Tehnologiýa dünýäsi

15 Mart 2021
1764

Gar tozgajygynyň iň dury suraty

♦ Gar bölejikleriniň bir-birine meňzemeýändigi aýdylýar. Tebigaty söýüjiler köp ýyldan bäri gaýtalanmajak gözellik bolan gar tozgajygyny surata alýarlar. Bilermenler garyň iň kiçi bölejiklerini ýokary durulykda surata almak üçin 18 aý zähmet çekdiler. ABŞ-nyň Kaliforniýa tehnologiýa institutynda fizika ugrundan iş alyp barýan professor Kennet Libbreht we köp ýyllar «Microsoft» kompaniýasynda zähmet çeken Natan Mihrwold bu taslamany amala aşyrmak üçin dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Libbreht: «Gar bölejigi nähili emele gelýär, nähili görünýär?» diýen sowallaryň jogabyny gözländiklerini belleýär. Professor suwuň molekula gurluşynyň ýönekeýdigini, iki wodoroddan we bir kislorod atomyndan ybaratdygyny, şeýle-de howanyň ýylylygy 0 derejeden pese gaçan wagty molekulalaryň ýygjamlaşyp, doňmak hadysasynyň ýüze çykýandygyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, bulutdan emele gelýän gar bölejigi suw damjasyndan buz kristalyna öwrülýär. Suw molekulasynyň şekili gar bölejikleriniň altyburçluk bolmagyna sebäp bolýar. Asyl käri fotosuratçylyk bolan Natan Mihrwold paleontologiýa we astronomiýa ýaly ylymlar bilen meşgullanýar. Olar 2018-nji ýyldan bäri gar bölejiklerini surata almak üçin bilelikde işleýändiklerini aýdyp, bu işiň garaşylandan has çylşyrymly bolandygyny belleýärler. Islenilişi ýaly, suraty düşürmek üçin Alýaskanyň demirgazygyndaky Ferbanks, Kanadanyň Ýellounaýf we Timmins şäherlerine gidipdirler.

Amanmyrat BAÝMYRADOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar