Sanly ulgam — ýokary hilli hyzmat

14 Aprel 2021
1772

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýä tejribesini nazara alyp, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, işler sanly ulgam arkaly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem işler sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Döwrebap enjamlardan netijeli peýdalanmagy başarýan harby gullukçylar hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli parasatly syýasatyndan ugur alyp, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmekde öz işlerini ýokary derejede alyp barýar. Gullukda harby gullukçylarynyň bilim we hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegi üçin elektron kitaphana ulgamynyň her bir harby gullukça elýeterli bolmagy, olaryň dürli görnüşli tematik maglumatlar, şeýle-de, beýleki okuw, medeni we bilim beriş maglumatlary bilen giňden tanşyp, okap öwrenmegine mümkinçilikleri döredýär. Bulardan başga hem Gullugyň Merkezi edarasynyň Okuw bölüminiň tejribeli harby gullukçylarynyň guramagynda Gullugyň düzüm birliklerinde işleýän harby gullukçylaryň arasynda sanly ulgam arkaly göni wideoaragatnaşykda hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryň geçilmegi, sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň oňat netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Kerim ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar