Innowasion çözgütler — ösüşlere badalga

5 Maý 2021
1738

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýurdumyzda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ýola goýulmagyny üpjün eder. Sanly ulgam durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artdyrylmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, esasy önümçilik-ykdysady işleriniň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder. Şeýle hem sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudyň aradan aýrylmagyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da özgerdilmegine giň mümkinçilikler açylar.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maglumat-kommunikasiýa amatlyklaryny, maglumatlaşdyrmak amatlyklaryny göz öňünde tutýar. Şunlukda, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we sebitlerinde işlenip taýýarlanýan maglumat ulgamlary umumydöwlet awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyna birikdiriler. Ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly özgertmeler ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagyny, senagat, ulag, oba hojalygy, elektron söwda ulgamlarynda, döwlet dolandyryş we döwlet hyzmatlary, maliýe we bank, bilim, saglygy goraýyş we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary ulgamlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň amatlyklaryny ilat üçin elýeterli etmek, aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagyny ösdürmek arkaly ilatyň ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmagy ýola goýulýar. Bulardan başga-da, esasy tehniki güýçlere — uly maglumatlara, durmuşylyga, ykjamlyga we örksüz hasaplamalara esaslanýan tehnologik çeýe esaslary peýdalanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ogulbike MÄMIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar