Türkmenistanda ýene bir tennis baýramçylygy!

11 Fewral 2021
1003

Ozal habar berlişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda Aşgabatda tennis boýunça halkara ýaryş — Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparlaýyn tapgyry geçiriler. Şeýlelikde, Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlyk baýramyny sport baýramy bilen garşylar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz bu halkara ýaryşy geçirmek bilen bagly Karara gol çekdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda ýurdumyzda geçiriljek halkara sport ýaryşlarynyň biriniň tennis bilen baglanyşykly bolmagy bizi diýseň begendirýär. Ozalky tejribelerimize daýanyp, bu gezekki ýaryşyň hem ýurdumyzda tennis sportuna höwesekleriň sanyny ep-esli artdyrjakdygyna uly ynam bildirýäris.

Eziz DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň baş kätibi.
Beýleki habarlar