Mars üçin has uly di­ku­çar ýa­sal­ýar

15 Iýul 2021
1063

ABŞ-nyň ae­ro­kos­mos eda­ra­sy şu ýyl Mar­sa gon­du­ry­lan «In­ge­nui­ty» di­ku­ça­ryn­dan has ulu­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar. Bu mar­so­kop­ter uzak ara­ly­ga uç­ma­ga ukyp­ly bo­lar. «In­ge­nui­ty» at­ly ki­çi­jik di­ku­çar ge­çen ýy­lyň 30-njy iýu­lyn­da uçu­ry­lyp­dy. Bu di­ku­çar gys­ga ara­ly­ga uçup, gu­şu­çar be­lent­lik­den Gy­zyl pla­ne­ta­nyň ýü­zü­ni su­ra­ta al­ýar. Tas­la­ma­nyň şow­ly bol­ma­gy onuň has uly nus­ga­sy­nyň ön­dü­ril­me­gi­ne iter­gi be­rip­dir. In­že­ner­ler bir uçuş­da bir­nä­çe ki­lo­metr ýol ge­çip bil­jek di­ku­ça­ry ýa­sa­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Teo­dor Tza­ne­tos ada­ty mar­so­hod bi­len ba­ryp bol­ma­jak dik uçut­la­ryň di­war­la­ry­nyň ýa-da be­ýik­li-pes­li ýer­le­riň, hat­da go­wak­la­ryň bu di­ku­çar ar­ka­ly ýa­kyn­dan öw­re­ni­lip bi­lin­jek­di­gi­ni aýt­dy. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Mars­da ma­hal-ma­hal öwüs­ýän güýç­li ýel ki­çi göw­rüm­li uça­ryň uç­ma­gy­ny kyn­laş­dyr­ýar.

Gün şöh­le­sin­den zar­ýad al­mak ar­ka­ly iş­le­ýän «In­ge­nui­ty» at­ly di­ku­çar hä­zi­re çen­li do­kuz ge­zek uçu­ryl­dy we gym­mat­ly mag­lu­mat­lar top­lan­dy.

Beýleki habarlar