Süýn­ýän ulag

12 Awgust 2021
1212

«Audi» tä­ze «Skysp­he­re» elekt­rik we aw­to­nom he­re­ket­len­di­ri­jili kon­sep­si­ýa mo­de­li­ni hö­dür­le­di. Ula­gyň da­ş­ky uzyn­ly­gy art­ýan tekeri we bi­ri-bi­ri­ne süýş­ýän me­ha­nizm­leri bi­len 25 san­ti­metr süý­nüp bil­ýär. Ula­gyň ýer­den ýo­ka­ry gal­ma­gy hem saz­la­nyp bil­ner. Sü­rü­ji bu üýt­geş­me­le­ri di­ňe bir düw­me bi­len do­lan­dy­ryp bi­ler. Ulag sport ter­ti­bi­ne ge­çi­ri­len­de onuň uzyn­ly­gy 4,94 metr bol­sa, «Grand Tou­ring» at­ly ter­ti­bin­de 5,19 met­re çen­li uza­lýar. Bu üýt­ge­şik­lik ula­gyň için­de hem öz tä­si­ri­ni ýüze çykarýar. Sport ter­ti­bi wag­tyn­da rol, tor­moz we pe­dal ýa­ly bö­lek­ler «Grand Tou­ring» ter­ti­bin­de ýit­ýär. Mu­nuň beý­le bol­ma­gy bol­sa «Grand Tou­ring» bö­lü­mi­ne ge­çen ulagyň aw­to­ma­ti­k ýag­daý­da do­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär. «Audi Skysp­he­re» dat­çik­le­ri­niň kö­me­gi bi­len ýo­lag­çy­la­ry­ny bar­ma­ly ýe­ri­ne elt­ýär, aw­tou­lag ýer­leş­di­riş we zar­ýad be­riş amal­la­ry­ny öz­baş­dak ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Yz ta­ra­pyn­da ýer­leş­di­ri­len he­re­ket­len­di­ri­ji­de 465 kWt (632 at güý­ji) bar. Bu güýç bi­len ulagyň tizligi 4 se­kunt­da 0-dan 100-e ýe­tip bi­lýär. Ulag­da 80 kWt kuw­wat­ly ba­ta­re­ýa bo­lup, ol bir gezekki zarýady bilen 500 ki­lo­met­re çen­li ara­ly­gy ge­çip bil­ýär.

Beýleki habarlar