"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

ÝÇL-de 3-nji tapgyryň oýunlary geçirildi

Geçen hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri Ýewropanyň çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Tapgyrda birnäçe garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Hususan-da, öz öýünde «Bawariýany» kabul eden «Barselona» 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýundan öň ýer eýeleriniň ýeňşi çaklanan hem bolsa, beýle uly hasabyň bolmagy köpleri geň galdyrdy. Tapgyryň ýene bir gyzgalaňly oýnunda «Real» öz meýdançasynda Dortmundyň «Borussiýasyny» 5:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýnuň birinji ýarymyny myhman topar 2:0 hasabyndaky üstünlik bilen tamamlady. Emma ikinji ýarymda Karlo Ançelottiden tälim alýan topar 5 gol urup, ýeňşi öz tarapyna geçirmegi başardy. Oýunda 3 gola awtorlyk eden Winisius duşuşygyň gahrymanyna öwrüldi. Şeýle-de «Aston Willa» öz öýünde «Bolonýany» 2:0, «Liwerpul» myhmançylykda «Leýpsigi» 1:0, «Mançester Siti» öz öýünde «Saparta Pragany» 5:0, «Lill» bolsa myhmançylykda «Atletikony» 3:1 Hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 3-nji tapgyrdan soňra turnir tablisasynda iňlis toparlary öňdäki orunlary eýeleýärler. Has takygy, heniz utuk ýitirmedik «Aston Willa» we «Liwerpul» degişlilikde, 1-nji we 2-nji orunda barýarlar. Şeýle-de güýçli bäşlikde «Mançester Siti», «Monako» we «Brest» toparlarynyň (hemmesinde 7 utuk) ady bar.

Türkmen halysynyň futbol älemindäki meşhurlygy

Gaýtalanmajak nepisligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halysy dünýäniň meşhur ynsanlarynyň öýlerinde, köşklerdir myhmanhanalarda iň arzyly düşek hökmünde ulanylýar. Muňa futbol dünýäsiniň ýyldyzlarynyň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolar. Golaýda sport eşiklerini we aýakgaplaryny öndürmäge ýöriteleşen «Adidas» kompaniýasy Angliýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň «Real» toparynyň ýyldyzy Jud Bellingem üçin ýörite taýýarlanylan butsilerini köpçülige hödürledi. Aýratyn bellenilmeli tarapy, meşhur ýyldyzyň özi «Realdaky» deslapky möwsümindäki üstünliklerinden ruhlanyp taýýarlanylan bu sport aýakgaplaryny öýündäki türkmen halysynyň üstünde garşylapdyr. Ol şeýle pursat möhürlenen suraty «Instagramdaky» sahypasynda paýlaşdy.

«Barselona» «Reala» jogapsyz 4 gol urdy

26-njy oktýabrdan 27-ne geçilen gijede futbol muşdaklarynyň höwes bilen garaşýan «El-klassikosy» — «Real»-«Barselona» oýny bolup geçdi. Oýundan öň ýeňiş üçin iki tarapyň-da mümkinçiligi deň diýlip çaklanan hem bolsa, meýdançadaky wakalar düýbünden başga hörpden gopdy. Oýunda doly üstünlik görkezen «Barselona» 2-nji ýarymda ýer eýeleriniň derwezesine jogapsyz 4 gol urup, ýeňiş gazandy. Kataloniýalylaryň gollaryna Robert Lewandowski (54, 56), Lamin Ýamal (77) we Rafinýa (84) awtorlyk etdiler. Şeýlelikde, «Barselona» utuklarynyň sanyny 30-a ýetirip, La liganyň turnir tablisasyndaky liderligini berkitdi. Ikinji ýerdäki «Realyň» hasabynda 24 utuk bar.

Messiden taryhy rekord

«Inter Maýamide» çykyş edýän argentinaly ýyldyz Lionell Messi ýene bir özboluşly rekord goýdy. Ol MLS-iň nobatdaky oýnunda «Inter Maýaminiň» düzüminde «Nýu-Inglend Rewolýuşn» toparyna garşy meýdança çykyp, het-trik etmegi başardy. Şeýlelikde, onuň bu toparyň düzüminde geçiren gollarynyň sany 33-e ýetdi. Bu bolsa täze rekorddyr. Mundan ozal, «Inter Maýaminiň» taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy ekwadorly Leonardo Kampanýa hasaplanýardy. Ol bu klubuň lybasynda 31 gol urdy. Kampanýanyň hem häzirki wagtda «Inter Maýamide» karýerasyny dowam etdirýändigini hasaba alsak, bu rekordyň ýene-de ekwadorly futbolçynyň adyna geçmegi mümkin. Ýeri gelende bellesek, «Inter Maýami» bilen Messiniň arasynda 2025-nji ýylyň ahyryna çenli, Kampanýa bilen bolsa 2027-nji ýylyň ahyryna çenli niýetlenilen şertnama bar.

Ýeňlişsiz ýörişini 32 oýna ýetirdi

«Mançester Siti» geçen hepdäniň şenbe güni APL-yň 9-njy tapgyrynda «Sautgemptony» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýundaky ýeke-täk gol Erling Holand tarapyndan derwezä gönükdirildi. Şeýlelikde, Pep Gwardiolanyň tälim berýän topary APL-daky bassyr ýeňlişsiz oýnalan duşuşyklarynyň sanyny 32-ä ýetirdi. Topar APL-yň çäginde soňky gezek 2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda «Aston Willadan» 1:0 hasabynda asgyn gelipdi.

Tennisçilere tapawutlandyryş nyşany

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Türkmenistanyň Tennis federasiýasy halkara derejede gazanan üstünlikleri bilen ýene bir gezek tapawutlandy. Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) Gonkongda geçirilen Baş Assambleýasynda türkmen federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň hataryna goşuldy. Bu möhüm waka mynasybetli ATF-nyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekillerine tapawutlandyryş nyşanyny gowşurdylar.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 «Türk­me­nis­tan» ýaş­lar be­den­ter­bi­ýe-sport gu­ra­ma­sy­nyň Bal­kan we­la­ýat bö­lü­mi, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi bi­len bi­le­lik­de «Türk­me­nis­tan — ru­hube­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» at­ly XIV Spartakiadanyň çäk­le­rin­de Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da wo­leý­bol ýa­ryşyny ge­çi­rdi. Ýa­ryş­da og­lan­la­ryň ara­syn­da Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň 15-nji, 5-nji, 14-nji or­ta mek­dep­le­ri­niň wo­leý­bol to­par­la­ry de­giş­li­lik­de il­kin­ji üç or­ny eýe­le­di­ler. Gyz­la­ryň ara­syn­da 7-nji, 5-nji, 2-nji or­ta mek­dep­le­riň wo­leý­bolçylary baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Ku­bok ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň Kö­pu­gur­ly sport top­lu­myn­da Ta­lyp ýaş­la­ryň ara­syn­da spor­tuň ki­çi fut­bol bo­ýun­ça «Ta­lyp sport» klu­bu­nyň ku­bo­gy­ny al­mak ug­run­da ýa­ryş ge­çi­ril­di. On­da iş­jeň çy­kyş eden «Olimp-4» to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­dy.

Açyk birinjilik tamamlandy

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Ýur­du­my­zyň Le­bap we­la­ýa­tyn­da ça­ga­la­ryň we ýe­t­gin­jek tür­gen­le­riň ara­syn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len stol ten­ni­si bo­ýun­ça we­la­ýa­tyň açyk bi­rin­ji­li­gi ta­mam­lan­dy. Og­lan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len to­par­la­ýyn ýa­ryş­lar­da 1-nji we 2-nji orun­la­ry Aş­ga­bat şä­he­rin­den gat­na­şan to­par­lar, 3-nji or­ny Sa­ýat et­ra­byn­dan gat­na­şan to­par eýe­le­di.

AFK-nyň çagyryş ligasy

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 «Arkadag» (Türkmenistan) — «Maziýa» (Maldiw Respublikasy)-2:1

Talyp sportunyň baýramy

Sport bilen meşgullanmak ynsanyň diňe bir bedenini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ruhuny hem belende göterýär, köpugurly kämilleşmegine ýardam berýär. Ýaryşlardyr bäsleşikler bolsa bedenterbiýä we sporta söýgini artdyrýar. Elbetde, ýokary derejedäki halkara ýaryşlarda gazanylýan sport üstünlikleriniň ähmiýeti örän uludyr. Emma bedenterbiýäniň we sportuň giň halk köpçüliginiň ömür hemrasyna öwrülmegini gazanmak arkaly jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmek has-da wajypdyr. Şunda talyplar sportuna aýratyn orun degişlidir. Çünki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, iň esasysy-da, geljekde dürli pudaklarda zähmet çekjek hünärmenleriň, täze nesilleri terbiýeläp ýetişdirjek ata-eneleriň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin döredilen şert-mümkinçilikler, ýola goýlan asylly başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da rowaçlandyrylýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde uzak ýyllaryň dowamynda sport, ylaýta-da, onuň toparlaýyn görnüşleri talyp

Futbol täzelikleri

Balkanabat şäherinde ýerli «Nebitçiniň» «Merw» bilen duşuşygy 1:1 hasabynda tamamlandy.

Ýapon söweş sungatynyň ýoly

Dzýudony esaslandyran söweş sungatynyň ýaponiýaly ussady, 1860 — 1938-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen Dzigoro Kanodyr. Geň ýeri, ol çagalykda igli hem ýygra bolup, deň-duşlary köplenç onuň üstünden güler ekenler. Dzigoro Kano 17 ýaşynda jiu-jitsu bilen meşgullanyp başlaýar, 22 ýaşynda bolsa kiçiräk mekdep açyp, onda jiu-jitsunyň täze görnüşi boýunça şägirtlerine tälim berip ugraýar. Şol esasdan hem, 1882-nji ýyl dzýudonyň dörän ýyly diýlip yglan edilendir. «Dzýudo» sözi ýapon dilinden sözme-söz terjime edeniňde, «ýumşak ýol» diýen manyny aňladýar. Ýapon söweş sungatynyň beýleki görnüşleri ýaly, dzýudony hemra edinmäge höwesekleriň sany-da ýyl-ýyldan artýar. Häzirki wagtda dünýäde dzýudo bilen 30 milliona golaý adam meşgullanýar. Ýaponiýada bolsa sportuň bu görnüşi 1907-nji ýyldan başlap umumybilim berýän mekdepleriň maksatnamasyna hem girizildi.

Bedenterbiýe we sport

Golaýda Hazar şäherçesiniň 4-nji sport mekdebiniň guramagynda 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa şäherçäniň orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşikde 33-nji orta mekdebiň topary 1-nji orna mynasyp boldy. 35-nji orta mekdebiň topary 2-nji, 36-njy orta mekdebiň okuwçylary bolsa 3-nji orny eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we kubok gowşuryldy. Baýramtäç HALLYÝEWA,

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň guramagynda 2010-2011-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda mekdebiň sambo boýunça birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda sport mekdebimiziň ýaş pälwanlary hem ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olardan Rasul Muhammedow (42 kg), Aly Baýramow (55 kg) 2-nji orny eýelediler. Ýurdaman Mämiýew (50 kg), Pena Myradow (+65 kg) 3-nji orna mynasyp boldular. Tapawutlanan türgenleri ýaryşa mekdebimiziň sambo boýunça tälimçisi Nurberdi Öwezgulyýew taýýarlady.

Taryhda şu gün

Ilkibaşda geçirilen ýaryşlarda derwezäniň diňe iki sütünden ybarat bolandygyny bellemek gerek. Oýun wagty döreýän jedelli pursatlaryň yzygiderli köpelmegi sebäpli, derwezeler sütünüsti ýüpler bilen belgilenip ugrapdyr. 1863-nji ýylda hasaba alnan düzgüne görä, derwezeçilere jerime meýdanynda topy ellerine almak gadagan edilipdir. Derwezeçiler bilen bagly häzirki wagtda hereket edýän düzgünler bolsa baryp-ha 1871-nji ýylda kabul edilýär. Şol ýyl Futbol assosiasiýanyň Kubogy hem döredilýär.

Maldarlaryň sazlaşykly işleri

Mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýän welaýatymyzyň maldarlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda dowarlardan owlak-guzynyň 169 müň 900-e golaýyny alyp, bu babatdaky meýilnamalaryny 101,5 göterim ýerine ýetirdiler. Olar gyş üçin ot-iým ätiýaçlygyny döretmek işine hem turuwbaşdan uly ähmiýet berip gelýärler. Zähmetsöýer ot-iým taýýarlaýjylar ot-iým üpjünçiligi üçin niýetlenen ýerlerde dänelik we siloslyk mekgejöwen, şeýle-de ýorunja ýetişdirmek bilen, ony wagtynda ýygnap aldylar. Taýýarlanýan ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamakda hem sazlaşykly tagalla edilýär. Bu işiň jogapkärçiligine oňat düşünýän maldarlar şu möwsümde samanyň hem belli bir mukdaryny taýýarlap, olary talabalaýyk saklanmagyny gazanýarlar. Ýeterlik mukdardaky ätiýaçlyk ot-iým üpjünligi gyş aýlarynda mallary dok saklamagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

NBA-nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek: ata­ly-ogul bir du­şu­şyk­da

NBA-nyň tä­ze 79-njy möw­sü­mi­ne ba­dal­ga ber­lip, möw­sü­miň il­kin­ji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Tä­ze möw­sü­miň açy­lyş du­şu­şy­gyn­da soň­ky çem­pi­on «Bos­ton Sel­tiks» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Nýu Ýork Nik­si» 132:109 ha­sa­byn­da ut­dy. Du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň 37 utu­gy­ny Jeý­son Ta­tum ge­çir­me­gi ba­şar­dy. Şeý­le-de, «Los An­je­les Leý­kers» öz meý­dan­ça­syn­da «Min­ne­so­ta Tim­ber­wol­wes» to­pa­ry­ny 110:103 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da «LA Leý­ker­siň» su­per ýyl­dy­zy LeB­ron Jeýms og­ly Bron­ni Jeýms bi­len bi­le­lik­de oý­nap, olar NBA-nyň çä­gin­de res­mi du­şu­şyk­da bir du­şu­şyk­da çy­kyş eden il­kin­ji ata­ly-ogul bas­ket­bol­çy­lar hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 39 ýa­şyn­da­ky LeB­ron bi­len 20 ýa­şyn­da­ky og­ly 2,5 mi­nut­lap bi­le­lik­de oý­na­dy­lar.

Iň köp girdeji gazanan futbolçylar

Dün­ýä bel­li «For­bes» yk­dy­sa­dy žur­na­ly 2024-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan fut­bol­çy­la­ryň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýän Ro­nal­do­ beýlekilerden ep-es­li öň­de bar­ýar. Por­tu­ga­li­ýa­ly su­per ýyl­dyz ýyl­lyk 285 mil­li­on dol­lar­lyk ga­zan­jy bi­len 2-nji ýer­dä­ki Lio­nel Mes­si­den ep-es­li öňe saý­lan­ýar. Ro­nal­do­nyň ga­zan­jy­nyň 65 mil­li­on dol­la­ry meý­dan­ça­nyň da­şyn­da­ky iş­le­ri­ne de­giş­li­dir. Sa­naw­da 2-nji orun­da Lio­nel Mes­si bo­lup, onuň ýyl­lyk ga­zan­jy 135 mil­li­on dol­la­ra deň­dir. Onuň 60 mil­lio­ny fut­bol­dan bol­sa, ga­lan 75 mil­li­ony beý­le­ki iş­le­r­den (ma­ha­bat, söw­da). 3-nji orun­da bra­zi­li­ýa­ly Neý­ma­ryň ady bo­lup, onuň 110 mil­li­on dol­lar­lyk ga­zan­jy bar (80+30). 1- Kris­tia­no Ro­nal­do – 285 mil­li­on dol­lar (220+65)

Iňlis klublarynyň 4-si hem gol geçirtmezden ýeňiş gazandy

«Realdan» ýene bir kembek Si­şen­be­de oý­na­lan du­şu­şyk­lar­da «Re­al Mad­rid» bi­len «Bo­rus­si­ýa Dort­mun­dyň» ara­syn­da­ky oýun has çe­ke­le­şik­li ýag­daý­da geç­di. 1-nji ýa­rym­da 4 mi­nut­da 2 gol ge­çi­ren ne­mes to­pa­ry 2–0 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­dy. Ýö­ne 2-nji ýa­rym­da «Re­al Mad­ri­diň» şe­ma­ly has be­lent­den öw­süp, is­pan to­pa­ry 5 gol ge­çir­me­gi ba­şar­dy. 60-njy mi­nut­da Rü­di­ge­riň go­ly bi­len ara­ta­pa­wu­dy azal­dan «Re­al­da» 62-nji mi­nut­da Wi­ni­si­us ha­sa­by deň­le­di. 83-nji mi­nut­da Lu­kas Was­ke­siň owa­dan go­ly bi­len mad­rid­li­ler öňe geç­di. 86-njy we 90+3-nji mi­nut­lar­da-da ta­pa­wut­la­nan Wi­ni­si­us Ju­ni­or du­şu­şy­gy het-trik bi­len ta­mam­lap, du­şen­be gü­ni gow­şu­ryl­jak «Al­tyn top» baý­ra­gy­ny al­ma­ga do­ly taý­ýar­dy­gy­ny gör­kez­di. 5–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Re­al Mad­rid» üçin ýe­ne ta­ry­hy kem­bek­le­ri­niň bi­ri ha­sa­ba alyn­dy.