Innowasiýa ösüşinde gazanylan üstünlikleriň beýany

5 Maý 2021
1690

3-4-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz Hökümetiň 30-njy aprelde geçirilen mejlisinde ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini belledi. Bu we beýleki möhüm meseleler şu halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi.

Orazgül ANNAMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar