«Go­og­le» öz­baş­dak çip ön­dü­rer

5 Awgust 2021
1195

Esa­san, in­ter­net ar­ka­ly hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry bi­len ta­nal­ýan bol­sa-da, «Go­og­le» baş­ga ugur­lar­da hem iş alyp bar­ýar. Kom­pa­ni­ýa şu ýy­lyň güý­zün­de sa­tu­wa çy­kar­jak «Pixel 6» we «Pixel 6 Pro» te­le­fon­la­ryn­da «Go­og­le Ten­sor» at­ly öz ön­dü­ren çip­le­rin­den peý­da­lan­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ame­ri­kan bren­di mun­dan soň­ra «Qualcomm» ýa-da «In­tel» ýa­ly çip ön­dü­ri­ji­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny azal­dar. Ge­çen ýyl «App­le» hem smart­fon­la­ryn­da öz taý­ýar­lan çip­le­ri­ni otur­dyp baş­lap­dy. «Go­og­le»-yň tä­ze ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­ri has du­ry su­rat al­ma­ga we ýaz­gy et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

«Go­og­le»-yň mik­rop­ro­ses­so­ry edil «App­le»-iň­ki ýa­ly «Arm» ba­za­syn­da dö­re­di­ler. Bu bol­sa ýa­rym­ge­çi­ri­ji­niň di­ňe smart­fon­lar­da däl, eý­sem, plan­şet­ler­de we ýan­komp­ýu­ter­ler­de hem ula­nyl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Qualcomm» bol­sa «Snapd­ra­gon» plat­for­ma­sy­na esas­lan­ýan hä­zir­ki we mun­dan soň­ky önüm­le­rin­de «Go­og­le» bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­ly­gy­ny do­wam et­dir­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.

Beýleki habarlar