Sanly ulgam — döwrebaplyk binýady

12 Iýul 2021
1257

Häzirki zamanda ähli ulgamlarda sanly ulgamyň ulanylmagy talap edilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» öz wagtynda ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň bütin dünýä bilen aýakdaş gitmeginiň, ösen döwletleriň hataryna goşulmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Gysga taryhy möhletiň içinde sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň dünýäde mynasyp ornuny tapmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün edýär. Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiklerine we ynamly ösüşine giň ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünär-başarnyga eýe bolan ýaş nesliň wekillerine aýratyn bil baglaýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu günki ýaşlarymyzyň ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýandygy baradaky öwgüli sözleri ýaş nesil üçin iňňän buýsandyryjy hakykatdyr. Milli Liderimiz bagtyýar ýaşlarymyzyň öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýandyklaryny, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýandyklaryny belläp, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp boljakdygyny tassyklaýar. Sanly ulgama geçmek bilen baglanyşykly il bähbitli işlere mynasyp goşandyny goşmak her birimiziň watançylyk we raýatlyk borjumyz bolup durýar. Ýurdumyzyň her bir ykdysady pudagy, edara-kärhanalar, ýolbaşçylar we hünärmenler işlerinde sanly ulgama geçmek boýunça özgertmelere taýýar bolmalydyrlar hem-de ony üstünlikli amala aşyrmak boýunça güýç-gaýratlaryny hem-de zehinlerini gaýgyrmaly däldirler. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, dolandyryş, hyzmat ediş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş, serişdeleriniň, bilim işgärleri yhlasly goşantlaryny goşmalydyrlar. Şunuň bilen baglylykda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça görülýän çäreleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini ilata düşündirmek biziň işimiziň möhüm ugry bolmalydyr.

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar