"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Milli sportumyzyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň sport we bedenterbiýe ulgamynda uly ösüşleriň gazanylmagy ildeşlerimiziň her birini buýsandyrýar. Bu ugurda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýyllyk döwründe gazananlary barada oýlananyňda, Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrýan beýik işleri göz öňünde janlanýar. Täze taryhy döwrümizde bilim ojaklarynda bedenterbiýe okuw sapaklarynyň girizilmegi aýratyn uly ähmiýete eýedir. Orta mekdeplerde geçilýän bedenterbiýe sapaklarynda ýaşlar beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyň fiziki endiklerini ele almak bilen bir hatarda, sportuň we bedenterbiýäniň düýp maksady, onuň ynsan saglygy, sagdyn ösüşi, dostlugy, agzybirligi berkitmekde peýdasy barada ilkinji başlangyç düşünjeleri ele alyp bilýärler. Şeýle-de sportuň, bedenterbiýäniň aýrylmaz bölegi bolan bäsleşik, ýeňşe ymtylmak, ýeňiji bolmak ýaly durmuşda gazanylýan ösüş basgançaklary barada giň gözýetime eýe bolýarlar.

Sport habarlary

Hazar şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň edara-kärhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçiren ýaryşy sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşine höwesekleriň barha köpelýändigini görkezdi. «Shlumberger» kompaniýasynyň uly operatory Wýaçeslaw Podolskiniň birinji orny eýelemegi bilen jemlenen ýaryşda ikinji orun Hazar şäher kazyýetiniň kazysy Farhad Ýuldaşewiň, üçünji orun «Dragon Oil» kompaniýasynyň işgäri Rahmet Burhanowyň paýlaryna düşdi.

Onlaýn bäsleşiginiň ýeňijileri

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň guramagynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli küşt oýny boýunça geçirilen Aşgabadyň açyk çempionaty tamamlandy. Küşt oýnunyň çalasyn (blitz) görnüşi boýunça geçirilen bu açyk onlaýn çempionatyna jemi 140 türgen gatnaşdy. Ýaryşa paýtagtymyzdan we welaýatlardan küştçüler, şol sanda Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly daşary ýurtlardaky ildeşlerimiz hem işjeň gatnaşdylar. Ýaryşa gatnaşan 16 ýaşa çenli we ondan ýokary ýaşdaky türgenler jemi 4 toparda bäsleşdiler. Onlaýn çempionatyň jemlerine görä, erkekleriň arasynda birinji orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby S.Atabaýew, zenanlaryň arasynda birinji orny hem bu institutyň talyby J.Öwezdurdyýewa eýelediler. 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda A.Hommadow, 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda bolsa E.Arazmedowa birinji orny eýeledi. Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän türgenler Aşgabat şäher häkimliginiň ýadygärlik sowgatlary, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary bilen s

At syryny seýis biler

Onuň bilen iş ýerinde, has takygy, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň 6-njy athanasynda duşuşmagy gürleşdik. Athana baranymyzda, ol atlaryny gezime çykaran eken. Ussat seýis şägirtleri bilen münüp gelen atlaryny athananyň ýanynda saklady. Olaryň hersi atlarynyň çekilerini ýazdyryp, eýerlerini aýyrdylar. Atlar diýseň düşbi eken. Olar diňe atlarynyň jylawyndan tutdular. Atlaryň özleri çägeli meýdana bardylar. Baryşlaryna-da iki-baka agynap başladylar. Şondan soň geljekki seýisler olary athana alyp gitdiler. Gezimden soň atlara edilýän hyzmat onuň bilen tamamlanmady. Ýaş seýisler gezimden gelen atlary gaýtadan birlaý gözden geçirdiler.

«Ahal» — sebitleýin finalda!

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň sebitleýin finalyna çykdy. Topar taryhynda ilkinji gezek şeýle üstünlik gazandy. Yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň toparçalary biri-birine ýakyn ýerleşýän döwletleriň wekillerinden düzülýär. Şeýlelikde, Merkezi Aziýa döwletlerinden gatnaşjak toparlar «E» we «F» toparçany düzdi. Bije çekişligiň netijesinde ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» we Täjigistanyň «Rawşan» toparlary bilen bilelikde «E» toparçada çykyş etdi. «F» toparça bolsa ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr», Özbegistanyň «Nasaf», Täjigistanyň «Hujand» we Gyrgyz Respublikasynyň «Alaý» toparlary wekilçilik etdi.

«Ahal» sebitleýin finalda, «Altyn asyr» bir ädim bärde

Bir ýyl arakesmeden soňra ýurdumyzyň futbol toparlarynyň halkara ýaryşda çykyş etmegi her bir janköýer üçin ýakymly. Millionlaryň söýgüli oýnunyň şowly pursatlarynda begenjiňe çaga ýaly bökjeklemek, şowsuzlyklarda bolsa onki süňňüň bilen ahmyr etmek, megerem, başga hiç zat bilen çalşylmaýan duýgular. Türkmen futbolynyň janköýerleri bu duýgulary şu günler hem başdan geçirýärler. Çünki ýurdumyzyň iň güýçli futbol toparlarynyň ikisi ― geçen möwsümiň çempiony «Altyn asyr» we wise-çempiony «Ahal» yklym ýaryşyna ― AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýarlar. Şolardan «Ahalyň» ýaryşyň sebitleýin finalyna çykyp bilendigini guwanç bilen habar berýäris. MERKEZLEŞDIRILEN DUŞUŞYKLAR

Sporty hemra edinip

Ýaşlar kämillik ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda hem soňky ýyllarda gurlan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň we sport mekdepleriniň binalary biri-biriniň yzyny hatarlap, artmak bilen. Şol desgalarda türgenleriň, sport söýüjileriň sanyny köpeltmek we olaryň ussatlyklaryny kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hojambaz etrabynda ýerleşýän 2-nji sport mekdebi hem şolaryň biri. Bu ýer adamlaryň köp gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Mekdepde diňe bir türgenleşige däl, eýsem, geçirilýän dürli ýaryşlardan lezzet almaga gelýänler-de barmak büküp sanardan kän. Bu sport mekdebi 2014-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berildi. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler we şertler döredilen bu ýerde ýaş türgenleriň ýüzlerçesi tälim alýar. Welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda we bäsleşiklerde etrabyň ýaş sportçularynyň görkezýän ussatlyklary mekdebiň tälimçileriniň çekýän asylly zähmetiniň netijesidir. Bu ýerde dürli sport çäreleriniň yzygiderli guralmagy etrabyň ýaşaýjylarynyň sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerýändikleriniň anyk mysalydyr.

Ýaşlaryň sport ussatlygy

GÖKDEPE. Etrapdaky 9-njy orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onda etrapdaky orta mekdeplerden gelen toparlar öz aralarynda çekeleşikli duşuşyklary alyp bardylar. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda geçirilen stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş okuwçy ýaşlara sport ussatlygyny görkezmäge giň mümkinçilik açdy. Sport zalynda döredilen ajaýyp şertler okuwçy ýaşlara üstünlik gazanmaga uly ruhubelentlik berdi. Munuň özi ýaryşyň çekeleşikli geçmegine itergi berdi.

Sport habarlary

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda ýeňil atletikanyň dürli aralyklara ylgamak görnüşi boýunça talyplaryň arasynda ýaryş geçirildi. 100 metr aralyga ylgamakda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby Daýanç Baýjanow birinji, welaýat ýörite sungat mekdebinden Şähram Gurbanow ikinji, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Dädiş Abdullaýew üçünji orunlara mynasyp boldular.

Şanly senäniň şanyna

Golaýda 140 küştçiniň gatnaşmagynda küşt oýny boýunça geçirilen onlaýn ýaryşlary has-da çekeleşikli boldy Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler, döredijilik we sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli 140 küştçiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň guramagynda sportuň küşt görnüşi boýunça onlaýn ýaryşlary geçirildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň dürli ýaşdaky küştçüleri gatnaşdylar. Bäsleşikde 16 ýaşa çenli we ondan ýokary ýaşdaky küştçüler özara bäsleşdiler. Şanly senä bagyşlanan ýaryşlara gatnaşýanlaryň arasynda ýaş küştçüleriň has köpdügini aýratyn bellemegimiz gerek. Bu ýaryş küşdüň çalasyn görnüşi (blitz) boýunça geçirildi. Onlaýn arkaly geçirilen bu ýaryş «Lichess.org» internet portalynyň üsti bilen geçirildi. Ýaryş özboluşly gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Oňa Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň jogapkär wekilleri eminlik etdiler. Ýaryş FIDE-niň kadalaryna laýyklykda,

Sport täzelikleri

Stoluň üstünde oýnalýan tennis Golaýda welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça oglan-gyzlaryň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden hem-de Dänew, Farap, Saýat etraplaryndan toparlar gatnaşdylar.

Tagalla edilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sport ulgamy uly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport mekdepleri, stadionlar gurlup, ulanylmaga berilýär we olar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Olara sport mekdeplerinde sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler bar. Tagtabazar etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebinde sportuň 7 görnüşi boýunça tälim berilýär. Bu ýere gelýän türgenlere sportuň milli göreş görnüşine ussat tälimçi Silapberdi Öwezow tälim berýär. Tälim alýan türgenler 2001 — 2011-nji ýylda doglan oglanlardan düzülen. Olar 36 türgen bolup, üç topara bölünip, türgenleşik geçýärler. Ýaşajyk türgenleriň arasynda Babamyrat Agasöýünow, Serdar Agaýusubow, Perman Allaberdiýew, Kerwen Agaserdarow tapawutlanýarlar.

Yhlasly tälimçileriň bar ýerinde

Beden taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejesinde ýaryşlar yzygiderli geçirilip, ussat türgenleriň ýüze çykmagyna giň mümkinçilik döredilýär. Milli Liderimiziň özleri hakyndaky aladalary bilen gurşalýan ýaşlar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda guralýan çärelere, bäsleşiklere ýokary guramaçylykly gatnaşýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýunyň toýlanyljak ýylynda biziň sport mekdebimiziň tälimçileridir mugallymlary hem sporty ösdürmeklige goşantlaryny goşýarlar. Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça meşgullanmaga höwesek türgenleriň sanynyň artýandygy guwandyrýar. Olara agyr atletika boýunça tejribeli tälimçi Döwran Orazdurdyýew yzygiderli tälim berýär.

Ruhubelentligiň girewi

Ajap eýýamymyzda adam döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen halkyň saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurt Baştutanymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen il-gün bähbitli meseleleriň çözgüdine badalga berýär. Ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerime eýe bolmagyny gazanmak şol wezipeleriň özenini düzýär. Biziň sport mekdebimizde ýaşlaryň onlarçasy sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar. Olara tejribeli tälimçiler tälim berip, türgenler saýlan görnüşleri boýunça ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Mekdebimizde bolsa, ezber türgenleri ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler bar. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýaş türgenlerimiziň ussatlyga ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýäris. Geçen ýyllaryň ýaryşlarynda ýaş türgenlerimiziň şowly çykyşlary yhlas-tagallalarymyzyň ýerine düşýändigine güwä geçýär. Guwançly ýerem, soňky ýyllarda sport bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlaryň sanynyň artýanlygydyr. Bu bolsa ruhubelentligiň, sagdynlygyň, sagdyn durmuşyň ygtybarly kepilidir.

Çyn bedewler meýdanynda bellidir

Düýn Lebap atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirildi. At çapyşygyna bedewleriň 50-den gowragy gatnaşdyryldy. Asylly däbe eýerilip, birinji çapyşyk ýaş çapyksuwarlaryň arasynda geçirildi. Ilkinji çapyşyk dartgynlylygy we çekeleşikliligi bilen janköýerleri özüne kökerdi. Üçýaşar bedewleriň we olara erk edýän ýaş çapyksuwarlaryň maksada okgunlylygy toýçy mähelläniň şowhunyna şowhun goşdy. Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň Y.Allanazarow tarapyndan erk edilen Almaly atly al aty bilen B.Balakaýewiň Seýran atly gyr bedewi (çapyksuwary Ý.Jummadow) pellehana tas deňme-deň geldiler. Hatda, janköýerleriň aglabasy pellehanadan haýsy bedewiň birinji geçendigini saýgaryp hem ýetişmediler. Şeýlelikde, netijäni eminler berdi. Olaryň gelen netijesine görä, Almaly bir sekundyň 10-dan 1 ülşi bilen pellehanadan öňde geçmegi başardy. Has takygy, 1000 metr aralygy Almaly 1 minut 04,7 sekuntda, Seýran bolsa 1 minut 04,8 sekuntda geçdi.

Möhüm ulgam ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha giňden ýaýbaňlandyrylýar. Baýramaly şäherindäki sport mekdebinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilip, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly ýörelgeler ösdürilýär. Mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş türgenlerimiz üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä ýaýmakda biziň ýaş türgenlerimiz hem mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Türgenlerimiziň gazanjak ýeňişleri ata Watanymyzyň sport abraýyny dünýä ýaýjakdygyna ynanýarys.

Yhlasa Myrat

Hormatly Arkadagymyzyň gurduryp beren sport mekdebi hem-de sport desgasy biziň etrabymyzda hem hereket edýär. Biziň sport mekdebimizde ýeňil atletika boýunça gijesini gündiz edip işläp, yhlas edýän tälimçilerimiz bar. Golaýda “Garagum” sport desgasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Şol ýaryşda etrabymyzyň yhlasly tälimçileri Akmyrat Begençalyýewiň, Selbi Kyýasowanyň, Kakageldi Garabatyrowyň tälim berýän türgenleri uly ýeňşe eýe boldular. Olaryň 12-si 1-nji orna, 7-si 2-nji orna, 7-si 3-nji orna mynasyp boldular. Sport äleminde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys.

Zehinli türgenler ýetişdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýola goýulýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpçülikleýin häsiýetde durmuşa ornaşdyrylmagynda sport mekdebimiziň üstüne uly wezipe düşýär. Ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde ýaş türgenlere öz saýlap alan sport görnüşleri boýunça türgenleşik geçmäge mümkinçilik döredilip, tejribeli tälimçilerimiz ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Sport mekdebimizde sportuň çeper gimnastika, futbol, futzal, grek-rim göreşi, şotokan-karate, küşt, gylyçlaşmak, woleýbol ýaly görnüşleri boýunça türgenleşik işleri geçirilýär. Biz sportuň ady agzalan görnüşleri boýunça ýaş türgenleri taýýarlap, milli we halkara ýaryşlarynda gowy netijeler görkezip, uly üstünliklere eýe bolmak ugrunda göreşýäris. Meýlis IMAMOW.

Parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe köküni asyrlaryň taryhyndan, pederlerimiziň durmuş tejribesinden alyp gaýdýan hem-de belent ösüşlerimiziň daýanjyna öwrülen sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgelerimiz giň ýol alyp, barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň baş baýlygy bolan il-günüň saglygy, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar ilkinji orunda goýlup, häzirkizaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlaryň ählisinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berlendigi hem doly şaýatlyk edýär. Şu günler Aşgabat şäherindäki sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi ýene-de halkara we dünýä derejesindäki iri ýaryşlara taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, şol sanda örän iri sport çärelerini ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna goşuldy. Indi birnäçe ýyldan bäri özygtyýarly, baky berkarar ýurdumyz döwletara derejelerd