Kiberhowpsuzlyk işi döwrebaplaşdyrylýar

5 Mart 2021
1407

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara ülňülere laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Kiberhowpsuzlyk maglumat ulgamlaryny, torlary we programmalary sanly hüjümlerden goramak bilen bagly düşünjedir. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda» Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeler talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda Sanly ulgam merkezinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar.

Azat ANNANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar