Jümle-jahan habarlary

29 Mart 2021
1364

Mikroskoply smartfon
«Xiaomi» kompaniýasy smartfonlar üçin niýetlenilen täze görnüşli telefon kameralaryny öndürmäge girişdi. Öňkülerden tapawutlylykda bu kameralar özüne mikroskoply enjamy hem birleşdirýär. «Find X3 Pro» atly bu mikroskoply kameralar smartfonlaryň soňky görnüşleri üçin niýetlenilip, olar şekili 60 esse ululykda görmäge mümkinçilik berýär. «Xiaomi» tarapyndan şeýle kameralarda düşürilen suratlar gyzyklanma bildirýän müşderilere ýaýradylyp hem başlandy. Kompaniýanyň menejeriniň habar bermegine görä, bu kameralary «Redmi» smartfonlarynda ornaşdyrmak meýilleşdirilýär, emma täze telefonlaryň geljekde nähili atlandyryljakdygy we nähili görnüşde boljakdygy welin heniz belli däl.

Lamantinalar ýa-da deňiz sygyrlary
Süýdemdirijileriň bu görnüşlerine, esasan, Demirgazyk, Merkezi we Günorta Amerikanyň ýalpak suwly ýerlerinde, şeýle hem Karib deňzinde, Afrikanyň kenar ýakalarynda duş gelmek mümkin. Olaryň agramy 400 ― 550 kilograma we uzynlygy ortaça 2,8—3 metre barabardyr. Täze doglan lamantinalaryň agramy bolsa 30 kilograma ýetýär. Olar süýji we şor suwly ýerlerde gezýärler we suwda ösýän dürli ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Bu jandarlaryň kürek şekilli guýruklary we täzelenip durýan dişleri bolýar. Alymlar geçmişde olaryň 20-ä golaý görnüşiniň bolandygyny çak edýärler, emma häzirki wagtda olaryň bary-ýogy 3 görnüşine duş gelinýär. Häzirki döwürde sanynyň ep-esli azalandygy sebäpli olary awlamak gadagan edilýär.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar