golýazmalardyr kitaplary eliňe alyp, olaryň täsin dünýäsine aralaşasyň gelýär. Şol pursatlarda geçmiş mirasymyzy bilesigelijilik duýgulary bizi öz günümize goýmaýar. Şonuň üçin ata-baba geçmişi beýan edýän seýrek kitaplaryň we golýazmalaryň gözlegine çykan

Ýusup ibn Taňryberdiniň «Röwşen ýyldyzlar» atly eserinde soltan Alp Arslanyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda adamzat taryhyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhyny öwrenmekde, dikeltmekde we ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmen halky ençeme müňýyllyklaryň dowamynda köp sanly döwletleri gurup, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Orta asyrlarda şan-şöhrata beslenen şeýle döwletleriň biri hem Memluk türkmenleriň (1250-1517) döwletidir. Memluk türkmen döwletinde ýaşap geçen Ýusup ibn Taňryberdiniň (1410-1470) döredijilik mirasy öz döwrüniň taryhyny öwrenmekde gymmatly we ygtybarly çeşmedir. Alymyň hakyky ady Abul Mahasyn Jemalleddin Ýusup ibn Taňryberdi el-Atabegi el-Ýaşbugawy ez-Zahyry bolup, ol takmynan 1410-njy ýylda uly emeldaryň maşgalasynda dogulýar. Asly Anadoly türkmenlerinden bolan Ibn Taňryberdi ýaşlykdan aýratyn zehini bilen tapawutlanyp, döwrüniň iň ussat halypalaryndan ders alýar. Onuň gyzyklanýan ugurlarynyň arasynda astronomiýa, matematika, teologiýa, saz we edebiýat aýratyn orun tutýar. Alym taryha degişli işleri bilen döwrüniň iň tanymal taryhçysy hasaplanýar. Onuň «En-nujumuz-zähire fi muluki Mysr wel-Kahyre» («Müsür we Kair patyşalary hakynda röwşen ýyldyzlar»), «El-menhelus-safy wel mustewfi bagdel-Wäfi» («Wafydan soňra tamamlaýyjy we dury çeşme») atly kitaplarynda gymmat

Türkmen saz sungatynyň taryhy

Aýdym-saz sungaty türkmen halkynyň geçen taryhy ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ruhy baýlyk köptaraplaýyn özleşdirilip, aýdym-saz sungaty hakynda gürrüň edilende ýa-da makaladyr kitaplar ýazylanda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmen medeniýeti», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary her birimize nusgalyk ýol görkeziji şamçyragdyr. Bu kitaplarda beýan edilýän maglumatlar diňe bir türkmen halkynyň gadymy medeniýeti we sungaty babatda däl-de, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň medeni baýlyklarynyň taryhyny öwrenmek üçin hem gymmatly çeşmedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Bu günki gün Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy biziň ählimizi öz halkymyzyň taryhyna ýaňadan nazar aýlamaga iterýär» diýip belleýär. Bu parasatly jümleler türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyny öwrenenimizde hem esasy çelgi bolup hyzmat edýär. Fizika, matematika hem-de biologiýa ugurlarynyň birleşmeginden emele gelýän saz sungaty, esasan, üç zady özünde jemleýär. Şolaryň birinjisi — saz sungatynyň taryhy, ikinjisi — bu sungatyň nazaryýeti we üçünjisi — saz eserleriniň ýerine ýetirilýän pursatlarynda bu sungatyň d

Şeýhpany

«Bilmeýän bolsaň, bilmeýänligiňi-de bilmeýän bolsaň, onda sen bilmeýänligiňi bilmek islemeýänlerdensiň!» Gysgadan manyly jümleler halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, iki gezek hyrka geýen we il içinde Mäne baba ady bilen tanalýan Abu Sahyd (Seýid) Mähneýä degişlidir. Göräýmäge, çylşyrymly görünýän bu logiki jümläni gaýta-gaýta okanyňdan soň, onuň manysyna birkemsiz göz ýetirýärsiň. Mäne baba ony ylymda yzagalak, ýalta, ylymsyz adamlara ýüzlenip aýdypdyr. Olary ylym dünýäsine aralaşmaga çagyrypdyr. Paýhasy bilen daşy ýarýan Mäne baba 967-nji ýylda häzirki Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda, her hili müşk-anbar we däri-derman ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dünýä inýär. Mäne babanyň doly ady Abu Sahyd Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmet Mähneýi bolupdyr. Ýöne halk oňa hormat goýup Mäne baba diýipdir. onuň kakasy Abul Haýyr Gaznalylar imperiýasynyň hökümdary Mahmyt Gaznalynyň ýakyn dostlarynyň biri hasaplanypdyr. Ol patyşa hazynasynyň hasabyna ýörite bellenilen ýokary aýlygy alypdyr. Sebäbi Abul Haýyr Mahmyt Gaznalynyň özüni, maşgalasyny, köşk emeldarlarynyň ählisini müşk-anbar we däri-derman bilen üpjün edipdir.

Fotosuratyň taryhyndan

1826-njy ýylda fransuz, nemes alymlary fotografiýany açmagyň üstünde işläpdirler. Ahyry 1839-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Fransiýanyň ylymlar akademiýasynyň mejlisinde fotografiýanyň döremegine goşant goşan Dagger diýen suratkeş çykyş edip, şol güni fotosuratyň dörän güni diýip yglan edipdir. Ilkinji fotosuratçylar uly göwrümli enjamlarda surata düşürýän ekenler. Germaniýanyň «Leytz company» firmasy 1914-nji ýylda kiçi göwrümli «Leica» atly fotoapparaty öndüripdir. 1980-nji ýyllarda elýeterli bolan ak-gara «Swema» we «Tasma» atly lentalarda surata alynýardy. Şol wagtlar köp ýaýran fotoenjamlardan «Smena», «Zorkiý», «Fed» we soňkurak çykan «Zenit» atly fotoapparatlara isleg bildirýänler köpeldi. 1990-njy ýyllarda gazetleriň suratlary gara-ak çykýardy. Şol wagtlar aglaba suratçylar ak-gara suratlary çykarmak üçin garaňky otaglarda işleýärdiler.

Hajymeligiň tamdyry

Gadymy taryhyň we milletiň medeni gymmatlygynyň täze subutnamalary

Abiwerdde arheologlar gymmatly tapyndylary ýüze çykardylar Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli taryhy-medeni mirasymyzy içgin öwrenmek we gorap saklamak maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde taryhyň heniz açylmadyk sahypalaryny ýüze çykarmak boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär we olar öz oňyn netijelerini berýär. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary täze tapyndylary ýüze çykardylar.

Türkmen atly goşunynyň gahrymanlaryny ýatlap

Şöhratly geçmişiň ýaňy

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saklanyp galan taryhy ýadygärlikleriň geçmişiň dilsiz güwäsi bolup, biziň ünsümizi özüne çekmesi ýöne ýerden däl. Öz döwründe gülläp ösen medeniýeti, durmuşy bolan şäherleriň, galalaryň taryhy çeşmelerde beýan edilýän waspy ata-babalarymyzyň durmuşyny göz öňünde janlandyrmak bilen, olaryň watansöýüjiliginden, zähmetsöýerliginden, ylma-bilime uly sarpa goýandygyndan habar berýär. Ondan bäri köp wagtyň geçendigine garamazdan, biziň günlerimize gelip ýeten käbir tapyndylar bular barada gürrüň berýär. Kerki etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Ýaban Azizowyň irginsiz gözlegleri netijesinde, geçen asyryň 70-nji ýyllarynda etrabyň Gowak obasynda ýerleşýän Mürzebeggaladan tapan tüýdügi muňa doly şaýatlyk edýär. Toýundan ýasalyp, soňra otda bişirilen bu tüýdügiň içine suw guýup üfleseň, ol birnäçe guşuň ýakymly, owadan owazyny berýär. Şeýle tapyndylaryň bir müňe golaýyny jemlän taryhçy mugallym, olary obadaşlaryna görkezmek üçin, öý muzeýini döretdi.

Goşa kirşiň taryhy

Üstümizdäki ýylda türkmen dutarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagyna taýýarlanylýandygyndan barymyz habarlydyrys. Şonuň üçin-de bu saz guralynyň taryhy we onuň perdeleri bilen dahylly bolan maglumatlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Gündogar saz sungatyny öwrenýän sazşynaslar öz ylmy işlerinde dutar sözüniň ilkinji gezek orta asyryň belli alymy Zeýnullabidin al Huseýniniň «Sazyň ylmy we amaly kanuny» atly ylmy işinde duş gelýändigini belläp geçýärler. Ady agzalýan kitapda şeýle at bilen gabat gelse-de, dutaryň täze dörän senet bolman, iki kirişli bolandygy üçin, ony beýleki saz gurallaryndan tapawutlandyrmagy göz öňünde tutup, şol döwürde Gündogar halklarynyň ýazuw edebiýatynda pars dili ýörgünli bolandygy üçin oňa «dutar» — iki kirişli ýa-da iki tarly saz guraly diýip atlandyrylandygyny-da ýatlap geçipdirler. Gürrüňi edilýän bu kitabyň asyl nusgasy arap elipbiýinde pars dilinde ýazylypdyr. Ony 1987-nji ýylda Täjigistanyň «Donyş» neşirýaty Barbat Merweziniň 1400 ýyllyk dabarasyna bagyşlap, okyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Kitap professor A.Semýonowyň rus diline geçirilen nusgasy esasynda çapa taýýarlanylypdyr.

Taryhy galalardan söz açsak

Şan-şöhraty ýetik türkmen topragy taryhyň müňbir syryny özünde jemläp oturan gadymy binalara hem örän baýdyr. Eger-de geçmişe togap edip, zyýarata aýlanmak isleseň, onda ýurdumyzyň her welaýatynda, her etrabynda baryp, maňlaýyny dirär ýaly keramatly ýerleriň birnäçesiniň bardygyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň taryhyny sarpalamakda, ony has-da belende galdyrmakda alyp barýan nusgalyk işlerinde hem şol gadymy galalar uly orun tutýar. Bize munuň şeýledigini mähriban Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän, iki kitapdan ybarat «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserini okanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Biziň size hödürleýän şu maglumatlarymyz hem şol gadymy galalaryň beýik we syrly geçmişinden söz açýar... Astanababa galasyna ýerli ilat «Übeýdäniň we Zübeýdäniň galasy» hem diýýärler. Ol Kerki şäherinden 12 km demirgazykda, häzirki Astanababa obasynda ýerleşýär. Aýtmaklaryna görä, geçen zamanlarda bu ýere ibn Aly Nuraly häkimlik edipdir. Ol tutuş Balha patyşalyk edipdir. Onuň Gyzlarbibi atly ýekeje gyzy bolupdyr we ol gyzyny Kerki — Lebap aralygyndaky halka hökümdarlyk eden adama durmuşa çykarýar. Emma patyşanyň gyzy durmuşa çykanyna köp wagt geçmänkä aradan çykýar. Kakasy onuň mazaryna gümmez galdyrmak

Amulyň täsin tapyndylary

Geçmişde halklary jebisleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy Amul şäheriniň üstünden geçip, onuň ykdysady we medeni ösüşine ýardam beripdir. Orta asyr ýazuw çeşmeleri, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri Amulyň döreýiş taryhynyň gönüden-göni Amyderýa bilen baglanyşyklydygyna güwä geçýär. Taryhçylar gadymy Amul galasynyň, takmynan, miladydan öňki IV-I asyrlarda esaslandyrylandygyny, şol döwürde galanyň tutýan meýdanynyň ony gurşap oturan şähristan bilen bilelikde, 150 — 175 gektardan gowrak bolandygyny çaklaýarlar. Amul galasynyň bol suwly derýa geçelgelerine ýakyn, geografik taýdan amatly ýerleşmegi ilatyň ýaşaýşy üçin gowy şertleri üpjün edipdir. Gala ýuwaş-ýuwaşdan giňelipdir hem-de ykdysady taýdan kuwwatlanypdyr. Taryhy çeşmeler Amul galasynyň aşaky gatlagynyň Kuşanlar zamanyna degişlidigini, şol döwür galanyň strategik taýdan möhüm ýere öwrülendigini tassyklaýar. Amul galasynda geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, toýundan we daşdan ýasalan gazanlar, geometrik hem ösümlik häsiýetli örän baý nagyşlanan gap-gaçlar, jürlewükler, aýnadan we metaldan ýasalan önümler tapylýar. Bu bolsa Amul şäherinde hünärmentçiligiň, söwdanyň ösendigine şaýatlyk edýär.

Geçmişiň ýaňy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmekde, gorap saklamakda we rejelemekde, olary ýaş nesillerimize ýetirmekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Türkmen alymlary, arheologlary, rejeleýjileri ýurdumyzyň ekspedisiýalarynyň düzüminde üstünlikli işleýärler. Olar Russiýadan, Italiýadan, Fransiýadan, ABŞ-dan bolan kärdeşleri bilen bilelikde gadymy döwrüň ýadygärliklerini öwrenýärler we dikeldýärler. Munuň özi syýahatçylyk ugurlarynyň giňelmegine, muzeýleriň gazananlarynyň üstüniň täze gymmatlyklar bilen ýetirilmegine taryhyň mälim bolmadyk sahypalarynyň açylmagyna kömek edýär» diýip, belleýär. Daşyndan göreniňde açyk meýdandaky muzeýleri ýadyňa salyp duran taryhy ýadygärlikleri, gadymy şäherleriň aramgählerini, galalaryny öwrenmekde, olary nesillere ýetirmekde, gorap saklamakda, rejelemekde ýurdumyzdaky döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň ähmiýeti uludyr. Bu asylly işe Kaka etrabyndaky «Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň agzybir zähmet topary hem özüniň mynasyp goşandyny goşup gelýär. Şeýle bolansoň olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklanyp, olar bilen gürrüňdeş bolmagy makul bil

Muzeýler adasy

Germaniýanyň paýtagty Berliniň Mitte şäherçesinde ýerleşýän «Muzeýler adasy» ady bilen belli bolan toplum ýurduň naýbaşy medeni gymmatlyklarynyň biri hasaplanýar. Toplumyň çäginde dürli ýyllarda gurlan 5 sany muzeý ýerleşýär. Toplumyň ilkinji we iň gadymy binasy 1830-njy ýylda gurlan «Altes» muzeýidir. Taslamasy binagär Karl Fridrih Shinkel tarapyndan arhitekturanyň «neo klassika» görnüşinde taýýarlanylan muzeý 1823 — 1830-njy ýyllar aralygynda Germaniýanyň şa maşgalasynyň sungat toplumlaryny ýerleşdirmek maksady bilen gurulýar. Ol 1845-nji ýyla çenli «Şalyk muzeýi» adyny göterýär. 1966-njy ýylda binada düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu muzeýde, esasan, gadymy antik döwrüniň eserleri görkezilýär.