«Land Crui­ser 300» -iň ta­nyş­dy­ry­ly­şy bol­dy

15 Iýul 2021
1296

«Ga­ra­gum Ulag» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti Ýa­po­ni­ýa­nyň dün­ýä bel­li aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si «Тоyotа»-nyň «Land Crui­ser» mo­de­li­niň tä­ze nus­ga­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. «Toyo­ta Land Crui­ser 300» at­ly tä­ze mo­de­liň ta­nyş­dy­ry­ly­şy Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Oguz han kö­çe­si­niň ug­run­da ýer­leş­ýän ser­gi za­lyn­da ge­çi­ril­di. Ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da «Ga­ra­gum Ulag» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy çy­kyş edip, ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­le­riň zäh­met çek­me­gi üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­lyk bil­dir­di. Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da ýa­pon bren­di­niň soň­ky ula­gy bo­lan, dün­ýä­de yg­ty­bar­ly­ly­gy ba­bat­da yk­rar edi­len «Toyo­ta Land Crui­ser 300» ula­gy köp­çü­li­ge gör­ke­zil­di. 2007-nji ýyl­dan bä­ri ön­dü­ril­ýän «Toyo­ta Land Crui­ser 200» ula­gy­nyň no­bat­da­ky nes­li bo­lan tä­ze ulag daş­ky di­zaý­ny we iç­ki mul­ti­me­di­ýa ul­ga­my bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

70 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan mo­del

Beýleki habarlar