"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sapaýew bilen Esgerow bürünç medallary eýelediler

Aşgabatda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionatyny türkmenistanly pälwanlaryň ýene ikisi bürünç medal bilen tamamlady. Erkekleriň arasynda 100 kilograma çenli agram derejesinde Ruslan Esgerow bilen 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Sapa Sapaýew bürünç medal bilen tamamladylar. Türkmenistanly türgenleriň ikisi hem ýarym final tutluşyklarynda garşydaşlaryndan ýeňildiler.

Türkmenabatly türgen ilkinji halkara medalyny gazandy

Aşgabatda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ilkinji medalçysy belli boldy. Zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejäniň wekili, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gülşat Annaýewa ýarym finalda eýranly Pardis Eidiwandiden asgyn gelip, ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.

Kuraş — 2023: Sport baýramçylygy ýokary ruhubelentlige beslenýär

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde dowam edýän ajaýyp sport baýramçylygynyň jemleýji güni ýokary ruhubelentlige beslenýär. Çekeleşikli tutluşyklaryň arakesmelerinde janköýerler bilen kuraşa degişli sowal-jogap bäsleşikleriniň geçirilip, sowgatlaryň gowşurylmagy, joşgunly aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy sport toplumyna gelen janköýerleriň ruhuny belende göterýär.

Sport habarlary

Ýaş pälwanlaryň tutluşygy Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp Akdepe etrabyndaky 6-njy sport mekdebiniň sport eýwanynda etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda erkin göreş boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda geçirilen etrabyň açyk birinjiligi ugrundaky ýaryşa Akdepe etrabynyň 4-nji, 7-nji, Boldumsaz etrabynyň 1-nji, şeýle hem Daşoguz şäheriniň 2-nji sport mekdeplerinden ýaş pälwanlaryň 70-den gowragy gatnaşdy.

Welaýatyň açyk çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde türkmen milli göreşi boýunça welaýatyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Saýat, Kerki we Darganata etraplaryndan ussat pälwanlaryň 90-a golaýy gatnaşdy. Ýaryşda türgenler agram derejeleriniň 10-sy boýunça güýç synanyşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň dowamynda saýatly pälwanlar üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň aglabasyna mynasyp boldular. Olardan Şageldi Çaryýew 74, Sapa Orakow 82, Intizar Şöhradow 90, Daýanç Saparow 100 kilogram, Mekan Hudaýberenow 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde birinjiligi eýelediler. Şeýle-de eminler türkmenabatly türgenleriň ezberligine ýokary baha berdiler. Ýeňijilere welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan degişli diplomlar gowşuryldy.

Kuraş — 2023: Üstünlikler dowam edýär

Şu gün — 28-nji noýabrda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça çempionatynyň jemleýji tutluşyklary ýaýbaňlandyryldy. Erkekler 90 we 100 kilograma çenli hem-de 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde medallar ugrunda göreşýär. Zenan türgenler -48 kg, -52 kg, -57 kg, -63 kg, -70 kg agram derejelerinde tutluşdylar. Ýaryşyň birinji gününde 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazanan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň pälwanlary bu gün hem baýrakly orun ugrunda  göreşýärler. Erkeklerden -60 kg agram derejesinde çykyş edýän Wepa Awliýakulyýew, -66 kg agramda göreşýän Döwlet Hamrakulyýew, -73 kg-de Şatlyk Jumanyýazow, -81 kg-de Daýanç Omirow, zenanlardan bolsa -78 kg-de Sabina Kadyrowa, 87 kg-den ýokary agram derejesinde Sabina Agajanowa dagy ussatlygyny subut edip, dünýä çempionatynyň ýarym finalynda göreşmäge hukuk gazandy.

Türkmen türgenleri Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gününde 8 medala mynasyp boldular

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň maksatnamasy esasynda ýaryşlar badalga aldy. Ak mermerli Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Sport — parahatçylygyň we jebisligiň bähbidine

Täze taryhy eýýamda milli sportumyzyň täze belentliklere çykmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak ugrunda başyny başlan köptaraply işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, täze sepgitleri nazarlaýandygynyň buýsandyryjy güwäsidir. Onuň, hakykatdan-da, şeýledigine ýakynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň — Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyz ÝUNESKO bilen 1993-nji ýyldan bäri özara ysnyşykly gatnaşyklary saklap gelýär. Türkmenistan geçen 30 ýylyň dowamynda bu abraýly halkara gurama bilen bilelikde taryh, medeniýet, bilim we ylym babatda taslamalaryň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirdi. Guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti 1978-nji ýylda döredilip, ol agza döwletleriň 18-siniň bedenterbiýe we sport ulgamy boýunça hünärmen wekillerinden ybaratdyr. Olar dört ýyl möhlete çenli saýlanyp, komitete tehniki goldaw we maslahat berýärler. Türkmenistanyň şeýle abraýly hökümetara komitetiň düzümine saýlanylmagy Arkadagly Ga

Türkmen türgenleri Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gününde 8 medala mynasyp boldular

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň maksatnamasy esasynda ýaryşlar badalga aldy. Ak mermerli Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Taryhy pursatlar, guwandyryjy üstünlikler

Sekiz türgenden 8 medal! Şol sanda 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal. Ynha, paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji güni türkmen ýygyndysynyň agzalary we olaryň janköýerleri üçin şeýle netijeler bilen tamamlandy. Munuň özi guwandyryjy netije. Çempionatyň birinji gününde çykyş eden türgenlerimiziň hiç biriniň hem medalsyz galmazlygy aýratyn bellenilmeli ýagdaý. Başga bir tarapdan, bu netije hormatly Prezidentimiziň milli ýygyndymyzyň agzalary üçin döreden giň mümkinçilikleriniň miwesi. Şonuň üçinem Aşgabatda geçirilýän çempionatyň ilkinji gününi üstünlikli we taryhy gün hasaplap bolar. Türgenlerimizden goşa çempionlyk

Söz — medalçylardan

Aýşirin HAÝDAROWA,kümüş medalyň eýesi:

Doganlyk we ýürekdeşlik ruhy

90 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony bolan özbegistanly türgen Erkin Kozokow gazetimiziň geçen sanlarynda hem biziň bilen ilkinji täsirlerini paýlaşypdy. Ol çempionlykdan soň, has ýürege ýakyn maglumaty aýdyp berdi: — Men Özbegistanyň Samarkant welaýatynyň türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan etrapçasyndan. Gelip-çykyşym boýunça türkmen. Şonuň üçin şu çempionatda men öz Watanymda hem özbek, hem türkmen türgeni hökmünde çempion boldum diýip hasap edýärin.

Dost-doganlygyň toýy

Parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezi hökmünde dünýäde ykrar edilen gözel paýtagtymyzda adamzady jebisleşdirýän gymmatlyklaryň ilçisi hasaplanýan sportuň baýramçylygy — Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary ruhubelentlige beslenýär. Dünýäniň çar tarapyndan garşy alan myhmanlarymyzyň ýüzlerindäki begenç duýgulary, söhbetdeşliklerimizdäki mähirli sözleri olaryň eziz Diýarymyza, ilkinji nobatda, medallar ugrunda bäsleşmek üçin däl-de, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gelendigine şaýatlyk edýär. Myhmansöýerligiň belent nusgasy

Taryha ýazylan sport wakasy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23 — 28-nji noýabr aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň biri boldy. Ýokary guramaçylykly we uly ruhubelentlikde geçýän dünýä çempionatyna ençeme döwletleriň milli ýygyndy toparlary gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Dünýä çempionatynyň geçirilýän günlerinde gözel paýtagtymyz baýramçylyk ruhuna beslendi. Sport ýaryşyna gatnaşmaga gelen myhmanlar milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, duz-çörek bilen garşy alyndy. Paýtagtymyzyň merkezi köçelerinde hem-de Olimpiýa şäherçesinde «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgylar ýerleşdirildi. Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda hem-de oňa ýanaşyk türgenleşik merkezlerinde milli we ýadygärlik önümleriniň söwda nokatlary guraldy. Bu ýerde dünýä çempionatynyň nyşany bilen bezelen dürli görnüşli harytlar hödürlenildi.

Kuraş — 2023: Ilkinji günde iki altyn medal

Şu gün — 27-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji tutluşyklary boldy. Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ir bilen türgenleriň agramyny çekmek çäresi geçirildi. Soňra erkekleriň arasynda agram derejeleriniň üçüsi, zenan türgenleriň arasynda bolsa bäşisi boýunça tutluşyklara badalga berildi. Günüň birinji ýarymynda erkekleriň arasynda 90 we 100 kilograma çenli agram derejelerinde hem-de 100 kilogramdan ýokary agramda deslapky tutluşyklar çekeleşikli häsiýetde geçdi. Zenanlaryň arasynda -48, -52, -57, -63, -70 kilogram agram derejelerinde deslapky tutluşyklarda dürli halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanan türgenler ýurdumyzyň sport abraýyny goramak üçin göreş düşekçesine çykdy.

Paýtagtymyzda kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär

Sport ýaryşlarynyň merkezine öwrülen ak şäherimiz Aşgabatda şu günler ýene bir ajaýyp sport baýramçylygy — Kuraş boýunça dünýä çempionaty dowam edýär. Dabaralaryna 23-nji noýabrda badalga berlen çempionatyň ýaryşlary düýn başlandy. Taryhda 14-nji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna Ýer ýüzüniň 50-den gowrak döwletinden 500-e ýakyn myhman gatnaşýar. Dünýä çempionatynyň ýaryşlary 15 agram derejesinde geçirilýär: şol sanda olaryň 7-si erkekleriň, 8-si bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşlara degişlidir. Dünýä çempionatyna 15 türgen bilen gatnaşýan Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylaryny Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa taýýarlady.

Sportly Türkmenistan we türkmenistanly ýaşlar

Ýurdumyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty uly üstünliklere beslenýär Ata Watanymyzda bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini, şeýle hem halkara sport ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Muňa 23-nji noýabrda paýtagtymyz Aşgabatda badalga alan Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty aýdyň mysaldyr.

Türkmen sporty şöhratlanýar

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Sport — parahatçylygyň ilçisi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýip belledi. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, umumybilim berýän, şeýle-de ýöriteleşdirilen orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe taýýarlygy boýunça sapaklar girizildi. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy.

Zenan türgenler Kuraş boýunça dünýä çempionatyna üstünlikli başladylar

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Çempionatyň birinji gününde agram derejeleriniň 8-si boýunça ýaryşlar geçirilýär. Häzire çenli türkmenistanly türgenler ajaýyp netijeleri görkezip gelýärler. Şolaryň arasynda zenan türgenlerimiz hem bar.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty: ilkinji şowly netijeler

Kuraş boýunça dünýä çempionaty — 2019-yň altyn medalynyň eýesi, 52 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysyna wekilçilik edýän Aýnur Amanowa Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatyndaky çykyşyna hem ýeňiş bilen başlady. Ýaryşa çärýek finaldan girişen türkmenistanly türgen moldowaly Wera Zoreany ýeňip, adyny ýarym finala ýazdyrmagy başardy. Bu bolsa Aýnuruň şu gezekki çempionatda hem azyndan bürünç medaly gazanmagyny kepillendirýär.