Röwşen geljegiň binýady

11 Iýun 2021
1502

Halkymyz ähli döwürlerde guran döwletlerinde ylym-bilim ojaklaryny — metjit-medreseleri, kitaphanadyr obserwatoriýalary bina edip, nesilleriň bilim-sowatlylygyny artdyrmak, edep-terbiýesini kämilleşdirmek, ukyp-ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döredipdir. Gadymy türkmen topragynda ýaşap, ylym ummanynyň jümmüşine aralaşan pir-danyşmentleriň paýhasly ýörelgeleri döwlet gurluşynyň berkemegine, jemgyýetiň maddy we ruhy taýdan kuwwatlanmagyna itergi beripdir.

Dana-akyldarlaryň döreden «Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize — guwanç», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen paýhasly jümleleri şahsyýetiň dürdäne pikirlerini oýaryp, ony kämillige galkyndyrýar. Döwletiň we jemgyýetiň gülläp ösmegini ylym-bilim bilen baglanyşdyran pederlerimiziň miras goýan meşhur eserleri, bu günki ýaş nesliň ruhy-ahlak, aň-düşünje we beden taýdan ösüşine, ýurduň jemgyýetçilik-medeni durmuşyna gatnaşmagynyň işjeňleşdirilmegine aýdyň ýollary açýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar