"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Altyn medala mynasyp boldy

Türkmenistanly tennisçi Aýlar Kakabaýewa Katarda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşyň jübütleýin duşuşyklarynda altyn medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi gazagystanly tennisçi Polina Suşkowa bilen bilelikde gazandy. Ýarym finalda gazagystanly Arujan Erjanowa bilen kanadaly Ewa Sawinony 6:2, 6:3 hasabynda ýeňen Kakabaýewa — Suşkowa jübüti çempiony kesgitlejek aýgytlaýjy duşuşykda hindistanly Honi Jumani bilen katarly Danu Halifuny 7:5, 6:0 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar.

Türkmen sportunyň şöhraty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ildeşlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri buýsançly duýgulary döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri türgenlerimiziň dünýä ýurtlarynda guralan dürli derejedäki ýaryşlarda mynasyp bolan medallarynyň sany onlarçadyr. Bilşimiz ýaly, geçen aýda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý topary gazanan ajaýyp üstünligi bilen ulus-ilimizi begendirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň» ýylynyň şanly günlerinde türgenlerimiziň gazanan şol taryhy üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sport ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň barha rowaçlyga beslenýändiginiň subutnamasy bolup dabaralandy.

Meýletinçi ýaşlar ýaryşdy

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň «Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek» taslamasynyň çäginde ýaşlaryň arasynda täsirli çäreler yzygiderli guralýar. Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň ýörite meýilnamasy esasynda guralan woleýbol ýaryşy hem täsirli çäreleriň biri boldy. Ýaryşyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşan okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işiniň aýratynlyklary, meýletinçilik işiniň ýörelgeleri barada gürrüň berildi hem-de üstünlikler arzuw edildi. Bilim ojagynyň döwrebap enjamlaşdyrylan woleýbol zalynda geçirilen ýaryşda mekdep okuwçylaryndan — meýletinçilerden düzülen toparlar öz aralarynda bäsleşdiler.

Woleýbolçylaryň üstünligi

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 9 — 17-nji maý aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň Milletler ligasyna gatnaşdy. Türkmen woleýbolçylary alty döwletiň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda kümüş medala eýe boldular. Halkara ýaryşda ildeşlerimiz ilkinji duşuşygyny Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirdiler. Duşuşyk 3:2 hasabynda eýranly woleýbolçylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýöne ildeşlerimiz ruhdan düşmän, ýeňişli tapgyra badalga berdiler. Gyrgyz ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen woleýbolçylarymyz Owganystanyň ýygyndysyndan hem 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Deslapky tapgyryň ahyrky duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen ýeňen türkmen woleýbolçylary halkara ýaryşyň çempionyny kesgitlejek final duşuşygyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Olar finalda ýer eýeleri — Pakistanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:3 hasabynda ýeňildiler we ýaryşy kümüş medal bilen tamamladylar.

«Arkadag» topary öňdeligi saklaýar

18-nji maýda ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 16-njy tapgyrynda Marynyň «Energetigini» kabul eden «Arkadag» topary 6-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň 30-njy minudynda Resul Hojaýewiň garşydaş derwezä geçiren goly bilen hasap açyldy. Ondan bary-ýogy 5 minut soň Arzuwguly Sapargulyýewiň derwezä gönükdiren pökgisi «Arkadagy» 2-0 öňe saýlady. 47, 49-njy minutlarda bolsa, gol sany bilen tapawutlanmagy başarýan Didar Durdyýew 2 iki goly öz adyna ýazdyrdy. Begmyrat Baýow 51-nji minutda tapawutlanan bolsa, oýnuň ahyrky nokadyny Mekan Saparow 77-nji minutda geçiren goly bilen goýdy. Maglumat üçin bellesek, bu möwsümde «Arkadag» futbol topary jemi 14 duşuşyk geçirip, ol oýunlaryň ählisini ýeňiş bilen tamamlady.

Futzal boýunça welaýatymyzyň birinjiligi

Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda sportuň futzal görnüşi boýunça 2009 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa toparlaryň bäşisi gatnaşdy. Ýaryşyň finalynda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň we Ak bugdaý etrabynyň topary duşuşdylar. Bu aýgytlaýjy duşuşyk çekeleşikli geçip, güýçli topary öňe saýlady. Şeýlelikde onda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internaty üstün çykdy hem-de birinji orny eýeledi. Ikinji orna Ak bugdaý etrabynyň, üçünji orna Kaka etrabynyň toparlary mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlar Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hormat hatlary we medallary bilen sylaglandylar.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li spor­tuň kik­boks gör­nü­şi bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ku­bo­gy­ny al­mak ug­run­da­ky açyk ýa­ryş ge­çi­ril­di. Şol ýa­ry­şa ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­dan hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­den tür­gen­ler gat­naş­dy. Ku­bok ýa­ry­şy­na 385 tür­gen gat­na­şyp, olar ýaş aý­ra­tyn­ly­gy bo­ýun­ça öza­ra bäs­leş­di­ler.

Spor­tuň da­ba­ra­lan­ýan ýur­dy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­nyň da­ba­ra­lan­ýan döw­rü­dir. Ga­raş­syz ýur­du­myz­da spor­tuň ösen ul­ga­my­ny dö­ret­mek, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da Ak­de­pe et­ra­by­nyň 7-nji sport mek­de­bin­de bas­ket­bol bo­ýun­ça 2008-2009-njy ýyl­lar­da dog­lan ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gi ug­run­da ýa­ryş ge­çi­ril­di.

Futbol muşdaklarynyň baýramy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Dün­ýä ýü­zün­de spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri fut­bol­dyr. Se­bä­bi fut­bol iň köp to­ma­şa edil­ýän we gy­zyk­la­nyl­ýan sport gör­nü­şi­dir. Her dört ýyl­dan ge­çi­ril­ýän dün­ýä çem­pio­na­ty­na fut­bol­sö­ýü­ji­le­riň uly gy­zyk­lan­ma bi­len ga­raş­ma­gy hem sö­zü­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Usik taryha girdi

18-nji maýda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen «Ring of Fire» söweş agşamynyň esasy tutluşygynda britaniýaly boksçy Taýson Fýuri ukrainaly Aleksandr Usik bilen duşuşdy. Bu söweşiň ähmiýetli tarapy onuň agyr agramda ýeke-täk (absolýut) çempiony kesgitländigidir. Çünki tutluşykdan ozal, Taýson Fýuri bu agramda «WBC» çempionlyk guşagyna, Aleksandr Usik bolsa «WBA», «IBF», «WBO» we «IBO» çempionlyk guşaklaryna eýelik edýärdi. Doly 12 raund dowam eden söweş ukrainaly Aleksandr Usigiň emin agzalarynyň tapawutly karary netijesinde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Şeýlelikde, ol XXI asyrda agyr agramda ähli çempion guşaklaryny özünde jemläp, ýeke-täk (absolýut) çempiona öwrülen ilkinji türgen hökmünde taryha girdi. Ol professional karýerasynyň dowamynda 22 söweş geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy.

Sport ýaryşlary tamamlandy

Futbolçy bolmak üçin butsy hökman däl

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Bütindünýä futbol gününiň bosagasynda futbol ýyldyzlarynyň durmuşyndan söhbet açýan ýatlamalary okyjylara ýetirýäris

Türk­men ka­ra­te­çi­le­ri­niň me­dal­la­ry

Türk­men ka­ra­te­çi­le­ri Sa­mar­kant­da ta­mam­la­nan ka­ra­te bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň 9-njy çem­pio­na­tyn­da (WKF) 33 me­dal (6 al­tyn, 7 kü­müş we 20 bü­rünç) me­dal ga­zan­dy­lar. Üç gün­läp do­wam eden ýa­ry­şa Eý­ran­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Türk­me­nis­tan­dan we Öz­be­gis­tan­dan 800-den gow­rak tür­gen gat­naş­dy. Olar dür­li ag­ram de­re­je­le­rin­de ka­ta we ku­mi­te bo­ýun­ça güýç sy­na­nyş­dy­lar. 74 tür­gen­den yba­rat mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz baý­rak­ly üçün­ji or­ny eýe­le­di. Öň­dä­ki iki or­na bol­sa Ga­za­gys­ta­nyň (39 al­tyn, 30 kü­müş we 47 bü­rünç me­dal) we Öz­be­gis­ta­nyň (22 al­tyn, 29 kü­müş we 58 bü­rünç me­dal) to­par­la­ry my­na­syp bol­du­lar.

