"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Hal­ka­ra hok­keý ýa­ry­şy­na ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Sport» myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da şaý­ba­ly hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şa ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň hok­keý fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýa­ry­şa gat­naş­ýan to­par­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Ýaş­la­ry köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek mak­sa­dy bi­len, TMÝG-niň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­rap Ge­ňe­şi bilen Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky bö­lü­mi­niň 2-nji sport mek­de­biniň guramagynda sport mek­de­bi­niň bi­rin­ji­li­gi ug­run­da spor­tuň er­kin gö­reş gör­nü­şi bo­ýun­ça «Sport — ýag­ty er­tir­le­re ba­dal­ga» at­ly sport bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di.

Şan­ly ýy­ly­my­zyň üs­tün­lik­le­ri

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy dõwrün­de Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz gün­sa­ýyn öz­ger­ýär, be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek iş­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Gresiýada Pariž oýunlarynyň alawyny ýakdylar

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 16-njy ap­rel­de Gre­si­ýa­da şu ýy­lyň tom­sun­da Pa­riźde ge­çi­ril­jek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ala­wy ýa­kyl­dy. Alaw yak­mak da­ba­ra­sy­na Gre­si­ýa­nyñ Pre­zi­den­ti Ka­te­ri­na Sa­kel­la­ro­pu­lu, Hal­ka­ra Olim­pi­ýa geñeşi­niñ Pre­zi­den­ti To­mas Bah, Gre­si­ýa­nyň Mil­li Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Spi­ros Kap­ra­los, Fran­si­ýa­nyň sport mi­nist­ri Ame­li Udea-Kas­te­ra we beý­le­ki res­mi adam­lar gat­naş­dy­lar.

Hokkeý ýaryşy: «Galkan» — çempion!

Şu gün paýtagtymyzda alty günläp dowam eden halkara hokkeý ýaryşy Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Final oýunda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň hokkeý topary Gyşky oýunlar sport toplumyny dolduran ýüzlerçe janköýerine hakyky ussatlygyny görkezip, ynam bilen ýaryşyň başyny çekdi. Günüň birinji ýarymynda «Feniks» bilen «Wolat» üçünji orun üçin duşuşyp, ýaryş Belarusuň güýçli hokkeý toparynyň uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şunlukda, özbekleriň «Feniksinden» 4:12 hasabynda üstün çykan bu topar Aşgabatda geçen çekeleşikli ýaryşda üçünji orna mynasyp boldy.

Bu gün — final: «Galkana» güýçli bäsdeş garaşýar

Final duşuşygyndaky ornuny eýýäm öňňin kesgitlän «Galkan» hokkeý toparynyň paýtagtymyzda geçirilýän halkara ýaryşdaky garşydaşy belli boldy. Edil «Galkan» ýaly, «B» toparçada ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlan Russiýa Federasiýasynyň «Adihis-Kazan» topary şu gün geçiriljek aýgytlaýjy duşuşykda türkmen toparynyň bäsdeşi bolar. Halkara ýaryşyň her bir gününe mahsus garaşylan we garaşylmadyk netijeler düýn geçirilen 5-nji tapgyryň duşuşyklarynda hem näçe diýseň gabat geldi. «A» toparçada jemleýji tapgyra çenli her biri 6 utukdan toplan Özbegistan Respublikasynyň «Feniks» we Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk janköýerleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Çünki bu duşuşykda gazanyljak ýeňiş topara üçünji orun ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik berýärdi. Duşuşygyň eýýäm ilkinji minutlaryndan oýnuň gidişini öz eline alan özbegistanly hokkeýçiler bu depgini tä soňky sekuntlara çenli saklamagy başardylar. Şeýlelikde, olar jogapkärli duşuşykda 6:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýaryşyň üçünji orny üçin göreşmäge mümkinçilik aldylar.

Ýaryşa gatnaşyjylaryň ýürek buýsanjy

Ke­rem­li ÇA­RY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň «Gal­kan» hok­keý to­pa­ry­nyň der­we­ze­çi­si:

Sportuň rowaçlanýan ýurdunda nobatdaky hokkeý baýramy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmeginiň hakykatyň beýik dabaralanmasydygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň häzirki ajaýyp günlerinde halkara jemgyýetçiligi ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýär. Şu hepdäniň ilkinji gününden bäri paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýän hokkeý boýunça halkara ýaryş Türkmenistanyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň hem dost-doganlygyň ýurdudygyny äleme aýan etdi. 15-nji aprelde paýtagtymyzda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar.

Aş­ga­bat — iri sport merkezi

Şu gün gözel paýtagtymyzda hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlanýar 2024-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilýän, ýokary guramaçylygy bilen tapawutlanýan bu ýaryş sportuň şu görnüşiniň halkara senenamasynda görnükli orny eýelär. Çünki bu abraýly bäsleşigiň geografik giňişligi Merkezi Aziýadan demirgazyga – Russiýa, günbatara – Türkiýä, ýakyn Gündogar ýurtlaryna çenli uzady. Sportuň gyşky görnüşi boýunça geçirilendigine garamazdan, ýaryşlar apreliň hoştap günlerine özboluşly mylaýymlyk bagyşlady.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 64 öýjükli şaşka we düzzüm boýunça oglan-gyzlaryň arasynda çalasyn oýnamak (rapid) boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Ýaryşy Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi TDP-niň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurady. Şaşka boýunça ýaryş aýratynlykda dört toparçada geçirildi. Netijede birinji toparçada Kerimnur Gandymow, ikinji toparçada Jeren Batyrowa, üçünji toparçada Ýakupberdi Akyýew, 4-nji toparçada Täzegül Toýmyradowa ýeňiji boldular.

Dost-doganlygyň dabaralanmasy

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 15-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bu ýylda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi hem ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrýar. Soňky döwürde ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ýaş türkmenistanlylar bolsa sportuň hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar.

Watany ýürekden söýen akyldar

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyra goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilini sarpalamak bilen: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip nygtaýar. Magtymguly Pyragy Watanymyzy, türkmeniň ajaýyp topragyny çyn ýürekden söýen şahyrdyr. Pyragy bu mukaddes düşünjäni oňa bolan baky ynanjy esasynda has beýiklige galdyrypdyr, şol duýgular esasynda ol özüniň ynançlaryny goşgy setirlerine siňdiripdir. Şahyryň Watan mukaddesligi, gymmaty hakyndaky pikirleri «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gadryn näbilsin», «Gidiji bolma», «Terk eýleme bu mekany», «Gymmat ýagşydyr», « Ýetirmez hijran», «Ötgül Pyragy», «Zemine batar», «Pynhan eýlär» ýaly goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.Bu tapgyrda myhmançylykda çykyş eden «Arkadag» topary «Energetikden» 7:0 hasabynda üstün çykyp, toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär. Oýun gününiň esasy duşuşyklarynyň birinde «Altyn Asyr» myhmançylykda «Köpetdagy» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Merw» «Şagadamdan» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Paýtagtymyzyň «Aşgabady» öz meýdanynda «Nebitçiden» 2:1 hasabynda asgyn geldi. Geçirilen duşuşyklardan soň «Altyn Asyr», «Ahal», «Şagadam» hem-de «Merw» toparlarynyň hersiniň 12 utuk toplandygyny bellemek gerek.

Hokkeý muşdaklarynyň şatlygy

Şu gün gözel paýtagtymyzda tamamlanjak hokkeý boýunça halkara ýaryş sport ýurduna öwrülýän Watanymyzyň iri sport baýramçylyklaryny geçirmekdäki mümkinçiliklerini görkezdi. Ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň bu ýaryşdaky ajaýyp netijeleri bolsa ýurdumyzda sportuň buzdaky görnüşleriniň, şol sanda hokkeýiň giňden ösdürilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Taryhda şu gün

Rus­si­ýa­ly ten­nis­çi Di­na­ra Sa­fi­na Ze­nan­lar ten­nis as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (WTA) reý­tin­gin­de bi­rin­ji bas­gan­ça­ga geç­me­gi ba­şar­dy. Bu wa­ka 2009-njy ýy­lyň 20-nji ap­re­lin­de bo­lup geç­di. Şol ýyl WTA-nyň sa­na­wy­ny üçün­ji ha­tar­da baş­lan Sa­fi­na­nyň möw­sü­miň do­wa­myn­da Rim­de hem-de Mad­rid­de ge­çi­ri­len iri ýa­ryş­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ady­gan bas­ket­bol­çy Maýkl Jor­da­nyň Mil­li bas­ket­bol as­so­sia­si­ýa­syn­da go­ýan re­kor­dy hem şu gün bi­len se­ne­len­ýär.

Dostluk. Bäsdeşlik. Ýeňşe ynam

Mälim bolşy ýaly, 15-nji aprelde paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda badalga berlen hokkeý boýunça halkara ýaryş türkmen sportunyň şan-şöhratyny nobatdaky gezek äleme aýan etdi. Ata Watanymyzda sportuň buzda oýnalýan görnüşi boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi ýurdumyzyň sport ulgamynda uly öňegidişlikleri gazanýandygynyň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sporta aýratyn ähmiýet berilýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

Sport

Şäheriň birinjiligi ugrunda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň we jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramagynda şäheriň birinjiligi ugrunda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdepde geçirilen bu ýaryşa şäherdäki orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Ýaş pälwanlar güýç synanyşdylar

Sarahs etrabynyň sport mekdebiniň we orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda milli göreş boýunça ýaryş geçirildi. Sport mekdebinde geçen ýaryşda ýaş pälwanlar agram derejeleriniň altysy boýunça güýç synanyşdylar. Gyzykly tutluşyklaryň netijesinde 45 kilogram agram derejesinde Saparnyýaz Döwletow, 48 kilogram agram derejesinde Meretaly Begenjow, 52 kilogram agram derejesinde Daýanç Esenow, 57 kilogram agram derejesinde Atajan Saparow, 62 kilogram agram derejesinde Ýusup Meretalyýew, 68 kilogram agram derejesinde Umyt Annalyýew dagy I orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.

Sportda ösüş bar

Her bir ene-ata öz çagalarynyň syratly bolmagyny arzuw edýändir. Sport çaganyň boýuny ösdürýärmikä? Boýuň uzyn, synalaryň gujurly bolmagy üçin sportuň haýsy görnüşleri bilen meşgullanmaly? Bu ata-eneleriň içgin gyzyklanýan sowaly. Biz hem bilermenleriň pikirini öwrenip, käbir sport görnüşleri barada töwerekleýin gürrüň etmegi makul bildik. Geň ýeri: irden çaganyň boýy agşamkysyndan biraz uzynrak bolýar. Muny agşamky dynç alyşdan soň, biloňurganyň oňurga dokumalarynyň irden ýazylgan ýagdaýda bolup, agşama çenli biraz gysylýanlygy bilen düşündirilýär. Aratapawut, takmynan, 1 sm çemesi bolýar. Islendik çagany sporta berip, uzyn boýly edip ýetişdirip bolmaýandygyny turuwbaşdan bellemek zerur. Elbetde, bu ýerde nesil yzarlamak, sagdyn iýmitlenmek ýaly ýagdaýlara-da möhüm orun degişlidir. Şol bir wagtyň özünde, sportuň käbir görnüşleriniň beden synalaryny ep-esli gurplandyrýandygyny, özüňe, güýç-gaýratyňa hem ukyp-başarnygyňa bolan ynamy polat ýaly taplaýandygyny türgenler tassyklaýarlar.

«Mançester Siti» bir ädim öňe geçdi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş do­wam edip, «Ar­se­nal­dyr» «Li­wer­pul» 33-nji tap­gyr­da öz meý­dan­ça­la­ryn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. «Ar­se­nal» Lon­don­da «As­ton Wil­la­dan» soň­ky 6 mi­nut­da ge­çir­den 2 go­ly esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Gol­la­ry 84-nji mi­nut­da Beý­li, 87-nji mi­nut­da-da Wat­kins ge­çir­di. «Ar­se­nal» 2024-nji ýy­la ge­çip, çem­pio­nat­da il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Top­çu­lar «As­ton Wil­la­dan» myh­man­çy­lyk­da-da utu­lyp­dy (1–0). «Li­wer­pul» hem öz meý­dan­ça­syn­da «Kris­tal Pa­las­dan» 1–0 as­gyn ge­lip, ýe­ke-täk go­ly 14-nji mi­nut­da Ebe­re­çi Eze der­we­zä gi­riz­di. Öz meý­dan­ça­syn­da «Lu­ton Tawn» to­pa­ry­ny 5–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Man­çes­ter Si­ti» gar­şy­daş­la­ryn­dan 2 utuk öňe saý­la­nyp, sa­na­wyň 1-nji or­nu­na beý­gel­di. «Nýu­kas­lyň» «Tot­ten­ha­my» 4–0 ýe­ňen tap­gy­ryn­da «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Ewer­to­nyň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 6 gol ge­çir­di. Gol­la­ryň 4-si­ni 16 mi­nut­da het-trik eden Ko­ul Pal­mer öz ady­na ýaz­dyr­dy. Ol 13-nji, 18-nji, 29-njy hem-de 64-nji (p)