Jümle-jahan habarlary

14 Iýun 2021
1218

Aýnada gören ýaly, ýanyňda duran ýaly

Ylymdyr tehnika ösýär. «Project Starline» atly taslama söhbetdeşiň üç ölçegli şekilini döretmäge we «jadyly aýnanyň» kömegi bilen ony edil ýanyňda duran ýaly edip görkezmäge mümkinçilik berýär. «Project Starline» başga şäherdäki ýa-da alys ýurtdaky dostlaryň, maşgala agzalaryň we işdeşleriň bilen gepleşeniňde olary ýanyňdaky ýaly duýmaklygy üpjün edip biljek enjamy we programma üpjünçiligini öz içine alýar. Ondaky şekilleri goşmaça äýnek geýmezden görüp bolýar. Gepleşip oturan adam özüniň söhbetdeşini hakyky ululygynda we üç ölçegde görüp bilýär. Taslama entek durmuşa doly geçirilenok. Şonuň üçin hem häzirlikçe «jadyly aýnanyň» haçan satuwa çykaryljakdygyny aýtmak mümkin däl. Ýöne «Project Starline» taslamasy «Googleniň» käbir ofislerinde eýýäm elýeterlidir.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar