"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ruhubelentligiň baýramy

Düýn Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy. Mälim bolşy ýaly, sagdynlygyň we ruhubelentligiň özboluşly baýramçylygyna öwrülen, her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýän bu sene Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredildi hem-de ol sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýan ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki belent ykrarnamasy bolup, dünýä senenamasyna girdi. Düýnki geçirilen köpugurly çäreler hem bu aýdyň hakykatyň nobatdaky subutnamasy boldy. AHALDA

Sport baýramçylygyna öwrüldi

Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda uly ruhubelentlikde bellenilýän seneleriň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň has-da dabaralandyryljak ýylynda hem bu sene giňden bellenildi. Düýn Bütindünýä welosiped gününiň şanyna Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giň göwrümli çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Welosipedli ýöriş — döwrümize bezeg

Eziz Watanymyzda sportuň jemgyýetde giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Şolaryň biri-de welosipedli ýörişler, welosport bilen baglydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek baradaky çözgüdi dünýä halklary tarapyndan kabul edildi. Bütindünýä welosiped güni ilkinji gezek 2018-nji ýylda bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda welosipedli ýörişler, welosport täze ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda welosporty höweslendirmäge, ildeşlerimizi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga giňden çekmäge gönükdirilen işlere badalga berdi. Lukmanlar yzygiderli welosiped sürmegiň saglyga peýdalydygyny, ýürek, – gan-damar ulgamynyň berkemegine täsir edýändigini aýdýarlar. Welosipedli ýörişler gany kislorod bilen baýlaşdyrýar, gan aýlanyşygynyň we öýkeniň işlemeginiň gowulanmagyna täsir edýär. Welosipedli gezmek gözleri türgenleşdirmek üçin hem örän peýdaly hasaplanýar. Welosiped sürüp, yzygiderli gezelenç edýänleriň bedeniň ýokanç kesellere garşy göreşmäge ukyplylygyny artdyrýandyklary hem bellidir. Çünki welosipedli gezelençler bedeni türgenleşdirýär we taplaýar, nerw ulgamyny berkidip, piki

Sport — ruhubelent ýaşaýşyň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde saglygy berkitmegiň baş sakasy bolan sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Il saglygyny ýurduň baş baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalarydyr mekdeplerini yzygiderli gurdurýar. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň halkyň saglygyny, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini baş maksatlarynyň birine öwrendigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda ileri tutýan ugurlarynyň biri-de sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşymyza berk ornaşdyrmakdan ybaratdyr. «Bedenterbiýe we sport adamyň beden hem akyl-paýhas ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda bu ulgamlary ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berýäris» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden halkyň arasynda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmaga bolan islegi güýçlendirmek maksady bilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Sporty ruhubelent ýaşaýşyň çeşmesi hasaplaýan hormatly Prezidentimiz çagalarda bu ugurdaky gyzyklanmany, sporta bolan söýgini döretmegi irki ýaşdaky döwründen başlamagy göz öňünde tutup,

Welosipedi dolandyrmagyň kadalary

Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe, sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmäge gönükdirilen taýsyz tagallalary netijesinde, dünýäniň sport giňişliginde eziz Diýarymyzyň abraýy has-da ýokarlanýar. Mähriban Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolup, bu ugurda ildeşlerimize nusgalyk görelde görkezýär hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar. Bu ugurda ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň hataryna ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge gönükdirilen işler hem goşulýar. Jemgyýetiň ykdysady ösüşiniň häzirki şertlerinde ulaglaryň we welosipedleriň sanynyň artmagy ýol hereketi babatda çözülmegini talap edýän meseleleri döredýär. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň, ýagny sürüjileriň, ýolagçylaryň, welosiped sürüjileriň, pyýadalaryň janynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Ösüşe beslenýän sport

Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty hem täze ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Resminama sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine, bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, welosiped sporty bilen meşgullanmaga ilatyň giň köpçüliginiň çekilmegine uly itergi berýär. Bu ugurda Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy şeýle hem beýleki halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

Ruhubelentlige beslenen welosipedli ýöriş

Güneşli Diýarymyzda çagalar bagyndan başlap, tä uly ýaşly adamlara çenli ähli ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly öz bedenlerini berkidýärler. Biz muňa 3-nji iýunda ýurdumyzda giňden dabaralanan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen sport ýaryşlarynda, welosipedli ýörişlerde has-da aýdyň göz ýetirdik. Gözel paýtagtymyzyň aýna ýaly tekiz şaýollarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarydyr professor-mugallymlarynyň gatnaşmagyndaky welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Bu bolsa ýurdumyzda mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine giňden eýerýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, dünýä halklaryny haýrana goýýar.

Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň mekany

Spor­ty we be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, her bir ra­ýa­tyň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy ba­bat­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler döw­let sy­ýa­sa­tyn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Sport dost­lu­ga, sag­ly­ga we gö­zel­li­ge ta­rap ýol­dur» at­ly aja­ýyp ese­rin­de: «Sport bi­ziň üçin ýa­şaý­şyň gö­zel­li­gi­dir, çün­ki mu­nuň özi te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­mak en­di­gi­dir, tej­ri­be­si­dir. Sport sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­me­giň iň mö­hüm şer­ti­dir» di­ýip bel­le­ýär. Hä­zir­ki za­ma­nyň giň müm­kin­çi­lik­li sport ul­gam­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hem-de ata Wa­ta­ny­my­zyň bü­tin dün­ýä­de sport ýur­dy hök­mün­de yk­rar edil­me­gi bu ugur­da ga­za­ny­lan aja­ýyp üs­tün­lik­ler­dir. Ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­na be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni ke­pil­len­dir­ýän «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny he­re­ket ed­ýär.

Parahatçylygyň baýramy

Zeminiň çar künjünde ýaýbaňlandyrylýar Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä senenamasynda özboluşly, halkara welosiped baýramçylygynyň döremegini şertlendirdi. Indi dördünji gezek halkara bileleşik bilen bilelikde bellenilýän bu baýram ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipedi saýlaýanlaryň millionlarçasyny bir ýere jemleýär. Bütindünýä welosiped gününi giňden dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary hem asylly däbe eýerip, bu şanly senäniň öň ýanynda köpçülikleýin welosipedli ýörişlere badalga berdiler.

Bütin dünýäniň welosiped sürýän güni

2018-nji ýyldan ozal 3-nji iýun ABŞ-nyň Konfederasiýasynyň ýatlama güni, Çernogoriýanyň Garaşsyzlyk güni, Londonda dünýäde ilkinji atçylyk toplumynyň açylan güni (1837-nji ýyl), Hytaý bilen Russiýanyň arasynda demir ýol çekmek baradaky Ylalaşyga gol çekilen gün (1896-njy ýyl), dünýä meşhur şahsyýetleriň ýüzlerçesiniň doglan güni hökmünde taryha giren bolsa, şol ýyl bu sanawa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped güni hem goşuldy. Özi hem bu başlangyjyň biziň döwletimiz — Türkmenistan tarapyndan öňe sürlendigi guwandyryjydyr. Tutuş dünýäni ekologik abadançylyga we sagdyn ýaşaýşa çagyrýan bu baýramçylyk şu ýyl Ýer ýüzünde dördünji gezek bellenilýär.

Dünýäde dabaralanýan baýram

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Toý-baýramlar, şanly seneler — ynsan durmuşynyň bezegi. Baýramçylyk günlerinde her bir adamyň göwün guşy al-asmana göterilip, onuň dumly-duşuna mähir paýlasy, nähilidir bir gowulyk edesi gelýär. Şol niýetini amala hem aşyrýar. Şonuň üçinem her bir toý-baýrama adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, taýýarlyk görýärler. Her ýylyň 3-nji iýunynda bütin Ýer ýüzünde giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped gününi hem ynsanlara şatlyk, ruhubelentlik, bagtyýarlyk paýlaýan baýram hökmünde görkezmek bolar. Bu senäni türkmen halkynyň egsilmez buýsanç duýgusy bilen garşylaýandygyny bellemek gerek. Onuňam sebäbi hemmämize mälimdir: Bütindünýä welosiped güni türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dörän hem-de Ýer ýüzünde uly goldawa, ykrarnama eýe bolan baýramçylykdyr. 

Welosiped sporty barada belli seneler

1. Ilkinji welosiped 1817-nji ýylda iki tigirli iteklenip sürülýän görnüşde peýda bolýar. 2. 1868-nji ýylda ilkinji gezek Parižde 2000 metr aralykda resmi ýaryş geçirilýär.

Halkymyzyň hemrasy

Ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şeýle çäreler ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga we welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda welosiped sporty ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna we adamyň saglygyny berkitmäge ýardam berýän sportuň meşhur görnüşleriniň biridir. Daşky gurşawy goramak we gözel tebigatymyzy aýawly saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler hem-de welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň artykmaçlygy adamlaryň işjeň dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde welosiped sportunyň hyzmaty örän uludyr. Adamzat indi iki asyrdan gowrak wagt bäri ekologiýa taýdan arassa, hereketlendirmesi ýönekeý, howpsuzlyk taýdan ygtybarly welosipedi ulag serişdesi hökmünde peýdalanýar. Welosiped häzirki wagtda tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrüldi. Awtomobiliň welosipede çalşylmagy daş-töwerege ýaýraýan zyýanly gazlaryň derejesini peseltmäge kömek edýär. Ynsan saglygy, ekologiýanyň arassalygy üçin hem iňňän ähmiýetli bu ulagyň biziň ýurdumyzda san

Sagdynlyga we ruhubelentlige çagyryş

Hereketde bolmak bedeniňi berkitmekdir. Emma adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde hereketleriň hersiniň aýratyn täsiriniň bardygy-da bellärliklidir. Olaryň iň peýdalylarynyň biri-de tigir sürmekdir. Welosiped sporty bilen meşgullanmak, esasan hem, aýagyň dyz we daban bölekleriniň işjeňliginiň artmagyna, oňurga süňkleriniň hereketde bolmagyna, myşsalaryň kadaly işlemegine oňaýly täsir edýär. Galyberse-de, bu peýdaly endik adamyň ýürek-damar gan aýlanyşygynyň we dem alyş ýollarynyň has-da gowulanmagyna, süýji keseliniň döremek howpunyň ep-esli derejede azalmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Welosiped sporty öz taryhyny XIX asyryň başlaryndan alyp gaýdyp, ony gündelik durmuşda hemişelik endige öwrenleriň sany soňky ýyllarda görnetin artdy. Biz bu hakykaty sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip yglan edilen güneşli Türkmenistanyň mysalynda hem aýdyň görýäris. Çünki ýurdumyzda welosiped sporty bilen halk köpçüliginiň giňden meşgullanmagy, sportuň bu görnüşiniň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

Sportuň arassa hem peýdaly görnüşi

Ir säherde welosiped sporty bilen meşgullanyp, türkmen tebigatynyň gözelliklerine syn etmek juda ýakymly. Teleýaýlym arkaly Gahryman Arkadagymyzyň dagyň gerişlerini etekläp oturan ajaýyp tebigatly Aşgabadyň tekiz ýollarynda welosiped sporty bilen meşgullanýandygyny göreniňde, göwnüň göterilýär. Şol pursat islendik ynsanyň ekologiýa taýdan arassa sport bilen meşgullanmaga bolan höwesini artdyrýar. Milli Liderimiziň sportuň ähli görnüşleri bilen ussatlarça meşgullanmagy biziň üçin nusgalyk göreldedir. Güneşli Watanymyzda welosiped sportuna uly üns berilýär. Milli Liderimiziň asylly başlangyjyny goldap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi hem welosporty sazlaşykly ösdürmäge oňyn mümkinçilikleri döredýär. Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri hökmünde ol dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Welosiped sürmek bedeniň taplanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine we gan basyşynyň durnukly saklanmagyna, şeýle-de bogunlaryň işjeňligine ýaramly täsir etmek bilen, ekologiýa birjik-de zyýan ýetirmeýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde ýurdumyzda welosiped sportunyň tarapdarlarynyň sany barha artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, aý

Sagdynlygyň sakasy

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Bu çözgüdiň Gahryman Prezidentimiziň hut özüniň başlangyjy bilen kabul edilmegi, dünýä bileleşigine girýän döwletleriň 56-synyň oňa awtordaş hökmünde çykyş etmegi bolsa Türkmenistan döwletimiziň, Arkadag Prezidentimiziň milli we, umuman, halkara sportunyň, şol sanda welosiped sportunyň ösdürilmegine örän uly goşant goşýandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ösýändigini äşgär edýär. Dünýä bileleşiginiň iň abraýly guramasynyň şeýle çözgüdi kabul etmeginiň yzýany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda” Permana gol çekdi. Bu waka Arkadag Prezidentimiziň hut özüniň görelde bolmagynda ýurdumyzda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň barha giň gerim alýandygynyň, Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmaga, sagdynlygyň sakasy bolan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni yzygiderli ösdürmäge, şonuň netijesinde her bir raýatyň saglygyny goramaga, berkitmäge gönükdirilen yn

Ykbalyny sporta baglan serhetçi türgen

1993-nji ýylyň 17-nji fewraly. Lebap welaýatynyň Saýat etraby. Ir säheriň buşluk habary Remezan aganyň hem-de Zybagül gelnejäniň agzybir maşgalasynyň gapysyndan bagt bolup ätledi. Olaryň agzybir ojagynda ýaňlanýan bäbejigiň jägildi sesi bagtly maşgalanyň şowhunyny has-da artdy. Mähriban ojagyň gujagy baky bagtyýarlyga beslenip, daşarynyň mymyk şemaly, onuň ugruna agaçlaryň şahalarynyň ygşyldaýyşlary, guşjagazlaryň ganat kakyşlary edil buşlukçy sazyň şanyna tans edýäne meňzeýärdi. Säher bilen dünýä inen gyzjagaza uly arzuwlar, ýagşy umytlar bilen «Maýa» diýip at dakdylar. Günler aýlara, aýlar ýyllara gol berip geçip durdy. «Iki aýakly iki günde» diýlişi ýaly, Maýajyk okuw ýaşyny dolduryp, ak mekdebiň bosagasyndan ätledi. Mekdep durmuşy, mugallymlarynyň öwredýän sapaklary onuň üçin gyzyklydy. Ol özüniň bilesigelijiligi, zehinliligi, ukyp-başarnygy bilen mekdep mugallymlaryna-da özüni aldyrmagy başardy. Bir gezegem ak kagyzyň ýüzüne sport toplumda türgenleşýän bir gyzjagazyň suratyny çekip: «Menem şular ýaly türgen boljak!» diýip, boýunjagazyny burup, kakasyna özüni sport mekdebine türgenleşige äkitmegi haýyş edipdi. Kakasy Maýajygyň höwesini gijikdirmän, ony öýleriniň golaýyndaky sport mekdebine alyp barýar. Remezan aga sport mekdebiniň türgeni Aman Ýa

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän peýdalydygy bilen ähli ýaşdaky watandaşlarymyzyň ünsüni çekýär.

Saglygy berkitmegiň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek bilen baglanyşykly Kararnamanyň kabul edilmegi netijesinde, bu sene her ýyl ajaýyp baýramçylyk hökmünde giňden bellenip geçilýär. Habarçymyz bu senäniň taryhy ähmiýeti we welosiped sportunyň ynsan saglygyna peýdasy barada degişli hünärmenleriň birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy. Biz hem öz gezegimizde ildeşlerimiziň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Allaýar SYTDYHOW, Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, sport weterany: