Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

22 Awgust 2021
1387

Milli ykdysadyýetimizi ylmyň iň täze gazananlary esasynda ösdürmek baş maksadymyzdyr. Bu ugur sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmak ýaly möhüm we derwaýys işlere daýanýar.

Sanly ulgama geçmek önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, elektron resminama dolanyşygyna geçmäge ýardam edýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, raýatlar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýeterlik derejede peýdalanyp bilýärler. Mysal üçin, raýat haryt we hyzmat üçin tölegi sanly tehnologiýalar arkaly, ykjam telefonlaryň üsti bilen amala aşyrýar. Häzirki döwürde ýolagçylar wagty tygşytly tutmak arkaly otla, uçara, awtobusa petekleri oturan ýerlerinde alyp bilýärler. Munuň üçin olara ýörite web-saýtlary hyzmat edýär.

Altynjemal REJEPOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 144-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar