Özgerýän döwrüň talaby

9 Iýun 2021
1800

Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, iş bilen üpjünçilik — önümçilik — sarp ediş üçburçlygyna uly täsirini ýetirýän sanly ykdysadyýet häzirki döwürde önümçilik pudaklarynyň tasdan ählisini öz içine alýar. Aragatnaşyk ulgamy we senagat pudagy sanly ykdysadyýetiň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar babatda gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär.

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda işlenilip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda» kabul eden Karary hem sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerini emele getirmek üçin möhüm çäreleriň biridir. Toparyň esasy wezipesi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmegine ýardam bermek bolup durýar.

Farhat SAIDOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar