Sanly bilim — döwrüň talaby

14 Iýul 2021
1195

Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamyna täzeçil maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi jemgyýetimiziň, döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine milli bilim ulgamyna we beýleki ugurlara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Diýarymyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrylyp, lingafon otaglar hem-de internet ulgamy hereket edýär. Bu bolsa wagtyň tygşytlanmagyna, tiz wagtda islendik ugra degişli maglumatlary tapmaga mümkinçilik berýär. Internet torunyň üsti bilen döredilen maglumat portallarynda ulanyjy — talyp ýa-da okuwçy özüne gerekli maglumatlary alyp, olardan peýdalanyp bilýär. Bu babatda her ýylda talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň halkara internet olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny bellemelidiris. Ýaş nesliň şeýle üstünlikleri, öz gezeginde, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän ünsüň has-da ýokarlanýandygyna, sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, täze zehinleriň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýär.

Gutly GOŞAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar