Sport ýaryşlary geçirilýär
Şu günler ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen mekdebimizde etrap derejesinde dürli ýaryşlara badalga berildi. Woleýbol boýunça gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde mekdebimiziň gyzlar topary birinji orna mynasyp boldy. Etrabymyzyň 1-nji we 45-nji orta mekdepleriniň toparlary ýaryşyň ikinji we üçünji orunlaryny eýelediler. Oglanlaryň arasynda geçirilen futbol ýaryşynda hem mekdebimiziň «Ruhubelent ýaşlar» topary ýeňiş gazandy. Şeýle hem ýaş türgenleriň arasynda şaşka, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça hem ýaryşlar guraldy. Şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklige bolan höwesini has-da artdyrýar. Bulardan başga-da ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ündemek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri hem ýygy-ýygydan geçirilýär. Ýaşlary sagdynlyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň okuwa, döredijilige höwesini artdyrmakda şeýle çäreleriň ähmiýeti uludyr.