"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Dostluk. Bäsdeşlik. Ýeňşe ynam

Mälim bolşy ýaly, 15-nji aprelde paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda badalga berlen hokkeý boýunça halkara ýaryş türkmen sportunyň şan-şöhratyny nobatdaky gezek äleme aýan etdi. Ata Watanymyzda sportuň buzda oýnalýan görnüşi boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi ýurdumyzyň sport ulgamynda uly öňegidişlikleri gazanýandygynyň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sporta aýratyn ähmiýet berilýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

Sport

Şäheriň birinjiligi ugrunda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň we jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramagynda şäheriň birinjiligi ugrunda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdepde geçirilen bu ýaryşa şäherdäki orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Ýaş pälwanlar güýç synanyşdylar

Sarahs etrabynyň sport mekdebiniň we orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda milli göreş boýunça ýaryş geçirildi. Sport mekdebinde geçen ýaryşda ýaş pälwanlar agram derejeleriniň altysy boýunça güýç synanyşdylar. Gyzykly tutluşyklaryň netijesinde 45 kilogram agram derejesinde Saparnyýaz Döwletow, 48 kilogram agram derejesinde Meretaly Begenjow, 52 kilogram agram derejesinde Daýanç Esenow, 57 kilogram agram derejesinde Atajan Saparow, 62 kilogram agram derejesinde Ýusup Meretalyýew, 68 kilogram agram derejesinde Umyt Annalyýew dagy I orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.

Sportda ösüş bar

Her bir ene-ata öz çagalarynyň syratly bolmagyny arzuw edýändir. Sport çaganyň boýuny ösdürýärmikä? Boýuň uzyn, synalaryň gujurly bolmagy üçin sportuň haýsy görnüşleri bilen meşgullanmaly? Bu ata-eneleriň içgin gyzyklanýan sowaly. Biz hem bilermenleriň pikirini öwrenip, käbir sport görnüşleri barada töwerekleýin gürrüň etmegi makul bildik. Geň ýeri: irden çaganyň boýy agşamkysyndan biraz uzynrak bolýar. Muny agşamky dynç alyşdan soň, biloňurganyň oňurga dokumalarynyň irden ýazylgan ýagdaýda bolup, agşama çenli biraz gysylýanlygy bilen düşündirilýär. Aratapawut, takmynan, 1 sm çemesi bolýar. Islendik çagany sporta berip, uzyn boýly edip ýetişdirip bolmaýandygyny turuwbaşdan bellemek zerur. Elbetde, bu ýerde nesil yzarlamak, sagdyn iýmitlenmek ýaly ýagdaýlara-da möhüm orun degişlidir. Şol bir wagtyň özünde, sportuň käbir görnüşleriniň beden synalaryny ep-esli gurplandyrýandygyny, özüňe, güýç-gaýratyňa hem ukyp-başarnygyňa bolan ynamy polat ýaly taplaýandygyny türgenler tassyklaýarlar.

«Mançester Siti» bir ädim öňe geçdi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş do­wam edip, «Ar­se­nal­dyr» «Li­wer­pul» 33-nji tap­gyr­da öz meý­dan­ça­la­ryn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. «Ar­se­nal» Lon­don­da «As­ton Wil­la­dan» soň­ky 6 mi­nut­da ge­çir­den 2 go­ly esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Gol­la­ry 84-nji mi­nut­da Beý­li, 87-nji mi­nut­da-da Wat­kins ge­çir­di. «Ar­se­nal» 2024-nji ýy­la ge­çip, çem­pio­nat­da il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Top­çu­lar «As­ton Wil­la­dan» myh­man­çy­lyk­da-da utu­lyp­dy (1–0). «Li­wer­pul» hem öz meý­dan­ça­syn­da «Kris­tal Pa­las­dan» 1–0 as­gyn ge­lip, ýe­ke-täk go­ly 14-nji mi­nut­da Ebe­re­çi Eze der­we­zä gi­riz­di. Öz meý­dan­ça­syn­da «Lu­ton Tawn» to­pa­ry­ny 5–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Man­çes­ter Si­ti» gar­şy­daş­la­ryn­dan 2 utuk öňe saý­la­nyp, sa­na­wyň 1-nji or­nu­na beý­gel­di. «Nýu­kas­lyň» «Tot­ten­ha­my» 4–0 ýe­ňen tap­gy­ryn­da «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Ewer­to­nyň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 6 gol ge­çir­di. Gol­la­ryň 4-si­ni 16 mi­nut­da het-trik eden Ko­ul Pal­mer öz ady­na ýaz­dyr­dy. Ol 13-nji, 18-nji, 29-njy hem-de 64-nji (p)

«Baýeriň» taryhy çempionlygy

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on wag­tyn­dan öň bel­li bol­dy. 29-njy tap­gy­ra çem­pi­on­lyk­dan 3 utuk uzak­da baş­lan «Ba­ýer» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Wer­de­riň» der­we­ze­sin­den gol ba­ry­ny ýag­dyr­dy. Bo­ni­feý­siň, Dža­ka­nyň gol­la­ry hem-de Wirt­siň het-tri­gi bi­len 5-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Le­wer­ku­zen şä­he­ri­niň «Ba­ýer» to­pa­ry möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Bu ýe­ňiş 1904-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­da esas­lan­dy­ry­lan klu­buň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Klub mun­dan ozal 5 ge­zek 2-nji ýe­ri eýe­läp­di (1997, 1999, 2000, 2002, 2011). 11 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­gy özün­de sak­lap gel­ýän «Ba­wa­ri­ýa­nyň» bu üs­tün­li­gi­ni soň­lan­dy­ran «Ba­ýer» to­pa­ry «Bun­des­li­ga­da» çem­pi­on­lyk ga­za­nan 13-nji klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 29-njy tap­gyr­da «Ba­wa­ri­ýa» «Köl­ni» 2-0, «Ştut­gart» «Aýnt­rah­ty» 3-0 ha­sap­lar bi­len ýeň­di. «Ştut­gart» to­pa­ryn­da Gi­ras­si 25-nji go­lu­ny ge­çi­rip, bu ugur­da klu­buň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ozal­ky re­kord bir möw­süm­de 24 ge­zek ta­pa­

«Li­wer­pu­lyň» ga­ra­şyl­ma­dyk ýeň­li­şi

UEFA Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­lyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry­nyň iň ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­si Ang­li­ýa­da ha­sa­ba alyn­dy. Ita­li­ýa­nyň «Ata­lan­ta» to­pa­ry «An­field» sta­dio­nyn­da güýç­li gar­şy­da­şy «Li­wer­pu­ly» 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da gol­la­ryň 2-si­ni 38-nji we 60-njy mi­nut­lar­da Jan­lu­ka Ska­mak­ka, beý­le­ki­si­ni-de 83-nji mi­nut­da Ma­rio Pa­şa­liç ge­çir­di. Mun­dan öňem Li­wer­pul şä­he­rin­de «Li­wer­pu­ly» 2–0, «Ewer­to­ny» hem 5–1 ýe­ňen «Ata­lan­ta» 34 oýun­dan soň Ýur­gen Klop­puň tä­lim ber­ýän klu­bu­ny «An­fi­eld» sta­dio­nyn­da ýeň­me­gi ba­şa­ran il­kin­ji to­par bol­dy. «Li­wer­pul» jo­gap du­şu­şy­gyn­da «Ata­lan­ta­dan» 5–1 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp­dy. Ita­li­ýa der­bi­sin­de «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da «Ro­ma­dan» 1–0 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip, ýe­ke-täk go­ly 17-nji mi­nut­da Jan­lu­ka Man­çi­ni ge­çir­di.

3 to­par­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji sü­rü­ji

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 3-nji ýa­ry­şy ABŞ-nyň Te­has şta­ty­nyň Os­tin şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 5,5 ki­lo­metr­lik «Ame­ricas» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «Ap­ri­lia Racing» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Ma­we­rik Win­ýa­les ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 20 aý­la­wy 41 mi­nut 9,503 se­kunt­da ge­çip, möw­süm­dä­ki il­kin­ji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu onuň Mo­to GP kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 10-njy ýeň­şi bo­lup, ol 3 dür­li to­par­da ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji sü­rü­ji hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 29 ýa­şyn­da­ky pi­lot 2016-njy ýyl­da «Su­zu­ki» bi­len 1, 2017-2021-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da-da «Ya­ma­ha» bi­len 8 «Gran Pri­de» ýe­ňi­ji bo­lup­dy. Ýa­ryş­da «Red Bull KTM» to­pa­ry­nyň 19 ýa­şyn­da­ky is­pan sü­rü­ji­si Ped­ro Akos­ta 2-nji ýe­ri eýe­läp, ol ýe­ňi­ji­den 1,728 se­kunt yza gal­dy. Mün­be­riň 3-nji bas­gan­ça­gy­na-da «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Enea Bas­tia­ni­ni çyk­dy. Ge­çi­ri­len 3 ýa­ryş­dan soň «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Hor­ge Mar­tin 80 utuk bi­len sa­na­wyň ba­şy­ny çe­kip gel­ýär. Bas­tia­ni­ni­niň 59, Win­ýa­le­siň 56 utu­gy b

«Mas­ters» ýa­ry­şyn­da­ky 2-nji ku­bo­gy

Golf bo­ýun­ça 4 uly ýa­ry­şyň möw­süm­dä­ki il­kin­ji­si bo­lan «Mas­ters» bäs­le­şi­gi ABŞ-nyň Jor­jia şta­tyn­da ge­çi­ril­di. 88-nji ge­zek ge­çi­ri­len «Mas­ters» ýa­ry­şyn­da ame­ri­ka­ly Skot­ti Şeff­ler 277 utuk top­lap, 2022-nji ýyl­dan soň 2-nji ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 20 mil­li­on dol­lar baý­rak gaz­na­sy bo­lan ýa­ryş­da Şeff­le­re ýe­ňi­ji hök­mün­de 3,6 mil­li­on do­lalr ber­ler. Ýa­ryş­da 2-nji ýe­ri şwe­si­ýa­ly Lud­wid Aberg eýe­läp, ol 2,16 mil­li­on dol­lar­lyk pul sy­la­gy­ny alar.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

19-njy ap­rel (an­na) Je­noa – La­sio (21:30)

NBA-nyň ýyldyzlary Pariž 2024-e gatnaşar

Ýe­ne-de 3 aý gow­rak wagt­dan baş­lan­jak Pa­riž 2024 to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­jak ABŞ-nyň bas­ket­bol ýy­gyn­dy (er­kek­ler) to­pa­ry bel­li bol­dy. Su­per ýyl­dyz LeB­ron Jeým­siň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Pa­riž­dä­ki bas­ket­bol du­şu­şyk­la­ry­na NBA-nyň meş­hur bas­ket­bol­çy­la­ry gat­na­şar­lar. NBA-nyň su­per ýyl­dyz­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän ýy­gyn­da LeB­ron Jeýms, An­to­ni De­wis («Los An­je­les Leý­kers»), Bam Ade­ba­ýo («Ma­ýa­mi Hit»), Ke­win Du­rant, De­win Bu­ker («Fi­niks Sans»), Ste­fen Kör­ri («Gol­den Steýt War­riors»), An­to­ni Ed­wards («Min­ne­so­ta Tim­ber­wol­wes»), Jo­el Em­bi­id («Fi­la­del­fia 76ers»), Taý­riz Ha­li­ber­ton («In­dia­na Peý­sers»), Jrue Ho­li­deý, Jaý­son Ta­tum («Bos­ton Sel­tiks»), Kaw­hi Leo­nard («Los An­ge­les Klip­pers») da­gy ça­gy­ryl­dy. Tä­lim­çi Grant Hil­liň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ABŞ-nyň bas­ket­bol ýy­gyn­dy­sy bas­syr 5-nji çem­pi­on­ly­gy­na ym­tyl­ýar.

«Al Hi­la­lyň» ýe­ňiş­li ýö­ri­şi ta­mam­lan­dy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da ýa­rym fi­na­lyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. BAE-niň «Al-Ain» to­pa­ry bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al Hi­lal» to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram eden Her­nan Kres­po­nyň şä­girt­le­ri­niň gol­la­ry­nyň 3-si­ni Su­fia­n Ra­hi­mi ge­çir­di. Ol 6-njy, 26-njy (p) hem-de 38-nji (p) mi­nut­lar­da ta­pa­wut­lan­dy. 4 goluň 3-sini penaltiden salan «Al-Ain» to­pa­ry­nyň beý­le­ki go­lu­ny-da 56-njy mi­nut­da (p) Ka­ku geçiridi. «Al Hi­la­lyň» gol­la­ry­ny Mal­kom (49) bi­len Al-Daw­sa­ri (78) ge­çir­di. Şun­luk­da, «Al Hi­lal» to­pa­ry­nyň yz­ly-yzy­na 34 oýun­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýän re­kor­dy ta­mam­lan­dy. Soň­ky ge­zek sent­ýabr aýyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­dik «Al Hi­lal» şon­dan bä­ri yz­ly-yzy­na 34 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nyp, dün­ýä re­ko­rdy­ny go­ýup­dy. Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň «Ul­san HD» to­pa­ry bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň «Ýo­ko­ha­ma F. Ma­ri­nos» to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun­da ýer eýe­le­ri 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýe­ke-täk go­ly 19-njy mi­nut­da Li Don-gýeon ge­çir­di

«Galkan» — finalda!

Şu günler ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý topary paýtagtymyzda geçirilýän halkara ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli geçip, adyny final duşuşygyna ýazdyran ilkinji topar boldy. Ýaryşdaky dört duşuşygynda-da ýeňiş gazanan «Galkan» indi «B» toparçadan geljek garşydaşyna garaşar. Düýn geçirilen 4-nji tapgyryň duşuşygynda «Galkan» «A» toparçadaky esasy bäsdeşini — «Feniksi» (Özbegistan Respublikasy) 9:1 hasabynda ýeňip, bassyr dördünji duşuşygyny hem uly hasapda gazanylan ýeňiş bilen tamamlady. Duşuşykda bäş şaýba geçiren Perhat Atekäýew bolsa şu ýaryşda iň köp tapawutlanan hokkeýçileriň sanawynda birinji orna göterildi. Indi onuň hasabynda 9 şaýba bar. Duşuşykda «Galkanyň» galan dört şaýbasynyň ikisini Erkin Kakabaýew, galan ikisini bolsa Baýmyrat Baýmyradow bilen Muhammetýar Nuryýew geçirdi. Özbek toparyndan diňe Daniel Kogan bir gezek tapawutlanyp bildi.

Gyşky oýunlaryň bahar joşguny

Söýgi, üns-alada islendik zada ösüş, gülleýiş bagyş edýär. Üns bilen gurşalan gülüň beýleki güllerden ösüş babatda-da, görklülik tarapdan-da tapawutlanýandygyny ylmy barlaglar arkaly alymlaryň subut edendikleri hiç kim üçin-de täzelik däldir. Bu pikiri dürli ugurlara berilýän üns babatda-da aýdyp bolar. Ine, ýurdumyzda soňky ýyllarda sporta berilýän ünsüň barha ýokarlanmagy netijesinde ýaşlarymyzyň dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanýan ajaýyp ýeňişleriniň sany barha artýar. Bu günki gün ýurdumyz sportuň gyşky görnüşleriniň hem mekanyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde sportuň hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşleri ýaş türkmenistanlylaryň durmuşyna ymykly ornaşdy. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň milli hokkeý ýygyndy topary Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynyň çäklerindäki ikinji diwizionyň ýaryşynda altyn medaly gazandy. Şondan soňky ýyl Saraýewoda geçirilen saýlama ýaryşda ýeňiş gazanmagy bilen türkmen hokkeýçileri üçünji diwizionyň arasyndaky dünýä çempionatlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler. Şeýle üstünlikleri ýetginjek hokkeýçilerimiziň hem gazanýandygy ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň g

Sport diplomatiýasy: halklaryň we döwletleriň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Ýewropanyň we Aziýanyň ençeme ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny halkara derejedäki üstünlikleri bilen baýlaşdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 15-nji aprelinde başlanan bu halkara sport çäresi dünýäniň hokkeý janköýerleriniň nazaryny ata Watanymyzyň paýtagty merjen şäherimiz Aşgabada gönükdirdi. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda hokkeý oýny okgunly ösüşe eýe boldy. Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda buz meýdançalary guruldy, hokkeý toparlary döredildi.

Sport mekdebindäki ýaryşlar

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis we karate-do görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaryşa sport mekdebiniň ýaş türgenleri gatnaşyp, ussatlyklaryny görkezdiler. Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça tälimçi-mugallym Andreý Zadorožnynyň şägirtleri ýaryşa ykjam taýýarlykly gelendiklerini duşuşyklaryň dowamynda subut etdiler. Stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça geçen ýaryşda oglanlaryň arasynda Wepaly Kerimow, Aýmyrat Kakaýew, gyzlaryň arasynda Mamajan Izbasarowa, Olýa Permanowa, Melike Jepbarowa baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Tejribe. Bäsdeşlik. Dostluk

Düýn Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşda 3-nji tapgyryň duşuşyklary boldy. Duşuşyklar Türkmenistanyň «Galkan», Özbegistanyň «Feniks», Belarusuň «Wolat» we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparlarynyň nobatdaky ýeňişlerine beslendi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary Gyşky oýunlar sport toplumyny dolduran ýüzlerçe janköýerine ýene-de ýeňiş sowgat etdi. Ilkinji iki duşuşygynda-da «Bahreýn» we «Oman Nationals» toparlaryny uly hasaplar bilen ýeňen «Galkan» düýn Eýranyň «Ice Box» toparyndan hem 13:1 hasabynda üstün çykdy.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş

 15 — 20-nji aprel aralygynda Ýurdumyzyň sport taryhynda özboluşly yz goýjak bu ýaryşa Belarus Respublikasynyň «Wolat», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box Iran Mall», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan», Oman soltanlygynyň «Oman Nationals», Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Türkiýe Respublikasynyň «Team-Türkiye» hem-de Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club» hokkeý klublaryndan toparlar gatnaşýarlar.

Döwlet HYDYROW, Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň oýunçysy:

— 15-nji aprelde, Aşgabat şäherinde geçýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ilkinji gününde «Galkan» bilen «Bahrain Ice Hockey Club» ýygyndy toparlarynyň arasynda duşuşyk boldy. Biziň ýygyndy toparymyz 8:1 hasabynda üstün çykdy. Şol oýunda 1 şaýba salmagy başardym. Pursatdan peýdalanyp, biz türgenlere uly mümkinçilikleri döredip berýän sportuň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýygyndymyzyň adyndan, şeýle-de öz adymdan çäksiz sagbolsunymyzy aýdýaryn.

Ýedi oýun — ýedi ýeňiş

Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynda gyzykly duşuşyklar dowam edýär. Geçen ýylyň çempiony — «Arkadag» toparyna bu ýyl hem üstünligini gaýtalamaga mümkinçilik uly görünýär. Ony güýçli toparlara garşy geçirýän oýunlaryndan, gazanýan netijelerinden hem bilmek mümkin. 13-nji aprelde Marynyň «Energetigine» myhman bolan arkadaglylar 7-nji tapgyryň duşuşygyny 7 jogapsyz gol bilen jemlediler. Oýunda D.Durdyýew bilen Ş.Tirkişow iki gezek, I.Tamurkin, W.Ballakow, A.Annadurdyýew dagy bolsa bir gezekden tapawutlandylar. Yzygiderli ýeňişleri bilen utuk sanawyndaky ornuny berkidýän «Arkadag» çempionlyk ugrundaky göreşde ynamly ilerleýär. Çempionatda köp tapawutlanan oýunçylaryň sanawynda-da bu topara wekilçilik edýän futbolçylar agdyklyk edýärler.