Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň özeni

5 Maý 2021
1806

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada berýän tabşyryklary bu ugurda bilimlerimiziň yzygider artdyrylmagyny, dünýä jemgyýetçiliginde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimlerimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sanly ykdysadyýet — başgaça «elektron ykdysadyýet» diýlip hem atlandyrylýar we onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada «ykdysadyýet» sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady özgertmäniň netijesinde adamlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý, sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen täze durmuş hakykatynyň ýüze çykandygyny görkezýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy delili sanly görnüşdäki maglumatlardyr.

Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşinden tapawutlylykda, dürli önümçiligiň tehnologiýa enjamlarynyň, şeýle-de harytlaryň saklanyşynyň we ýerleşişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle oňaýlyklar, sanlylaşdyrylan ykdysadyýet köp döwletler üçin özüne çekiji bolýar. Soňky ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge dünýä döwletleriniň has-da üns bermeklerini onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokary hilli üpjün etmekde döredýän artykmaçlyklary bilen düşündirip bolar.

Agakerwen TEKÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar