Ilkinji äýnek

12 Awgust 2021
1236

Tomusda gü­neş äý­nek­le­ri­niň ula­ny­lyş ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär we onuň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Müm­kin bol­du­gy­ça, bu pa­syl­da ho­wa­nyň aşa gyz­ýan wag­ty da­şa­ryk çyk­maz­lyk mas­la­hat be­ril­ýär. Em­ma mej­bu­ry ýag­daý­da da­şa­ryk çyk­ma­ly bo­la­ny­myz­da hem açyk reňk­li egin-eşik­le­ri we baş­gap geý­mek ýa-da sa­ýa­wan ulan­mak, Gün­den go­raý­jy äý­nek­le­ri dak­mak ze­rur­dyr. Gün şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin da­kyl­ýan äý­nek gö­zü­mi­zi nä­hi­li go­ra­ýar? Il­kin­ji äý­nek ni­re­de we nä­dip oý­la­nyp ta­pyl­dy? Ge­liň, äý­nek­ler ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Gün­den Ýe­re düş­ýän ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler (UV) gö­zü­mi­ze we de­ri­mi­ze ze­per ýe­ti­rip bi­ler. Gö­zü­mi­zi Gün şöh­le­si­niň zy­ýan­ly tä­sir­le­rin­den go­ra­mak üçin ön­dü­ri­len äý­nek­ler­de UV şöh­le­si­ni do­ly di­ýen ýa­ly (99%) sak­lap bil­ýän aý­na­lar ula­nyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, äý­nek­ler­de ula­nyl­ýan aý­na­lar reň­ki­ne gö­rä dür­li şöh­le­le­ri özü­ne siň­dir­ýär we bu şöh­le­le­riň göz­le­re ýet­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.

Beýleki habarlar