Elektron abunaçy bolmaga howlugyň!

13 Iýun 2021
2036

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan ildeşlerimiz häzirki wagtda durmuş zerurlyklarynda Internet torunyň üsti bilen köp amatlyklara eýe bolýarlar. Maglumat almak, ibermek, elektron resminama dolanyşygy arkaly birnäçe işleri ýerine ýetirýärler. Edil şonuň ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri, döwlet we dünýä ähmiýetli taryhy wakalar barada bilmek, gyzgyny bilen tanyşmak üçin watandaşlarymyz ýurdumyzda hereket edýän «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynyň elektron abunaçylary bolýarlar. Şu günler bolsa, bu internet sahypasynda eziz Diýarymyzda 2021-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin elektron abuna ýazylyşygy başlandy.

Hormatly okyjylar, «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynyň elektron abunaçysy bolmaga howlugyň! Türkmenmetbugatyň elektron okyjysy bolmak isleseňiz, el öýjükli smart telefonlaryňyzdan ýazylmak has amatly! Abuna ýazylmazdan ozal, telefonyňyzdaky hasabyňyz 60 manatdan ýokary bolmaly.

Beýleki habarlar