Sanly neşiriň uly mümkinçilikleri

31 Maý 2021
1886

Dünýäniň ösüşleri bilen deň gadam urýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri şöhlelendirýän, şeýle hem dürli ugurlary öz içine alýan makalalary okyjylara hödürleýän döwürleýin neşirleriň köp sanlysy çap edilýär. Okyjylarymyza şol neşirleriň çap edilýän we elektron nusgalaryna abuna ýazylmak mümkinçiligi döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ösdürmek boýunça tabşyryklaryndan ugur alnyp döredilen «Türkmenmetbugat» internet neşiriniň ýurdumyzda çap edilýän ähli gazet-žurnallary raýatlarymyz üçin elektron nusgada elýeterli etmekde möhüm ähmiýeti bolup, onuň meşhurlygynyň barha artmagy netijesinde gazet-žurnallara elektron görnüşde abuna ýazylýanlaryň sany günsaýyn köpelýär.

«Watan».
Beýleki habarlar