Sanly ulgam — döwrüň derwaýyslygy

25 Aprel 2021
2088

Häzirki döwürde jemgyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgam gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň artmagyna, ilata edilýän hyzmatyň hiliniň gowulandyrylmagyna, wagtyň tygşytlanmagyna giň mümkinçilik döredýär.

Ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde sanly tehnologiýalaryň möhüm orny eýeleýändigini bellemelidiris. Munda uzak aralykdan bilim bermegiň usullaryndan peýdalanmaga şertleriň bolmagy, özara tejribe alyşmaga mümkinçiligiň bardygy ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysadyýetinde hem sanly ulgama esaslanýan ykdysadyýet döreýär. Häzirki döwürde islendik pudagy sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek kyn.

Tylla GERMANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar