"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmen alabaýy: nagyşlarda taryh bar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyndaky ilkinji mejlisinde türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat diňlenildi. Milli Liderimiziň bu ugurdaky tagallalary dowam etdirmek babatda öňde goýan wezipeleri geljekde hem türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmekde uly işleriň amal ediljekdiginden habar berýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, taryhy-medeni ýadygärlikleriň birbada 12-sinde arheologik gazuw-agtaryş, dikeldiş hem rejeleýiş işleri üstünlikli alnyp baryldy. Şeýle ylmy gözlegleriň netijesinde, türkmen alymlary henize çenli mälim bolmadyk täzelikleriň ençemesini ýüze çykardy. Häzirki wagtda bu tapyndylaryň köpüsi babatda etnografiýa taýdan ylmy barlaglar geçirilip, olaryň taryhy hem ylmy ähmiýeti kesgitlenilýär. Şular ýaly ylmy açyşlary amala aşyrmakda alym Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary ýol görkeziji, milli mirasymyzy täzeçe garaýyşlar bi

Beýik akyldary gören şatut

Gojaman Jeýhuny ýakalap oturan Idris baba medresesine baranyňda, ilki bilen, ol ýerdäki taryhyň kän wakalaryny özünde saklap oturan tut agajyna gözüň düşýär. Bu keramatly topraga zyýarata baranlar hem şatuduň taryhy bilen hökman gyzyklanýarlar. Oba ilaty «Bu tut agajyny medresäniň hatdaty Nyýazguly halypa ekipdir» diýip gürrüň edýärler. Şeýle bolsa, bu gadymy agaç 300 ýyl dagy ýaşandyr, belki, ruhy atamyz Magtymguly bilen ýaşytdaşdyr. Magtymguly Pyragynyň okan ýyllarynda bu tut şaha ýaýyp, saýa salan, bol hasyl getiren agaç bolmaly. Akyldar şahyrymyz onuň saýasynda oturyp, ajaýyp eserleriň, gör, näçesini döredendir, miwesinden dadyp görendir diýip oýlanýarsyň. Garrylyk müçesine ýeten oba adamlary ýetginjek wagtlary goja tuduň süýji tagamly tudanalaryny iýip hezil edendiklerini ýatlaýarlar. Asyrlaryň şaýady bolan bu şatudy keramatly hasaplaýarlar. Idris baba medresesine zyýarata barýanlaryň yzy üzülmeýär. Diňe bir Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary däl, oňa paýtagtymyzdan hem, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem barýanlar kän. Oba adamlary bu ýere goňşy Owganystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, şeýle-de Saud Arabystanyndan, Siriýadan, Beýik Britaniýadan hem zyýaratçylaryň gelendiklerini aýdýarlar. Diýmek, Magtymguly atamyzyň gadamy düşen keramatly to

Gadymy paýtagtlar

Şöhratly taryhyň merkezi Paýtagtymyzyň töwereginde ýerleşen gadymy galalaryň we arhitektura binalarynyň galyndylary bu ýerlerde taryhyň irki döwürlerinde hem ýaşaýşyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda, paýtagtymyzda ýerleşen Gadymy Nusaý galasy hem öz gözbaşyny taryhyň has irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Bu gala öz döwründe dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň biri hökmünde tanalan gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty bolupdyr. Bu ýerde galalaryň ikisi — Köne we Täze Nusaý galalary ýerleşýär. «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasy 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna hem girizilendir.

Gadymdan galan nusgalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle beýan edilýär: «Orta asyrlarda Hazarýaka sebiti esasy dahlardan (türkmen halkynyň gadymy taýpalarynyň biri) düzülen iri birleşme Dahistan ýa-da Dehistan diýlip atlandyrylypdyr. Soňra bu düzlük Maşat-Misserian diýlip atlandyrylýar. Misserian — Dehistan şäheriniň harabalyklary, Maşat — Dehistanyň şäher galyndylaryndan 7 kilometr gündogarda ýerleşýän gadymy gonamçylyk şeýle atlandyrylýar». Munuň özi gadymy oturymly sebitiň taryhy barada gymmatly maglumat bolup durýar. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, söwda ýollaryndaky esasy harytlar barada maglumat berýär. Orta asyrlarda gülläp ösen Misserian şäheri sebitiň ykdysady we medeni merkezi bolupdyr. Arheologiýa maglumatlary bu ýerde IX—XIV asyrlarda ýaşaýşyň bolandygyny tassyklaýar. Alymlar birnäçe ýyllaryň dowamynda geçiren arheologik gazuw-barlag işleriniň netijesinde Misserianyň IX asyrda dörändigini, XIV asyrda bolsa ýaşaýşyň togtandygyny belläp geçýärler. Misserian şäheriniň oazisde öňden bar bolan, ekerançylyk bilen meşgullanan obalaryň ýerinde gurlandygy beýan edilýär.

Jeýtun — gadymy ekerançylyk ojagy

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda «Maddy we ruhy medeni gymmatlyklar adamzadyň inkär edip bilmejek beýik buýsanjydyr, müňýyllyklaryň dowamynda döreden, kämilleşdirip gelýän paýhas hem gözellik genjidir» diýip belleýär. Bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň şöhratly geçmişiniň sahypalaryny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak we dikeltmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak diýmek, ýurdumyzyň şöhratly taryhyny geljekki nesiller üçin goramak diýmekdir. Muňa her bir türkmenistanlynyň pugta düşünmegi zerurdyr. Çünki Türkmenistanyň ähli ýerlerinde umumadamzat taryhynyň altyn sahypalarynyň beýany bolan iňňän wajyp medeni gymmatlyklar saklanyp galandyr. Gadymy medeni ojaklardan tapylýan arheologik tapyndylaryň umumadamzat taryhyny öwrenmekde örän möhüm maglumatlary ýüze çykarjakdygy ikuçsuzdyr. Keremli topragymyzda döräp, umumadamzat aňyýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan baý medeniýetli şäherlerimiz, oba-kentlerimiz, olarda ýaşan, döreden beýik şahsyýetlerimiz barada birtopar kitaplar ýazylsa-da, az boljakdygyny ikirjiňlenmän aýtsa bolar. Medeniýet irki döwürlerden bäri halkyň ýaşaýyş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň ese­rin­de it ha­kyn­da

XI asyrda Mahmyt Kaşgarly tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Türki dilleriň diwany» atly eseri orta asyr türkmen taryhyndaky möhüm kitaplaryň biridir. Bu sözlük türki halklaryň medeniýeti barada köp sanly maglumatlary özünde jemleýän ajaýyp eserdir. Kitapdaky sözleriň käbirleri ulanyşdan galan hem bolsa, käbirleri häzirki wagtda hem halkymyz tarapyndan gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýar. Mahmyt Kaşgarlynyň eseriniň iň esasy aýratynlygy, sözlükdäki ähli sözleriň türki asylly bolmagydyr. Ýagny bu sözlük türkmen diliniň gadymy dilleriň biri bolandygyny subut etmek babatynda möhümdir. Dilçi alymyň bu eserinde ynsanyň wepaly dosty we goragçysy bolan itler bilen baglanyşykly maglumatlar hem öz beýanyny tapypdyr. Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde «it» sözi häzirki manysynda giňden ulanylypdyr. Eserde itler bilen baglanyşykly kyrkdan gowrak ýerde maglumat berlipdir. Dilçi alym itiň güjügine «enük» diýlendigini ýazmak bilen, syrtlan, möjek çagasy üçin hem bu adalganyň ulanylýandygyny belläp geçipdir. Eserdäki maglumatlara görä, itiň güjüklemegine «it enüklendi» diýlipdir. Itiň boýnuna geçirilýän tasmanyň, halkanyň bolsa «kesgük» diýlip atlandyrylýandygy beýan edilipdir.

Ýaşaýyş çeşmesi

Ýaşaýşymyzyň gözbaşy bolan suw hakynda gürrüň gozgalanda pederlerimizden miras galan «Suw damjasy — altyn dänesi», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer ýelli», «Sil suwy bal suwy», «Suw hasylyň enesidir», «Gyş suwy — gyzyl suw», «Hasyly bişirýänem suw, ýitirýänem» diýen ýaly gyzyla gaplaýmaly pähimler biygtyýar ýadyňa düşýär. Şu pähimlerden görnüşi ýaly, ata-babalarymyz suwuň her damjasyny altyna deňäp, ony hemişe tygşytly ulanmagy başarypdyrlar. Kärizler arkaly dag etegindäki ýerasty çeşmeleriň süýji suwlaryny ýeriň üstüne akdyrypdyrlar. Taryhy çeşmelerde bellenilişi ýaly, 1958-nji ýyla çenli Türkmenistanda kärizleriň 180-e golaýy bar eken. Ýaş nesillerimize suwa aýawly çemeleşmek duýgusyny döretmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti juda uludyr. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem Kesearkajyň (Kesearkaç — Gyzylarbat (häzirki Serdar etraby) bilen Kaka aralygyny tutup ýatan giň meýdan, Köpetdagyň etegi) gadymy çaýlarydyr, çeşmeleri barada buýsanç bilen söhbet edilýär. Kitapdaky: «Bakja, Arwaz çaýlary, Degirmenjik, Pantyş, Kyrkgyz çeşmeleri, Hankäriz, Guryçaý, Hüntüş kärizleri bilen bagly gürrüňler bolsa, il içinde häzir hem aýdylyp ýör» diýen sözleri okan her bir adam öz döwründe Kesearkajyň ilatyny

Meşhur neberäniň beýany

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhynda şöhratly zamanalar näçe diýseň bar. Ol beýik zamanalary öwrenmek mukaddes işdir. Ata-babalarymyz tarapyndan orta asyrlarda gurlan we umumadamzat mirasyna uly goşant goşan Beýik Seljuk türkmen döwletiniň baý taryhy mirasy, medeniýeti we sungaty alymlaryň hemişe diýen ýaly ünsüni özüne çekip gelipdir. Dünýä taryhynda döwletiň gurluşy we edara edilişi taýdan «Beýik» diýlip at berlen örän az sanly döwletleriň bardygyny ýatlamalydyrys. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň altynjy ogly Deňiz hanyň körpe nesli bolan kynyklaryň guran bu beýik döwleti juda meşhurlyga eýe bolupdyr. «Oguznamalary» ýazan belli taryhçylar Reşiteddin, Abulgazy, Salyr baba Gulaly ogly kynyklar neberesiniň juda meşhurlyga eýe bolandygyny belleýärler.

Milli gymmatlyklaryň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjegine bezeg berýän Kabul ediş merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaradaky taryhy çykyşy milli medeniýetimizi çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Milli Liderimiz: «Biz häzirki döwrümiziň nyşanlaryny müňýyllyklary aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyrýarys. Türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini yzarlap, türkmençilik ýol-ýörelgeleri, ilimiz, milletimiz, şöhratly taryhymyz dogrusynda oýlananyňda hem aýdara zat örän kändir» diýip nygtamak bilen, behişdi bedewlerimiziň, nepis halylarymyzyň, edermen türkmen alabaýlarymyzyň aýratynlyklary barada aýdan ylmy maglumatlary milli buýsanjymyzy artdyrdy.

Sardoba — sowuk suwly howdan

Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz Garagumuň sähraýy ýaýlalarynda, öri meýdanlarynda ine-gana ýaýnap ýören goýundyr geçilerini, düýelerini suwa ýakmak üçin guýulardyr kaklar bilen birlikde, sardobalaryň hyzmatyndan hem peýdalanypdyrlar. Çarwa ilatynyň, adamlarynyň «çöl howuzy» diýip atlandyran sardobalary barada gürrüňe başlamazdan öňürti kak suwy, kaklar barada aýtsak, sardobalaryň çarwa durmuşyndaky ähmiýetine, zerurlygyna has-da oňat düşüneris. Kak suwunyň üstüniň açyk bolmagy yssy howada çalt bugaryp gutarmagyna getiripdir. Daş-töwereginiň goragsyzlygy bolsa, ondaky suwuň hapalanmagyna sebäp bolupdyr. Suwuň her damjasyny altyna deňän pederlerimiz ony isrip etmezlige çalşyp, kak suwuny saklamagyň rejeli we kämil usulyny döretmegi başarypdyrlar. Öňi bilen kak suwunyň daşyna gorag diwarlaryny aýlapdyrlar. Gorag diwary çöl ösümliklerinden, berdaşly çöl daragtlaryndan, palçykdan gurlupdyr. Kakyň daş-töweregine aýlanan gorag diwary suwuň hapalanmazlygynyň bellibir derejede öňüni alsa-da suwy bugarmakdan gorap, saklap bilmändir. Ata-babalarymyz bu meseläni sardobalary gurmak arkaly çözüpdirler. Şonuň üçin-de sardobalar çarwa ilatynyň arasynda «çöl howuzy» diýlip atlandyrylypdyr.

Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Milletimizi şöhratlandyran beýik serkerdelerimiziň ömrüni, durmuşyny öwrenmezden, hakyky watançy bolmak mümkin däl. Olaryň ömri-durmuşy ile-ýurda söýgüden hem wepadarlykdan, mertlikden hem gahrymançylykdan, adyllykdan hem parasatlylykdan, ugurtapyjylykdan hem ygrarlylykdan, ynsany bezeýän ähli beýik häsiýetlerden ybarat. Şol beýikleriň geçen ýollaryny öwrenmek her bir esgeriň, serkerdäniň synmaz watançylyk ruhy bilen gaýnap-joşmagyny gazanmagyň iňňän möhüm ugrudyr.

Şöhratly taryhyň beýany

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi dünýäde ak bugdaýyň şanyna gurlan ýeke-täk binadyr. Bu ymarat binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýar, onuň ajaýyp görkünde guşgursak ak bugdaýyň şekili bar. Geçen asyryň başlarynda gadymy Änewiň taryhy depelerinde geçirilen gazuw işleri netijesinde, 5 müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleriniň tapylmagy hem bu gadymy topragyň ak bugdaýyň asyl mekanydygy bilen baglanyşykly taryhy hakykatdyr. Özboluşly muzeýiň bu gözel künjekde gurulmagy-da şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Ykbalyny arheologiýa baglan

Şägirt ussatdan ozdurmasa... Daşkent şäherinde ýerleşen Merkezi Aziýa uniwersitetinde arheologiýa kafedrasyny esaslandyrmagy ussat alyma başarjaň hem zähmetsöýer şägirtler neslini ýüze çykarmaga-da giň mümkinçilikler berdi. Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde zähmet çekip, arheologiýa ylmynyň ussady bolup ýetişen akademikleriň, professorlaryň, ylymlaryň doktorlarynyň, ylymlaryň kandidatlarynyň onlarçasy M.Ý.Massonyň şägirtleridir. Halypanyň şägirtleriniň aglaba böleginiň türkmen alymlarynyň bolmagy hem-de olaryň iň ussatlarynyň ukypdyr başarnyklaryny Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge bagyşlandygy aýratyn buýsançlydyr. Özem halypa alym şägirtleriniň başarjaňlygyna, bilim derejesine hem-de ylmy gyzyklanmalaryna laýyklykda, haýsy döwrüň ýadygärliklerinde ylmy gözlegleri alyp barmalydygyny kesgitläp beripdir, olaryň alyp barýan işlerine ýolbaşçylyk edipdir. Mysal üçin, sankt-peterburgly (öňki döwürde Leningrad) belli arheolog, taryh ylymlarynyň doktory A.Okladnikowyň Türkmenistanyň çägindäki daş asyryna degişli ýadygärliklerde, I.Hlopiniň Türkmenistanyň günorta-günbatar etraplarynyň mis-daş eýýamyndaky taryhyny, etnograflar W.Moşkowa bilen A.Morozowanyň türkmen halysynyň çeperçilik aýratynlyklaryny, moskwaly arheolog W.Pilipkonyň, G.Lisisinanyň, O

Ykbalyny arheologiýa baglan

Taryha şan beren ylmy açyşlar M.Ý.Massonyň we onuň ýetişdiren şägirtleriniň yhlasy bilen geçmişde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy arheologiýa we etnografiýa taýdan çuňňur öwrenildi. Alymyň 1950-nji ýyllarda geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde neşir edilen «Merwden Horezme we Mawerennahra orta asyr söwda ýollary» atly makalasynda Merwden Köneürgenje barýan ýoluň ugrunda Wiza, Marduş, Ispas, Saýfana (Seng rabaty — Daşrabat), Tahyryň rabaty (Daýahatyn), Budina rabaty, Dargan, Jigerbent, Dahanşir, Sadwar, Hazarasp, Hywa, Zamahşar ýaly iri şäherlerdir kerwensaraý-rabatlar, şeýle hem Merwden gaýdan kerweniň Garagum sährasynyň içi bilen Sengärabada barýan ýolunyň bolandygy baradaky maglumatlary ilkinji bolup ylma girizdi.

Dürdäneler mekany

«Köneürgenç binalarynyň beýikligi we üýtgeşik owadanlygy bilen şöhrat gazanyp, dabarasy kerwen ýollary bilen dünýä ýaýran ussalaryň şäheri bolupdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýär. Özüniň gülläp ösen döwürlerinde dünýä jahankeşdelerini haýrana goýan bu mekan, üstünden ýüzlerçe wakalary geçirendigine garamazdan, sadranç ýaly bolup, ilki başky çeperçiligini, asyl nusgasyny saklap otyr. Ol bu gün bütindünýä mirasynyň bir bölegi bolmak bilen, ýerli we dünýä jahankeşdeleriniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Gadymy jaňlar

Diýarymyzyň taryhyny, milli mirasyny, taryhy ýadygärliklerini öwrenmekde hem-de taryhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmakda muzeýleriň goşandy uludyr. Medeni mirashana hasaplanylýan muzeýlerimizde gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerinden tapylan taryhy tapyndylar milli gymmatlyk hökmünde aýawly saklanylýar, abatlanylýar we öwrenilýär. Bu taryhy gymmatlyklary synlan her bir adam türkmen halkynyň dünýä medeniýetine uly goşant goşandygyna doly göz ýetirýär. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde hem ata Watanymyzyň taryhyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine degişli bolan gymmatly tapyndylaryň uly topary saklanylýar. Muzeýde sergilenen gadymy jaňlar taryhda halkymyz tarapyndan olaryň giň gerimde ulanylandygy barada habar berýär. Bu täsin görnüşli jaňlar we olaryň atlandyrylyşy barada gadymy sözlüklerde hem aýdylýar. Ata-babalarymyz ir döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan söwda kerwenlerinde jaňlary örän köp ulanypdyr. Olary tegelek görnüşde, ýagny içi açyk, aşak tarapy boş şekilde demirden ýuka hem-de galyň görnüşde ýasapdyrlar. Jaňlar köp görnüşli bolupdyr. Türkmen jaňlary juda ir döwürlerden bäri belli bolup, geçmişde olar durmuşyň dürli maksatlarynda giňden ulanylypdyr. Kerwe

Şöhratly taryhyň täze sahypalary

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy üstünlikli ýerine ýetirildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhammetdurdy Mämmedow bilen söhbetdeş bolduk. — Muhammet Annaýewiç, degişli Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi medeni mirasy ylmy esasda öwrenmekde hem-de wagyz etmekde täze gözýetimleri açandyr diýip umyt edýäris.

Ykbalyny arheologiýa baglan

Çuň mazmunly nazaryýet Arheologiýa we etnografiýa ylmynyň düýbüniň tutulmagy taryhy-medeni ýadygärlikleri asylky durkunda gorap saklamak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylmagyna giň ýol açýar. Ylmy taýdan çuňňur nazary bilimi we amaly-usuly taýýarlygy talap edýän bu işiň agyr ýüki, has takygy, Orta Aziýa arheologiýasynyň düýbüni tutmak M.Ý.Massonyň egnine düşýär.

Gowaga siňen taryh

«Ýekegowak» ýurdumyzyň günortasynda, Tagtabazar şäherçesini gallap oturan Garabil belentliginiň gap böwründe ýerleşýär. Gowagyň näbelli ussalar tarapyndan 1500 — 2000 ýyl mundan ozal gurlandygy hakynda çaklamalar bar. Aşakdan synlanyňda, gowagy saýgarmak kyn. Bu bolsa onuň ýaşaýyş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gurlandygyny görkezýär. Gowagyň girelgesi uçut gaýada ýerleşýär. Şol döwürler oňa diňe ýa-ha aşakdan dik merdiwanlar bilen ýa-da ýokardan ýüpden sallanyp baryp bolupdyr. Bu sebitde şeýle gowaklaryň 200-e golaýynyň bardygy çaklanylýar. Häzirki wagtda olaryň 20-den gowragy hasaba alnypdyr.

Ykbalyny arheologiýa baglan

Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň tassyklan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda ýerleşýän taryhy-medeni we arheologiýa ýadygärliklerinde ylmy-barlag, gazuw-agtaryş, berkidiş-rejeleýiş, etnografiýa-gözleg işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýüze çykarylýan arheologik tapyndylaryň kömegi bilen hem-de etnografiýa barlaglarynyň netijesinde taryhy-medeni mirasymyzyň henize çenli mälim bolmadyk syrly sahypalary açylýar. Türkmen alymlarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda «Simap küýzejigi» diýlip atlandyrylýan keramiki gaplaryň ençemesini ýüze çykarmaklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Akademik M.Ý.Masson şeýle gaplaryň aýry-aýry nusgalarynyň Merkezi Aziýanyň käbir sebitlerinde tapylandygyny hem-de olaryň simaby saklamak üçin giňden ulanylandygyny ylmy taýdan esaslandyrdy. Bagtyýarlyk döwrümizde belli alymyň XX asyryň ortalarynda öňe süren bu ylmy nazaryýetine laýyklykda, Abiwerd