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary öz meýdanynda «Aşgabatdan» uly hasap bilen üstün çykdy – 7:1. Ýaryş tertibiniň üçünji hem-de ikinji toparlary – «Altyn Asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky duşuşyk çekeleşikli häsiýete eýe bolup, 2:2 hasabynda tamamlandy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Şagadam» «Köpetdagdan», «Merw» bolsa «Energetikden» birmeňzeş 1:0 hasabynda üstün çykdylar.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli kikboks boýunça Aşgabat şäheriniň açyk kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan türgenler gatnaşdylar. Ýaryşda 2006 – 2015-nji ýyllarda doglan türgenleriň 385-si dürli agram derejelerinde bäsleşdiler. Ýaryşda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligiň 2-nji sport mekdebiniň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Olardan Muhammetberdi Allaberdiýew 63 kg-de 1-nji, Kakageldi Gaýypow 42 kg-de 2-nji, şol agramda Öwez Berdiýew 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Baýramçylyk sowgatlary

Aşgabatly 12 ýaşly türgen Aýlara Kakabaýewa Dohada (Katar) geçirilen Aziýanyň Tennis federasiýasynyň guramagynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen birinji ýaryşda jübütleýin bäsleşikde öňdäki orny eýeledi. Ýetginjek tennisçimiz bu üstünligi gazagystanly Polina Suşkowa bilen bilelikde gazandy. Aýlara Kakabaýewa 7 ýaşyndan bäri Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Jennet Hallyýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Ol geçen ýyl paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň 12 ýaşa çenli tennisçileriň arasyndaky toparlaýyn saýlama birinjilikde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 3-nji orna mynasyp bolupdy.

Meýdançada energetikler

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we pudaklaýyn KA-nyň geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenenergoabatlaýyş» ÝÖB-niň sport meýdançasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bäsleşige pudagyň edara-kärhanalaryndan 14 topar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşyň finalynda «Аşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň topary Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň toparyny 4:3 hasabynda utup, göçme Kubogy eýelediler. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň topary «Energohyzma» birleşiginiň toparyndan 6:5 hasabynda üstün çykdy.

Taryhda şu gün

Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde geçirilen halkara ýaryşda tapawutlanan Ronaldo (12,93 sekunt) şondan iki ýyl öň goýan rekordyny täzeleýär. Ilkinji rekordy goýanda ol bu aralygy 13 sekunda geçmegiň hötdesinden gelipdir. Onuň täze rekordy aradan 12 ýyl geçensoň täzelenýär. 1993-nji ýylda Ştutgartda geçirilen dünýä çempionatynda angliýaly ýeňil atletikaçy Kolin Jekson çeýelik hem ýyndamlyk görkezýär (12,91 sekunt).

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak we welaýatymyzda sportuň boks görnüşini has-da ösdürmek maksady bilen 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda guralan ýaryşda B.Beşimow (48 kg), A.Garaýew (51 kg), U.Amanmyradow (54 kg), H.Allaberdiýew (57 kg), E.Seýtliýew (60 kg), E.Şanazarow (63,5 kg), E.Parahadow (67 kg), D.Kakajanow (71 kg), B.Omarow (75 kg), A.Bäşimow (80 kg), G.Täçmyradow (86 kg), Ş.Gylyjow (92 kg), N.Mämmedow (+92 kg) öz agram derejelerinde üstünlik gazandylar.Ýeňijilere TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Mämmet AGABAÝEW,